perizadym
24.08.2022 03:25
Türkmenlerde bir ynam bar. Haýsydyr bir sebäbe görä, Allatagala bendesiniň eden telek işine gahar edip ýa-da ony haýsydyr bir bela-beterden goramak üçin ýa-da has çökder günä etmekden saklamak üçin, bendesiniň gazanç gapysynyň birini ýapsa, ryzk derwezesiniň kyrkysyny açarmyş diýilýär. Şol sebäpli-de Nejisligiň kanunyna gapma-garşylyk hökmünde hem-de deňagramlylyk ýörelgesini berjaý etmek üçin gowulygyň kanunlary barada-da pikirimizi aýtsak dogry bolarmyka diýýärin. Meniň pikirimçe, Gowulygyň kanunyny emele getirýän kadalar şu aşakdakylardan ybarat bolmagy mümkin: 1. Erjelligiň, zähmetsöýerligiň, başarnygyň, sabyrlylygyň hem-de päk niýetiň ýeňip geçmejek kynçylygy ýokdyr;
2. Ýoly ýörän ýeňer, islendik işem işläp tamamlap bolýar;
3. Eşretiň başy kösençden başlanýar, bagt bagyna barýan ýol hem betbagtlyk köprüsiniň üstünden geçýär;
4. Pähim-paýhasly çemeleşilende we sabyrly hereket edilende, köplenç erbetligiň ýüze çykmagyna getirýän ýaly bolup görünýän şert gowulygyň hamyrmaýasy bolup hyzmat edip bilýär;
5. Durmuşyň köp hadysalaryna gatyşanyňdan gatyşmanyň gowy. Köplenç özbaşyna hereket edýän hadysa has köp peýdaly bolýar;
6. Islendik işe başlananda, haýsy işi öň, haýsy işi soň ýerine ýetirmelidigi barada ýedi ölçäp bir kesmek köplenç oňyn netije berýär;
7. Her bir täze ýüze çykan meseläni çözmek adamy gowulyga tarap ýene-de bir ädim öňe süýşmäge mümkinçilik berýär.
Dünýä bolan ruhubelent garaýyş barada bir täsirli anekdot bar:
Iki sany adam, biri sussypes, beýlekisi ruhubelent, dagda barýarkalar, gaýadan aşaklygyna gaçypdyrlar.
Sussypes umytsyz gygyrýar:
-Waý gaçdym!
Ruhubelent begençli gygyrýar:
-Uçýan-n-n!!!...
9
94
abdy_dayy
24 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👏👏
wolf
24 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ideallider
24 Awgust 2022
Milaya_🌺, salam. Ok👍
perizadym
24 Awgust 2022
IDEALLIDER, Salam. Ýok. Eserlerden alnan.
ideallider
24 Awgust 2022
Özüň ýazdyňmy!?🙂👍
Relax
24 Awgust 2022
👍👏✨......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.