owrenmeli_officiall
12.09.2020 00:11

C:UsersbegenchDesktopБез названия (1).jpg


Gysga we uzak wagt aňy güýçlendirmegiň has aňsat usuly bar; bu usul öwrenijilere, Alzheimer hassalara (huşuny ýitirýän adamlara) hem peýda berýär.


Täze bir maglumat öwrenmäge çalyşýan wagtymyz köpümiz has köp işmelidir öýdýäris. Bu ýagdaýda asyl gerekli zat, gysga wagt hiç zat etmezlikdir. Bir zady öwrenip tiz ýatdan çykarýan bolsaňyz, şol öwrenmeli maglumatyňyzy öwrenip 10-15 minut kelläňize dynç berseňiz has gowy ýatda saklap biljekdigiňizi görersiňiz. Şeýle ýagdaýda beýnä düzüwli dynç bermek üçin, beýnä agram salmajak işleri etmek gerekdir. Ýagny E-poçtalara, telefonlara, internete seretmän,ýagny hiç zat etmän, esasy öwrenilen maglumat aňda oýlanyp beýni rahatlanmaly…


Bu usul diňe öwrenijiler üçin däl, aňy ýitýänler üçin hem maslahat berilýär. Edilen barlaglar netijesinde bu usuly ulanmak öwrenme we ýatda saklama ukybynyň ýokarlanýandygyny görkezdi. Beýniniň kän işlemän rahatlanma ýoly bilen adam aňynyň güýçlenip biljekdigini ilkinji bolup 1900-nji ýyllarda german lukmany Georg Elias Muller tarapyndan aýdyldy. Onuň eden tejribeleriniň birinde,lukman bir topary ikä bölüp hersine öwrenmäge maglumat berýär we öwrenilenden soňra bir topara yz-ýany beýleki topara bolsa 6 minutdan soňra täze maglumat beripdir. 1,5 sagat soňra test alnanda, 6 minut soň maglumat berlenleriň 50%-niň, ara wagt salman maglumat berlenleriň 28%-niñ maglumaty öwrenendigi görüldi. Bu tejribe bir zat öwrenenimizden soňra beýniniň ýadaýandygyny we şol bada täze maglumat öwrenmäge çalyşmagymyzyň peýdasyzdygyny görkezýär.


C:UsersbegenchDesktopБез названия (2).jpg


2000-nji ýyla çenli bu tejribä kän üns berilmedi. Tä Edinburg uniwersitedinden Sergio Della Sala bilen Missouri uniwersitetinden Nelson Cowan bilelikde esasy gözlegleri geçirýänçäler…


Rahatlanmagyň zerurlygy.


Bu iki alym newrologik zyýan çekýän adamlarda beýni rahatlanma usuly bilen ýady güýçlendirmegiň örän mümkindigini aýdyp geçýärler. Olar öz barlaglarynda tejribe edilýän adamlara (akyl taýdan hassa adamlar) 15 sözden ybarat bir sahypa berýärler, 10 minut soňra test geçirýärler. Netijede belli bolandan soňra, täzeden tejribe geçirip adamlary biraz garaňky jaýda ukladyp soňra testalýarlar. Netijede hassalaryň sözleri ýat tutup bilijilik ukyby 14%-den 49% ýokarlanýar


.


Soňra alymlar hassalara bir hekaýa aýdyp berip, ony birnäçe wagt soň diňläp görýärler. Diňlemek ukyby pes adamlar hekaýanyň 7%-ni,diňläp bilýänler bolsa 79% gaýtadan gürrüň bermegi başarypdyrlar. Barlaglar netijesinde diňlemek bilen adamyň ýadynyň has güýçlenýändigi anyklanyldy.Bu diýmek- biz ünsli diňlemek bilen maglumaty aňsatlyk bilen öwrenip bileris.


Beýnide ýat nädip döreýär?


Maglumat öwrenilip ilki bilen beýnä salnanda, uzak wagt ýada salma mehanizmden geçmegi gerekli. Öňki wagtlar bu mesele adamyň ukusy wagtynda bolýandygy güman edilipdir, emma bu nädogry.Maglumat beýnä salnanda beýnide hipokampus (adamyň ýadyna salmada beýnidäki esasy ýer) we korteks (beýnidäki çal madda) arasynda arabaglanyşyk güýçlenýär, soňra ýada salmany gurnaýjy täze nerwi baglanyşyklary döreýär.


Belkide ýatmazymyzdan öň öwrenen zatlarymyzyň turanymyzdan soňra has gowy ýadymyza salmagymyzyň sebäbi hem budur.


Tejribelerden has soňra 2010 ýylda New Ýork uniwersitetinde edilen barlaglar netijesinde, bu ýagdaýyň diňe uky bilen çäklenmeýändigi, oýa wagtymyz diňlemekde hem bu ýagdaýa meňzeş nerwi baglanyşyklarynyň döreýändigi bilindi.


Öwrenmek prosesi üçin hünärmenler hiç hili ünsi özüne çekýän zatlar bolmazdan adamyň günde oýa ýagdaýda 10-15 minut düzüw şekilde beýnä rahatlyk bermesi, täze maglumatlary has gowy öwrenip we ýatda saklap boljakdygyny we rahatlanma prosesiniñ öwrenme pursadynda ähli kişä peýda getirjekdigini belleýärler.


Has gowy ýadyňyzy güýçlendirmek üçin:



Alnan çeşme: www.bbc.com


Taýýarlan: Begenç Mälikgulyýew


 



Jemi 40,005 gezek okaldy, Şu gün 16 gezek okaldy



The post Köp işlemän aňy güýçlendirmegiň usuly. appeared first on Öwrenmeli.

4
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.