Nasa Marsyň üstünde gurap galan oazis (jülge) tapdy.
Nasanyň Marsda uzyn wagtlap dowan eden barlaglaryny ählimiz bilýäris. NASA Marsyň üstünde has öň ýaşaýyş bolup bolmandygyny öwrenmäge synanşýar. Iň uly kömekçileriniň biri bolsa Curiosity. Ýakyn wagtlarda Curiosity Roweri Marsda gurap galan bir oasiz(jülge) tapdy. Mars barlaglary NASA üçin şuwagt wajyp bir derejede.
NASA Marsda suwyň yzlaryny tapdy
Kosmos agentine görä bu gatlak guran bir palçykdan emele gelýär. Palçyk gatlagynyň üstünde tapylan ýaryklar "Old Soaker" ady berilen bir gaýa plastinasynda tapyldy. Muny aşakdaky suratda hem görýäris. Curiosity-nyň golundaky Mars El Obýektiw Görkeziji (MAHLI) tarapyndan çekilen bu surat üç görkezijiniň birleşmeginden emele getirildi.
Bilim ynsanlary, Curiostiynyň çeken suratlaryndaky ýaryklaryň, joşma we guran möwsümündäki kiçi howdanlaryň subudy diýip görýär. Şeýle hem bu gaýalaryň içinde mineral duzlary bilen baýlaşdyrylan bölekler hem bar.
Kosmos agentlik topary, düýn çap edilen Nature Geoscience makalasynda, "Daşlardaky depozitler Marsdaky yklymlar üçin suw alamat wezipesini görýär." diýip beýan etdi. Şeýle hem bilim ynsanlary, tapawutly yklymlar arasyndaky geçişleriň Marsda nähili wagt dowam edendigini öwrenmäge synanşýar.
Belki Marsda öň bir ýaşaýyş bolandyr.