owrenmeli_officiall
18.11.2019 23:22
Ejem jaň etdi:
 - Gel çalt öýe doganyň pula bogulýar
Menem baýadyk diýip begenip bardym, görsem doganym 10 teňňe ýuwudypdyr
0
96
6 267
owrenmeli_officiall
18.11.2019 18:09
B - Aýalyňyz bilen gaýyn eneňiz deňize gaçsa  haýsyny halas edersiňiz?
M - Balyklary.
0
63
5 193
owrenmeli_officiall
30.10.2019 11:58
Dünýä ýüzündäki ähli ynsanlaryň atalarynyň, mundan 200.000 ýyl öň bu gün Bostwana ady bilen tanalan zolakda ýaşandygy orta çykdy. Käbir bolsa bu tapylanlara şüphe bilen garaýarlar.

Bilim ynsanlary, biziň bilýän şeklimizde modern ynsanyň soňky 200.000 ýyl dünýä ýüzünde gezýandigini pikir edýär. Ylmy barlagçylaryň gaty uly bölegine görä hem 200müň ýyl öňki atalarymyz Afrıkada ýaşaýardy. Beýleki tarapdan barlagçylaryň üstünde düşünşmeýän ýeri, Homo Sapiensiň Afrikada ilkinji bolup haýsy zolakda orta çykandygydy. Täze bir barlaga görä ynsanlaryň ilkinji orta çykan ýeri şu günki Bostwanada ýerleşýän bir ýer.


Nature sergisinde çap edilen makala görä ynsan görnüşiniň atalaryny tapmak üçin mitokondrial DNA-lar barlag edildi. Bu DNA-daky genetika maglumatlar, aýal kişileriň üsti bilen geçýär. Barlaglarda 1.200 kişiniň genetika maglumatlaryny ulanan barlagçylar, Zambezi Nehriniň gündogarynda galan suwly topraklary ilkinji ynsanlaryň çykan ýeri bolup belledi.

Ilkinji ene ýurt, häzirki günde göller we tokaýlar bilen örtülen:

Bilim ynsanlary, Dünýä ýüzündäki herkimiň ilkinji ene ýurduny tapdy.

Barlagyň baş redaktory Wanessa Hayes, konferensiýada bü gün ýer ýüzündäki her kimiň mitokondrial DNA-syny yzarlap  barlag edilse bu ynsanlaryň ene ýurdyna gowşup boljakdygyny aýtdy. Geçirilen barlaglar, başda Khosian sebiti bolup Afrikanyň has gündogar taraplarynda dogan ynsanlary içine alýar. Ene üsti bilen geçen mtDNA umuman ynsanlaryň geçmişe tarap yzyny yzarlap bolýarka nesiller garyşmasyn diýip ulanylýar.

Barlagçylardan Ewa Chan, L topary gen diýlip atlandyrylan gen toparyndaky bu gurluşyň barlagyny iň uly edilen iş şekilinde belledi. Makgadikgadi-Okawango Delta sebitinde ýerleşen bu ilkinji ene ýurt, häzirki günümizde göller we bag bakja bilen gurşalan ýagdaýda.


Täze teoriýa, ynsanlaryň aýry sebitlerde şol bir wagtda orta çykmandygyny, Afrikada dogup has soňra dünýä ýüzüne ýaýrandygy hem makullanýar. Ýazyjylara görä bu ene ýurtdan çykan iki göç goly, bu gün ynsanlygyň ýoluny açdy we wagtyň geçmegi bilen dünýäniň her ýerine ýaýrady.

Çeşme: https://www.businessinsider.com/origin-of-modern-humans-botswana-africa-2019-10



0
33
2 870
owrenmeli_officiall
28.10.2019 21:50
Takmynan 2 ýyl 2 aý howada bolan X-37B atly uçar soňynda ýere gondy. ABŞ Howa güýçlerine degişli bolan gizli kosmos uçary 2 ýyldan gowrak wagt bolan wezipesini tamamlady. Dünýä yza dolanan uçara degişli bir näçe maglumat häzir hem gizlinligini goraýar.

X-37B atly kosmos uçary, 2 ýyldan uzyn wagt dowam eden wezipesiniň yz ýanyndan Dünýämize dolanyp geldi. Kosmosdaky wezipelileriň gizlin saklanan käbir maglumatlary paýlaşyldy. Bu uçara degişli iki maksatlary bolandygyny bellän Howa güýçleri bu maksatlardan biriniň Amerikanyň kosmosdaky geljegi üçin gaýtadan ulanyp boljak tehnologiýalar döretmek bolandygyny aýtdy. Beýlekisi bolsa kosmosdan alynan nusgalar bilen Dünýäde käbir barlaglary geçirmek.
ABŞ mundan öň hem Kosmos Kapitanlygy bilen ünsi çekipdi. Kosmos tehnologiýalaryna agyrlyk beren Pentagon, munyň üçin täze Kapitanlygy orta çykardy. Häzir ortada bir kosmos güýji proýekti bar. Bu proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin ABŞ gurultaýyndan gerekli bolan kabula garaşylýar.
0
35
3 947
owrenmeli_officiall
27.10.2019 18:15
Hong Kongly bir maşgala, ABŞ-daky Pensilwaniýa Uniwersitetini tamamlan ogullaryna sowgat hökmünde bir miras goýup gitdi. 24 ýaşyndaky Eric Tse, maşgalasynyň 3,38 milýart dollarlyk paýyny alyp dünýäniň iň baý 550 kişini arasyna girdi.

Hong Konglybir maşgalanyň çagasy bolan Eric Tse, diňe bir günde milýarder boldy. 24 ýaşyndaky Eric, ABŞ-daky Pensilwaniýa Uniwersitetinden uçurym boldy we maşgalasy tarapyndan Sino Biopharmaceutical şereketiniň 3,38 milýart dollarlyk paýyny sowgat etdiler. 

Şereket tarapyndan Sişenbe günindäki duýduryşynda, paýyň bäşde biriniň garşylyksyz şekilde Eric Tse-e geçirildini açyklady. Bu sowgat bilen bilelikde milýarder bolan Eric. ABŞ prezidenti Donald Trump, meşhur režisýor Stewen Spielberg we Starbucksyň gurujysy Howard Schultz-y geçip dünýäniň iň baý 550 kişiniň arasyna adyny ýazdyrdy.


"Baýyň maly, garybyň agzyny ýadadar" diýip ýöne ýere aýdylmandyr :) Bizede daşyndan gürrüni etmek galýar. 
0
30
3 310
owrenmeli_officiall
20.10.2019 02:10
Gowy ynsan bol! Ýöne muny subut etmek üçin wagt sarp etme!
0
86
1 504
owrenmeli_officiall
20.10.2019 02:08
3 sany zat yzyna gelmez:

  1. Wagt
  2. Ynam
  3. Agyzdan çykan söz
0
71
1 301
owrenmeli_officiall
20.10.2019 02:06
3 sany iň howply bolan zat:
  1. Akylly ynsanlaryň duýgusyz boluşy.
  2. Duýguly ynsanlaryň täsirsiz boluşy.
  3. Täsirli bolan ynsanlaryň akylsyz boluşy.
0
51
1 735
owrenmeli_officiall
13.10.2019 22:22
Hytaý, geçen günlerde dikuçar daşynda başga bir zada meňzeýän söweşjeň dikuçaryny dünýä tanatdy. Hytaýyň ösen tehnologýasynyň soňky durmuşa geçiren nokatlaryndan biri bolan bilim fantastik filmlerinden çykan bu dikuçaryň ilkinji uçuşyny 2020-nji ýylda başlatjakdygyny belledi.

Hytaý goşunynyň wajyp atlary Anna güni beýan eden açyklamasynda täze howa ulagynyň barlag bolandygyny we ýakyn wagtlarda aktiw bolup ulanyşa başlamaýandygyny belledi. Emma munuň ýanynda täze howa ulagynyň, Hytaýyň geljekde çykarjak dikuçarlarynyň tehnologiýa özgerişine peýda berýändigini hem açyklady.


Biraz üýtgeşik bir görnüşe eýe bolan bu ulagyň ady "Super Great Shark" diýip atlandyrylypdyr. Ulag, bu gün tamamlanan Hytaý Dikuçar Sergisinde görkezildi. Hytaýyň görkezen prototip, 7.6 metr uzynlyga we 2.85 metr giňişlige eýe. Ulagyň matory öz içinde bolýar. Kokpit bolsa ulagyň orta ýerinde durýar.

0
55
3 398
owrenmeli_officiall
09.10.2019 15:06
Nasanyň Marsda uzyn wagtlap dowan eden barlaglaryny ählimiz bilýäris. NASA Marsyň üstünde has öň ýaşaýyş bolup bolmandygyny öwrenmäge synanşýar. Iň uly kömekçileriniň biri bolsa Curiosity. Ýakyn wagtlarda Curiosity Roweri Marsda gurap galan bir oasiz(jülge) tapdy. Mars barlaglary NASA üçin şuwagt wajyp bir derejede.

NASA Marsda suwyň yzlaryny tapdy

Kosmos agentine görä bu gatlak guran bir palçykdan emele gelýär. Palçyk gatlagynyň üstünde tapylan ýaryklar "Old Soaker" ady berilen bir gaýa  plastinasynda tapyldy. Muny aşakdaky suratda hem görýäris. Curiosity-nyň golundaky Mars El Obýektiw Görkeziji (MAHLI) tarapyndan çekilen bu surat üç görkezijiniň birleşmeginden emele getirildi.


Bilim ynsanlary, Curiostiynyň çeken suratlaryndaky ýaryklaryň, joşma we guran möwsümündäki kiçi howdanlaryň subudy diýip görýär. Şeýle hem bu gaýalaryň içinde mineral duzlary bilen baýlaşdyrylan bölekler hem bar.

Kosmos agentlik topary, düýn çap edilen Nature Geoscience  makalasynda, "Daşlardaky depozitler Marsdaky yklymlar üçin suw alamat wezipesini görýär." diýip beýan etdi. Şeýle hem bilim ynsanlary, tapawutly yklymlar arasyndaky geçişleriň Marsda nähili wagt dowam edendigini öwrenmäge synanşýar.

Belki Marsda öň bir ýaşaýyş bolandyr.
0
47
3 178