Bilim ynsanlary, Dünýä ýüzündäki herkimiň ilkinji ene ýurduny tapdy.
Dünýä ýüzündäki ähli ynsanlaryň atalarynyň, mundan 200.000 ýyl öň bu gün Bostwana ady bilen tanalan zolakda ýaşandygy orta çykdy. Käbir bolsa bu tapylanlara şüphe bilen garaýarlar.
Bilim ynsanlary, biziň bilýän şeklimizde modern ynsanyň soňky 200.000 ýyl dünýä ýüzünde gezýandigini pikir edýär. Ylmy barlagçylaryň gaty uly bölegine görä hem 200müň ýyl öňki atalarymyz Afrıkada ýaşaýardy. Beýleki tarapdan barlagçylaryň üstünde düşünşmeýän ýeri, Homo Sapiensiň Afrikada ilkinji bolup haýsy zolakda orta çykandygydy. Täze bir barlaga görä ynsanlaryň ilkinji orta çykan ýeri şu günki Bostwanada ýerleşýän bir ýer.
Nature sergisinde çap edilen makala görä ynsan görnüşiniň atalaryny tapmak üçin mitokondrial DNA-lar barlag edildi. Bu DNA-daky genetika maglumatlar, aýal kişileriň üsti bilen geçýär. Barlaglarda 1.200 kişiniň genetika maglumatlaryny ulanan barlagçylar, Zambezi Nehriniň gündogarynda galan suwly topraklary ilkinji ynsanlaryň çykan ýeri bolup belledi.
Ilkinji ene ýurt, häzirki günde göller we tokaýlar bilen örtülen:
Barlagyň baş redaktory Wanessa Hayes, konferensiýada bü gün ýer ýüzündäki her kimiň mitokondrial DNA-syny yzarlap barlag edilse bu ynsanlaryň ene ýurdyna gowşup boljakdygyny aýtdy. Geçirilen barlaglar, başda Khosian sebiti bolup Afrikanyň has gündogar taraplarynda dogan ynsanlary içine alýar. Ene üsti bilen geçen mtDNA umuman ynsanlaryň geçmişe tarap yzyny yzarlap bolýarka nesiller garyşmasyn diýip ulanylýar.
Barlagçylardan Ewa Chan, L topary gen diýlip atlandyrylan gen toparyndaky bu gurluşyň barlagyny iň uly edilen iş şekilinde belledi. Makgadikgadi-Okawango Delta sebitinde ýerleşen bu ilkinji ene ýurt, häzirki günümizde göller we bag bakja bilen gurşalan ýagdaýda.
Täze teoriýa, ynsanlaryň aýry sebitlerde şol bir wagtda orta çykmandygyny, Afrikada dogup has soňra dünýä ýüzüne ýaýrandygy hem makullanýar. Ýazyjylara görä bu ene ýurtdan çykan iki göç goly, bu gün ynsanlygyň ýoluny açdy we wagtyň geçmegi bilen dünýäniň her ýerine ýaýrady.
Çeşme: https://www.businessinsider.com/origin-of-modern-humans-botswana-africa-2019-10