owrenmeli_officiall
12.09.2020 00:11

Albert Eýnşteýn-den öwrenmeli käbir maslahatlar.


C:UsersbegenchDesktopalbert-einstein-1933340__340.jpg


Albert Eýnşteýniň özi, aýdan jümleleri dünýäniň esasylaryndan. Çünki ol dünýäniň iň zehinli adamy diýlip kabul edilen. Bu sebäpli aýdan her sözi adamlara öwüt-ündew berýär. Makalamyzda ussadyň aýdan maslahat beriji sözlerinden maglumatlar toplanyldy.



  • Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gidiň.


“MENIŇ ÝÖRITE BIR ZEHINIM ÝOK, MEN DIŇE ÝOKARY BILESIGELIJI”.


Siziň bilesigeljiligiňizi näme özüne çekýär? Nämäni iň esasy bilesiňiz gelýär? Meniň bilesim gelýän esasy zat käbir adamlaryň başarjaň bolup, käbirleriniň başarjaňlygynyň pesligi.Bu sebäpli ýyllar boýy başarjaň bolmak üçin işledim. Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gitseňiz hökman başarjaň bolarsyňyz.



  • Tutanýerlilik gymmatly.


“ GATY ZEHINLI BOLANYMDAN DÄL, KYNÇYLYKLAR BILEN IŞLEŞMEKDEN ÝÜZ DÖNDÜRMEDIGIM ÜÇIN BAŞARÝARYN”.


Bir maksat tutup şol maksadyň soňuna çenli gitmäge sabryňyz barmy? Poçta möhürleri örän gymmatly hasaplanýar, çünki olar barmaly ýeriniň soňuna çenli hata ýapyşýar. Poçta möhüri ýaly boluň we başlan işiňizi dynmaga çalşyň.



  • Hyýaly güýçler güýç berer.


“HYÝALY GÜÝÇ HEMME ZATDYR. HYÝALY GÜÝÇ BILMEKDEN HAS ZERUR”.


Hyýaly güýçleriňiz gelejegiňizi kesgitlär.Eýnşteýne görä :” Zehiniň hakyky görkezmesi hyýaly güýçlerdir”.



  • Ýalňyşlyk ediň.


“HIÇ WAGT ÝALŇYŞMADYK ADAM TÄZE BIR ZADY DEŇEMEDIK DIÝMEKDIR”.


Ýalňyşmakdan gorkmaň.Eger bir işe başlamak isleseňiz çekinmäň, ýalňyşlar sizi has uly derejelere alyp gider. Başarjaň bolmak isleýän bolsaňyz ýalňyşmakdan gorkmaň.



  • Häzirki wagty ýaşaň.


“MEN HIÇ WAGT GELJEGI PIKIR ETMEDIM, NÄME BOLSA-DA GELJEKDIR”


Gelejegi taýýarlamagyň ýeke-täk ýoly, esasan häzirki wagt bolmagyňyz.Şu wagt düýni ýa-da ertiri üýtgedip bilmersiňiz. Zerur bolan esasy wagt HÄZIR.



  • Möhümlik (zerurlyk) dörediň.


“IŇ ESASY BAŞARJAŇ BOLMAK ÜÇIN DÄL-DE MÖHÜM BIRI BOLMAK ÜÇIN IŞLÄŇ”.


Wagtyňyzy başarjaň bolmak üçin harçlamaň, zerurlyk döretmäge çalşyň. Eger siz zerur biri bolsaňyz başarjaňlygyň özi size geler.



  • Üýtgeşik netijelere garaşmaň.


“DÄLILIK – ŞOL BIR ZADY GAÝTA-GAÝTA EDIP ÜÝTGEŞIK NETIJÄ GARAŞMAKDYR”.


Durmuşyňyzyň üýtgemegini isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňizi üýtgetmegiňiz gerek.



  • Bilmek deňemekden geler.


“BILMEK MAGLUMAT DÄLDIR, BILMEGIŇ ÝEKE-TÄK ÝOLY DEŇEMEKDIR”.


Bir mesele üstünde işläp bilersiňiz, emma bu size diňe teoretiki, pelsepe düşünjäni gazandyrar. Bir meseläni bilmek isleýän bolsaňyz ony deňäp görmelisiňiz.


Taýýarlan: Begenç Mälikgulyýew


 



Jemi 23,907 gezek okaldy, Şu gün 14 gezek okaldy



The post Albert Eýnşteýn-den öwrenmeli käbir maslahatlar. appeared first on Öwrenmeli.

7
54
owrenmeli_officiall
12.09.2020 00:11

Gulak agyrysy üçin öýüňizde edip boljak bejergi usullary.


C:UsersbegenchDesktop650x344-kulak-agrisi-nasil-gecer-ve-neden-olur-kulak-agrisi-ve-cinlamasi-icin-dogal-tedavi-yontemleri-1573745661299.jpg


Adamzadyň durmuşynda kelle, diş, garyn agyrylardan soňra köp gabat gelýän, gulak agyry bolup durýar. Gulak agyrysy kähalatda örän agyr bolýar, emma her wagt oňa garşy antibiýotikleri ýa-da bir derman serişdelerini ulanmak hökman däldir. Dünýäde soňky 5 ýylda gulak agyrylary has köp gabat gelýär we oňa garşy medisina işgärleri tarapyndan işler alnyp barylýar. Gulak agyrysy esasanda çagalarda köp duş gelýär. Bu sebäplerden “gulak agyrysy nähili bejeriler?” diýlen sorag yzygiderli soralyp durulýar. Bu makalamyzy gulak bejergisini alyp barýan lukmanlar tarapyndan maslahatlary öwrenmek maksady bilen taýýarladyk.


Gulak agyrylarynyň dürli görnüşleri gabat gelýär, ýagny gulak daşy, ortasy we gulak içinde agyrylar gabat gelýär. Ähli gulak agyrylary bakterial däldir. Şol sebäpli her birine ýörite ýazylan bejergi dermanlary (lukmanlaryň bejergi hökmünde ýazýan dermanlary) gerek bolmaýar. Gulak agyrylarynda öýüňizde edip biljek bejergileriňiz:


Ýöriteläp ýazylmadyk agyry kesijileri ulanyp bilersiňiz.


Acute otitis media (AOM)- ýiti orta gulak çişmesi ady berilen gulak infeksionu bilen kybapdaş agyryňyz bar bolsa size Ibuprofen we Asetaminofen ýaly dermanlary ulanmak maslahat berilýär. Dermany alanyňyzda özüňize görä nähili möçberde içmelidigini üns berip okaň. Bu dermanlar bedendäki gyzgyny hem peseldýär. Çagalar üçin lukmana ýüz tutmaly bolarsyňyz, ýagny çagalara nähili möçberde (dozada) içmelidigini soramak maksady bilen. Köp agyry kesijileriň çagalar we bäbekler üçin görnüşleri bardyr we ýene bir maglumat 16 ýaşdan kiçi bolan çagalara aspirin bermek bolmaýar.


Adaty bejergi.


Adamlar kähalatda diş agyrylarynda ýylylyk ýasdyklaryny we buzy kompres etmegi peýdalanýarlar. Edil şonuň ýaly bu usullar gulak agyrylarynda hem peýda berýär. Buzuň özüni goýmak howpludyr, ýagny gulaklaryňyz soguklap agyryňyzyň güýçlenmegine getirer. Bu usullar uly adamlar bilen birlikde çagalar üçin hem peýdalanylýar.


Çagalarda gulak agyrysy.


C:UsersbegenchDesktopБез названия (1).jpg


Uly adamlar bilen bilelikde çagalarda hem gulak agyrylary gabat gelýär. Agyry çagalarda has köp duş gelýär we agyry bilen bilelikde çagalarda gyzdyrma bolup geçýär. Gyzgyny ýokarlanmagy çagalarda agyrynyň ýokarlanmagyna we olaryň ukusyzlygyna getirýär.


Çagalarda gulak agyrylarynyň döredýän alamatlary:


– Gyzgynlygyň ýokarlanmagy;


– Ukusynyň doly alynmazlygy;


– Yzygiderli gulagyny elläp durmasy;


– Adaty halyndan has köp aglamasy;


– Işdä bozulmagy;


– Deňagramlylygyny ýitirmegi, ysgynsyzlyk.


Gulak agyrysy has ýiti bolan ýagdaýynda lukmana görünmek has dogrudyr. Maslahat berlen agyry kesiji dermanlar kän täsir etmedik ýagdaýynda ýyly ýasdyk we buz kompres etmek maslahat berilýär.


Iýmit üçin ulanylan zeýtun ýagy birnäçe kesellere, agyrylara garşy peýda berýänligi mälim. Gulak kanalyna zeýtun ýagynyň damjalary damdyrylanda gulak agyrysyny gowşadyp bilýän ukyp häzirki wagt ylmy taýdan düşündirilmeýär emma, bu işi alyp barýan hünärmenler gulaga 1-2 damja zeýtun ýagy damdyrmanyň peýdalydygyny belläp geçýärler.


Türkmençilikde bu agyra garşy esasy ulanylýan usul: Gulaga gök çyra tutmak.


Gulak-dan ýene bir adamlaryň kynçylyk çekýän tarapy gulak akmasydyr. Bu gulakdaky perdäniň deşilmeginde döräp bilýär. Gulak akma wagtynda siz hökmany suratda lukmana gitmek maslahat berilýär. Esasy ulanylýan dermany:sefrodet (uzak wagt saklanmaýanlygy sebäpli zawoddan öndürilmeýär, dermanhanalarda ýasalýar)


Belki-de siz bejerginiň başga görnüşlerini hem bilýärsiňiz. Häzirden em bolsun!


Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew


 



Jemi 18,012 gezek okaldy, Şu gün 10 gezek okaldy



The post Gulak agyrysy üçin öýüňizde edip boljak bejergi usullary. appeared first on Öwrenmeli.

0
40
owrenmeli_officiall
12.09.2020 00:11

C:UsersbegenchDesktopБез названия (1).jpg


Gysga we uzak wagt aňy güýçlendirmegiň has aňsat usuly bar; bu usul öwrenijilere, Alzheimer hassalara (huşuny ýitirýän adamlara) hem peýda berýär.


Täze bir maglumat öwrenmäge çalyşýan wagtymyz köpümiz has köp işmelidir öýdýäris. Bu ýagdaýda asyl gerekli zat, gysga wagt hiç zat etmezlikdir. Bir zady öwrenip tiz ýatdan çykarýan bolsaňyz, şol öwrenmeli maglumatyňyzy öwrenip 10-15 minut kelläňize dynç berseňiz has gowy ýatda saklap biljekdigiňizi görersiňiz. Şeýle ýagdaýda beýnä düzüwli dynç bermek üçin, beýnä agram salmajak işleri etmek gerekdir. Ýagny E-poçtalara, telefonlara, internete seretmän,ýagny hiç zat etmän, esasy öwrenilen maglumat aňda oýlanyp beýni rahatlanmaly…


Bu usul diňe öwrenijiler üçin däl, aňy ýitýänler üçin hem maslahat berilýär. Edilen barlaglar netijesinde bu usuly ulanmak öwrenme we ýatda saklama ukybynyň ýokarlanýandygyny görkezdi. Beýniniň kän işlemän rahatlanma ýoly bilen adam aňynyň güýçlenip biljekdigini ilkinji bolup 1900-nji ýyllarda german lukmany Georg Elias Muller tarapyndan aýdyldy. Onuň eden tejribeleriniň birinde,lukman bir topary ikä bölüp hersine öwrenmäge maglumat berýär we öwrenilenden soňra bir topara yz-ýany beýleki topara bolsa 6 minutdan soňra täze maglumat beripdir. 1,5 sagat soňra test alnanda, 6 minut soň maglumat berlenleriň 50%-niň, ara wagt salman maglumat berlenleriň 28%-niñ maglumaty öwrenendigi görüldi. Bu tejribe bir zat öwrenenimizden soňra beýniniň ýadaýandygyny we şol bada täze maglumat öwrenmäge çalyşmagymyzyň peýdasyzdygyny görkezýär.


C:UsersbegenchDesktopБез названия (2).jpg


2000-nji ýyla çenli bu tejribä kän üns berilmedi. Tä Edinburg uniwersitedinden Sergio Della Sala bilen Missouri uniwersitetinden Nelson Cowan bilelikde esasy gözlegleri geçirýänçäler…


Rahatlanmagyň zerurlygy.


Bu iki alym newrologik zyýan çekýän adamlarda beýni rahatlanma usuly bilen ýady güýçlendirmegiň örän mümkindigini aýdyp geçýärler. Olar öz barlaglarynda tejribe edilýän adamlara (akyl taýdan hassa adamlar) 15 sözden ybarat bir sahypa berýärler, 10 minut soňra test geçirýärler. Netijede belli bolandan soňra, täzeden tejribe geçirip adamlary biraz garaňky jaýda ukladyp soňra testalýarlar. Netijede hassalaryň sözleri ýat tutup bilijilik ukyby 14%-den 49% ýokarlanýar


.


Soňra alymlar hassalara bir hekaýa aýdyp berip, ony birnäçe wagt soň diňläp görýärler. Diňlemek ukyby pes adamlar hekaýanyň 7%-ni,diňläp bilýänler bolsa 79% gaýtadan gürrüň bermegi başarypdyrlar. Barlaglar netijesinde diňlemek bilen adamyň ýadynyň has güýçlenýändigi anyklanyldy.Bu diýmek- biz ünsli diňlemek bilen maglumaty aňsatlyk bilen öwrenip bileris.


Beýnide ýat nädip döreýär?


Maglumat öwrenilip ilki bilen beýnä salnanda, uzak wagt ýada salma mehanizmden geçmegi gerekli. Öňki wagtlar bu mesele adamyň ukusy wagtynda bolýandygy güman edilipdir, emma bu nädogry.Maglumat beýnä salnanda beýnide hipokampus (adamyň ýadyna salmada beýnidäki esasy ýer) we korteks (beýnidäki çal madda) arasynda arabaglanyşyk güýçlenýär, soňra ýada salmany gurnaýjy täze nerwi baglanyşyklary döreýär.


Belkide ýatmazymyzdan öň öwrenen zatlarymyzyň turanymyzdan soňra has gowy ýadymyza salmagymyzyň sebäbi hem budur.


Tejribelerden has soňra 2010 ýylda New Ýork uniwersitetinde edilen barlaglar netijesinde, bu ýagdaýyň diňe uky bilen çäklenmeýändigi, oýa wagtymyz diňlemekde hem bu ýagdaýa meňzeş nerwi baglanyşyklarynyň döreýändigi bilindi.


Öwrenmek prosesi üçin hünärmenler hiç hili ünsi özüne çekýän zatlar bolmazdan adamyň günde oýa ýagdaýda 10-15 minut düzüw şekilde beýnä rahatlyk bermesi, täze maglumatlary has gowy öwrenip we ýatda saklap boljakdygyny we rahatlanma prosesiniñ öwrenme pursadynda ähli kişä peýda getirjekdigini belleýärler.


Has gowy ýadyňyzy güýçlendirmek üçin:



  • Özüňizi synag ediň. Öwrenen maglumatyňyzy ýatda saklamak üçin özüňizde barlag etmek passiw ýagdaýda yzygiderli okamakdan has peýdaly.

  • Işleriňizi gaýtalap duruň. Bugun öwrenen bir maglumatyňyzy birnäçe hepde soňra ýatdan çykarmazlyk üçin olary gaýtalap duruň.

  • Öwrenýän wagtyňyz öwrenýän maglumatyñyzy öz-özüňize aýdyň, ýagny öwrenýän maglumatyňyzy birnäçe gezek daşyňyzdan gürläp özüňiz diňläň.

  • Üýtgedip duruň. Käwagt şol bir zady öwrenmek ýadadyp biler we öwrenmäge bolan höwesi gaçyrar. Şol sebäpli öwrenilýän maglumaty üýtgedip durmak size beýnidäki ýadyňyzy güýçlendirmäge kömek berer.


Alnan çeşme: www.bbc.com


Taýýarlan: Begenç Mälikgulyýew


 



Jemi 40,005 gezek okaldy, Şu gün 16 gezek okaldy



The post Köp işlemän aňy güýçlendirmegiň usuly. appeared first on Öwrenmeli.

4
29
owrenmeli_officiall
25.08.2020 12:25
Konkurs tamamlandy, gazananlar belli boldy!
0
1
871
owrenmeli_officiall
22.08.2020 08:59
Baýrak nähili gazanmaly?


0
3
12 608
owrenmeli_officiall
21.08.2020 11:37
Bije paýlandy. (bu bijäniň sponsory Älem Sesi)
Gazanan agzalar aşakdakylar:
0
2
262
owrenmeli_officiall
31.07.2020 02:07
Russiýadan koronawirus sanjymynda möhüm habarlar geldi, bu ýerde ýurtlar ilkinji bolup bäsleşdi. Yurt bu sanjymyň awgust aýynyň ortalarynda tassyklanjakdygyny we saglyk işgärlerinde ulanyljakdygyny aýtdy.

Dünýäde ýüzlerçe topar koronawirus pandemiýasy sebäpli COVID-19 sanjymynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Käbir ýurtlar sanjymlary ösdürmekde adamlaşdyrylan synaglary geçirip başlasa-da, ýakyn wagtda Russiýadan möhüm ädimiň boljakdygy aýdylýar. CNN habarlaryna görä, Russiýa ýakyn 2 hepdede koronawirus sanjymyny tassyklar. Koronawirus sanjymyny tassyklan ilkinji ýurt bolmagyna garaşylýan Russiýanyň 10-njy awgusta ýa-da ondan ozal şeýle etmegine garaşylýar.

CNN-iň beýanyna görä, ilkinji ädimde köpçüligiň ulanmagy üçin tassyklanjak sanjym, esasanam wirusyň merkezinde durýan saglyk işgärlerine ulanylar.


"Bu Sputnik pursady"

Russiýada sanjym çärelerini maliýeleşdiren Russiýanyň baýlyk gaznasynyň prezidenti Kirill Dimitriýew sanjymyň tassyklanmagy üçin "Bu Sputnik pursady" sözüni ulandy. Sputnik, Russiýanyň 1957-nji ýylda kosmosa uçran ilkinji hemrasynyň adydy. “Amerikalylar Sputnikiň signallaryny ilkinji gezek eşidenlerinde, haýran galdylar. Sanjym bilen deň. Russiýa üstünlik gazanan ilkinji ýurt bolar "-diýip, Dimitriýew sanjymyň ösüşi bilen baglanyşykly köp soraga jogap bermedi.

Russiýadan oňyn beýanatlar bar bolsa-da, ýurduň waksina ösüşi barada ylmy maglumatlary bermeýändigi mälim. Waksina howpsuzlygy we netijeliligi barada takyk maglumat ýok bolsa-da, bu beýannamanyň Russiýanyň ylmy güýjüni görkezmek isleýän Kremliň syýasy basyşy netijesinde edilendigi öňe sürülýär. Bu pursatda iň möhüm mesele sanjymyň entek gutarmandygy baradaky talapdy.

Russiýada sanjym henizem 2-nji tapgyrynda

Käbir ýurtlarda işlenip düzülen käbir sanjymlar 3-nji tapgyra geçmegi başaran hem bolsa, Russiýada sanjym henizem ikinji tapgyryny dowam etdirýär. 2-nji tapgyra 3-nji awgustda tamamlanmagy meýilleşdirilse-de, 3-nji tapgyra synaglar derrew başlar we bu synaglar saglygy goraýyş işgärlerinde ulanylar.

ABŞ-nyň käbir alymlary sanjymyň çalt taýýarlanmagynyň sebäbiniň başga bir kesele garşy göreşmek üçin öndürilen sanjymyň başga bir görnüşidigini aýdýarlar. Russiýa waksina meselesine nähili çemeleşýär? Pikirleriňizi teswirler bölüminde biziň bilen paýlaşyp bilersiňiz.


0

Bu habar seniň üçin gyzyklymy?

12
9 279
owrenmeli_officiall
30.07.2020 07:31
Durmuş birmeňzeş, diňe owadan seredenler lezzet alyp bilerler. Bu ýeke-täk tapawut ... Görýän we lezzet alýan günümiz bolsun .. Ertirňiz haýyrly bolsun!
0
52
4 318
owrenmeli_officiall
27.07.2020 22:36
ABŞ-da ýerleşýän gözleg we tehnologiýa ägirdi “Google” koronawirus wirusy sebäpli öýde işlemek düzgünini uzaltdy. Kompaniýa öz beýanynda öýde işlemegiň düzgüniniň 2021-nji ýylyň iýulyna çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Şu ýylyň başynda ýüze çykan koronawirus epidemiýasy gündelik durmuşa ýaramaz täsir edip, işewür dünýäsinde üýtgeşmelere sebäp boldy. Bu üýtgeşmeleriň biri öýden işe başlamakdy.

Dünýädäki köp sanly kompaniýa, şol sanda tehnologiýa dünýäsindäki kompaniýalar hem işgärlerini öýlerine iberip, öýlerinden işe geçdiler. Şeýle-de bolsa, bu wirusyň bejergisiniň ýokdugy wirusyň günsaýyn köpelýän ýurtlarda kompaniýalara sebäp bolýan ýaly.

Google iş wagtyny öýden indiki ýyla çenli uzaldýar


ABŞ-da ýerleşýän gözleg giganty “The Street” -iň habaryna görä, öýde işlemek kararyny geljek ýylyň iýulyna çenli uzaltmak kararyna geldi. Tehnologiýa dünýäsindäki iň uly kompaniýalaryň biri bolan Google-da 200 müňden gowrak işgäri bar.

“Google” öýde işlemek düzgünini uzaldýan ýeke-täk kompaniýa däl. Dünýäniň iň baý adamy “Amazon” -yň baş direktory we esaslandyryjysy Jeff Bezos öýde işlemek düzgünini azyndan 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli uzaltdy. Şeýle hem, kompaniýa ýylyň ahyryna çenli zerur däl iş syýahatyny çäklendirmegi meýilleşdirýär.


Maý aýynda bildirişde, Microsoft öz işgärlerine öýden oktýabr aýyna çenli işlemek mümkinçiligini hödürledi, käbir kompaniýalar bolsa gaty uzyn wariantlary teklip etdiler. Twitter şu ýylyň başynda yglan edip, işgärleriniň isleseler "öýden işlemegini" dowam etdirip biljekdigini habar berdi. Beýleki bir sosial media ägirdi “Facebook” işgärleriniň 50% -iniň ýakyn 5-10 ýyl üçin uzakdan işläp biljekdigini habar berdi.

Beýleki tarapdan, “Apple” ýylyň ahyryna çenli ABŞ-daky ofislerinde gaýdyp gelmejekdigini habar berdi. ABŞ häzirki wagtda dünýäde epidemiýanyň iň köp täsir eden ýurdy. Jemi 16 million hadysanyň 4-den 1-si ABŞ-da. Jemi 649 müň adamdan altysy ABŞ-da boldy.

Möhüm bolmadyk ýagdaýda öýden çykma we maska dakyn.

0
7
6 718
owrenmeli_officiall
25.07.2020 21:00
Alymlar Covid-19-a garşy täze bejeriş taslamasyny taýýarlaýarlar. Taslamanyň fonunda, wirusyň bedenimiz üçin näme üçin howplydygy ýüze çykaryldy. Wirus uzak wagtlap immunitet ulgamyndan gizlenip bilýär.

Soňky aýlarda dünýäde iň möhüm gün tertibi täze koronawirus boldy. Planetamyzyň ähli ýerlerini diýen ýaly öz içine alýan pandemiýa, köp ýurtda komendant sagadyna we täze adaty diýlip atlandyrylýan çärelere başlady.

Beýleki tarapdan, alymlar keseliň ýaýramagynyň öňüni almak, täsirli bejergi we sanjym tapmak üçin göreşmegi dowam etdirýärler. Bu maksat bilen geçirilen gözleglerde örän möhüm açyş edildi: wirusyň beýle howply bolmagynyň sebäbi ýüze çykdy.

Wirus immunitet ulgamyndan özüni gizläp bilyar


Patogen bedenimize girende, bedenimiz oňa reaksiýa berýär we immunitetimiz bu keseki maddalary ýok etmäge synanyşýar. Islendik wirusa, bakteriýalara ýa-da mikroorganizmlere gezek gelende, bedenimiziň tebigy täsiri. Şol bir proses Covid-19 bilen işleýär we immunitetiňiz näçe gowy bolsa, bu keselden gutulyp bilersiňiz.

Immunitet ulgamyňyz haýal bolsa, wirus öýjükleri ele alyp, özüni göçürip biler. Netijede kesel hasam erbetleşip biler. Başga bir tarapdan, immunitetimiz aşa täsir etse, gowulykdan has köp zyýany görýäris we bu amal hatda ölüme hem sebäp bolup biler.

Tehas uniwersitetiniň Ylym merkeziniň gözlegçileri SARS-CoV-2-iň näme üçin beýle howply bolup biljekdiginiň düşündirişini tapyp bilerler. Wirus öýjüklere girensoň, özüni gizlemegiň usulyny tapana meňzeýär. Bu waka hemişe bolup geçmeýän hem bolsa, munuň näme üçin ölüm howplydygyny we käbir hadysalaryň has agyrdygyny düşündirip biler.

Wirus RNK adynyň ýerini alýar


Alymlar wirusyň nsp16 fermentini ulanyp, RNK adyny üýtgedendigini ýüze çykardylar. Birnäçe ýyl bäri jedel edilýän wirus adyny üýtgedýär we öýjükdäki RNK göçürmek prosesini ele alýar we özüni göçürip başlaýar. Immun ulgamymyz, beýleki tarapdan, bu amalda tapyp biljek ähli kesel öýjüklerini ýok edýär.

Gözlegçiler wirusyň bu täze fermenti ulanyp, haýsydyr bir kamuflaj alandyklaryny mälim etseler-de, wirusyň RNK adynyň üýtgemegi sebäpli natanyş gurluşydygy bellenilmeýär. Bu açyş bilen nsp16 fermenti nyşana alnyp bilner we şeýlelik bilen Covid-19-a has çalt goşulyp bolar.


Çeşme: https://bgr.com/2020/07/25/coronavirus-treatment-antivirals-drugs-nsp16-enzyme-camouflage/



0
12
12 203