owrenmeli_officiall
12.09.2020 00:11

Gulak agyrysy üçin öýüňizde edip boljak bejergi usullary.


C:UsersbegenchDesktop650x344-kulak-agrisi-nasil-gecer-ve-neden-olur-kulak-agrisi-ve-cinlamasi-icin-dogal-tedavi-yontemleri-1573745661299.jpg


Adamzadyň durmuşynda kelle, diş, garyn agyrylardan soňra köp gabat gelýän, gulak agyry bolup durýar. Gulak agyrysy kähalatda örän agyr bolýar, emma her wagt oňa garşy antibiýotikleri ýa-da bir derman serişdelerini ulanmak hökman däldir. Dünýäde soňky 5 ýylda gulak agyrylary has köp gabat gelýär we oňa garşy medisina işgärleri tarapyndan işler alnyp barylýar. Gulak agyrysy esasanda çagalarda köp duş gelýär. Bu sebäplerden “gulak agyrysy nähili bejeriler?” diýlen sorag yzygiderli soralyp durulýar. Bu makalamyzy gulak bejergisini alyp barýan lukmanlar tarapyndan maslahatlary öwrenmek maksady bilen taýýarladyk.


Gulak agyrylarynyň dürli görnüşleri gabat gelýär, ýagny gulak daşy, ortasy we gulak içinde agyrylar gabat gelýär. Ähli gulak agyrylary bakterial däldir. Şol sebäpli her birine ýörite ýazylan bejergi dermanlary (lukmanlaryň bejergi hökmünde ýazýan dermanlary) gerek bolmaýar. Gulak agyrylarynda öýüňizde edip biljek bejergileriňiz:


Ýöriteläp ýazylmadyk agyry kesijileri ulanyp bilersiňiz.


Acute otitis media (AOM)- ýiti orta gulak çişmesi ady berilen gulak infeksionu bilen kybapdaş agyryňyz bar bolsa size Ibuprofen we Asetaminofen ýaly dermanlary ulanmak maslahat berilýär. Dermany alanyňyzda özüňize görä nähili möçberde içmelidigini üns berip okaň. Bu dermanlar bedendäki gyzgyny hem peseldýär. Çagalar üçin lukmana ýüz tutmaly bolarsyňyz, ýagny çagalara nähili möçberde (dozada) içmelidigini soramak maksady bilen. Köp agyry kesijileriň çagalar we bäbekler üçin görnüşleri bardyr we ýene bir maglumat 16 ýaşdan kiçi bolan çagalara aspirin bermek bolmaýar.


Adaty bejergi.


Adamlar kähalatda diş agyrylarynda ýylylyk ýasdyklaryny we buzy kompres etmegi peýdalanýarlar. Edil şonuň ýaly bu usullar gulak agyrylarynda hem peýda berýär. Buzuň özüni goýmak howpludyr, ýagny gulaklaryňyz soguklap agyryňyzyň güýçlenmegine getirer. Bu usullar uly adamlar bilen birlikde çagalar üçin hem peýdalanylýar.


Çagalarda gulak agyrysy.


C:UsersbegenchDesktopБез названия (1).jpg


Uly adamlar bilen bilelikde çagalarda hem gulak agyrylary gabat gelýär. Agyry çagalarda has köp duş gelýär we agyry bilen bilelikde çagalarda gyzdyrma bolup geçýär. Gyzgyny ýokarlanmagy çagalarda agyrynyň ýokarlanmagyna we olaryň ukusyzlygyna getirýär.


Çagalarda gulak agyrylarynyň döredýän alamatlary:


– Gyzgynlygyň ýokarlanmagy;


– Ukusynyň doly alynmazlygy;


– Yzygiderli gulagyny elläp durmasy;


– Adaty halyndan has köp aglamasy;


– Işdä bozulmagy;


– Deňagramlylygyny ýitirmegi, ysgynsyzlyk.


Gulak agyrysy has ýiti bolan ýagdaýynda lukmana görünmek has dogrudyr. Maslahat berlen agyry kesiji dermanlar kän täsir etmedik ýagdaýynda ýyly ýasdyk we buz kompres etmek maslahat berilýär.


Iýmit üçin ulanylan zeýtun ýagy birnäçe kesellere, agyrylara garşy peýda berýänligi mälim. Gulak kanalyna zeýtun ýagynyň damjalary damdyrylanda gulak agyrysyny gowşadyp bilýän ukyp häzirki wagt ylmy taýdan düşündirilmeýär emma, bu işi alyp barýan hünärmenler gulaga 1-2 damja zeýtun ýagy damdyrmanyň peýdalydygyny belläp geçýärler.


Türkmençilikde bu agyra garşy esasy ulanylýan usul: Gulaga gök çyra tutmak.


Gulak-dan ýene bir adamlaryň kynçylyk çekýän tarapy gulak akmasydyr. Bu gulakdaky perdäniň deşilmeginde döräp bilýär. Gulak akma wagtynda siz hökmany suratda lukmana gitmek maslahat berilýär. Esasy ulanylýan dermany:sefrodet (uzak wagt saklanmaýanlygy sebäpli zawoddan öndürilmeýär, dermanhanalarda ýasalýar)


Belki-de siz bejerginiň başga görnüşlerini hem bilýärsiňiz. Häzirden em bolsun!


Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew


 



Jemi 18,012 gezek okaldy, Şu gün 10 gezek okaldy



The post Gulak agyrysy üçin öýüňizde edip boljak bejergi usullary. appeared first on Öwrenmeli.

0
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.