owrenmeli_officiall
21.06.2023 23:10

Bu haty okaýan bolsaň, meni  häzirem görmek isleýändigiňi aňladýar. Käbir hekaýalar bar, başlanda nirede gutarjakdygyny öňünden aýdyp bilmersiň. Bir bada hemme zat garaňky bolýar, ähli reňkler çal reňkde bolýar, gün  öz ýerini aýa berýär we çuňňur gahar deňzine düşýärsiň. Şeýle  bir deňiz welin, her tolkuny başga bir gynanç, her köpügi başga bir lapykeçlik ...


Ýöne dur! Entek howsala düşme. Hawa, käwagt durmuşyň nirä eltjegini bilemzok, ýöne her hekaýanyň soňunyň bardygyny ýadyňdan çykarma. Her soňunyň täze başlangyjy bar.


Aýdyşlary ýaly, garaňkylyk iň garaňkyda bolanda-da, daň atýar. Edil şu wagt  gözüňi ýum we uludan dem al. Sebäbi saňa aýtjak gaty möhüm bir zadym bar. Bu söz durmuşyňy üýtgedip biler. Taýýarmyň?


Gijäň rahat bolsun! Men sizi ýylgyrtdym diýip umyt edýärin. Elmydama ýadyňyzdan çykarmaň, durmuş ýylgyryşlardan we ajylyrdan doly.

88
1 310
owrenmeli_officiall
19.06.2023 19:21

Salam!

Öwrenmeli portaly indi programmadan daşky dünýä çykýar. Şonuň üçin täze düzgün bilen tanyş boluň.


http://owrenmeli.app/ulany-syyasaty.html


Indi paýlaşýan postlaryňyz diňe programmaň içinde däl şeýle hem Google we beýleki gözleg portallarynda çykar. Paýlaşýan postlaryňyzy ýazýan teswirleriňizi has ünsli we arassa ýazmaga çemeleşmegiňizi haýyş edýäris. Teswir bölümünde tanyşlyk we.şm gadagandyr. Has giňişleýin düzgünnama serediň.  Post paýlaşaňyzda şahsy maglumatlaryňyzy we şoňa meňzeşler gadagandyr habar berilmezden öçürilýär. Gysgajyk 2-3 sözlemden ybarat bolýan postlara hem rugsat berilmeýär. Düzgünnamany ýokardaky salgy boýunça ýa-da sazlama sahypasyndan okap bilersiňiz. 


45
980
owrenmeli_officiall
11.06.2023 00:04

Häzirki wagtda täze wersiýamyz bilen ulanyjylarymyzyň sany çalt artýar we “Play Store” -da ýokary orny eýelemäge başladyk. Şu wagt gündelik işjeň ulanyjy sanymyz 8 müňden geçýär, bu san hasaba alnan agzalar we hasaba alynmadyk ulanyjylary, ýagny myhmanlary öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, hasaba alynmadyk ulanyjylaryň sany-da gaty köp, sebäbi köp ulanyjy diñe habarlary okaýar we gidýär.

Programmamyzy yzygiderli kämilleşdirýäris, täze aýratynlyklar goşmak bilen käbir kemçilikler ýa-da ýalňyşlyklar bolup biler. Şeýle-de bolsa, sabyr edeniňiz üçin öňünden sag bolsun aýdýarys. Ulanyjylarymyzyň pikirlerini göz öňünde tutup, programmamyzy hasam kämilleşdirmek üçin işleýäris.

Bu işde siziň goldawyňyz we düşünişmegiňiz möhümdir. Programmamyzy ulanyjylara amatly we ýalňyşsyz etmäge çalyşýarys. Täze wersiýalar bilen köp täzelikleri we gowulaşmalary girizmegi maksat edinýäris.

Siziň ýaly gymmatly ulanyjylarymyz bilen bilelikde programmamyzy  giňeltmek we ösdürmek üçin höwes bilen işleýäris. Bizi saýlanyňyz üçin sag boluň!

52
644
owrenmeli_officiall
01.06.2023 06:40

Türk döwletleri öz Halkara Pul Gaznasyny döretdiler

Türk döwletleriniň ykdysady integrasiýasyny üpjün etjek "Türk maýa goýum gaznasy" (TYF) resmi taýdan döredildi. Öňümizdäki ýyllarda HPG-ny we Bütindünýä bankyny işe aljak bir gurluşa öwrülmegine garaşylýan TYF-nyň merkezi Stambul bolar.

TYF başlangyç maýasy 500 million ABŞ dollary. 


Türk maýa goýum gaznasy haýsy ygtyýarlyklara eýe bolar?

Gaznanyň maksadyna ýetmek üçin aşakdaky borçlar we ygtyýarlyklar bolar:

- sebitara söwdanyň buýruklaryna kömek etmek;

- mikro, kiçi we orta kärhanalar bilen baglanyşykly maliýeleşdiriş gurluşlary;

- halkara we milli maliýe we ösüş guramalary, söwda we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we bilelikde maliýeleşdirmek;

- ulag we logistika zynjyrlarynyň, ammar we önümçilik desgalarynyň giňelmegine goldaw bermek;

- döwlet-hususy hyzmatdaşlygy goşmak bilen sanly infrastrukturanyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw bermek;

- senagat önümçiligi, infrastruktura, ulag, oba hojalygy, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we syýahatçylyk ýaly özara gyzyklanma döredýän ösüş taslamalaryna goldaw bermek;

- energiýa netijeliligine, gaýtadan dikeldilýän energiýa we daşky gurşawy goramaga maýa goýmak arkaly ýaşyl ykdysadyýete goşant goşýan taslamalary maliýeleşdirmek;

- zerur hasaplanylanda maýa goýum taslamalaryny taýýarlamakda kömek we maliýe goldawyny bermek.

44
739
owrenmeli_officiall
31.05.2023 08:13

Coca Cola biziň saglygymyza nähili täsir edýär? Geliň öwreneliň!

153
1 141
owrenmeli_officiall
12.05.2023 19:33

"Her gün güneş doganda, her täze güneş umyt diýmekdir. Öz güneşiniz boluň, dünýäni öz nuryňyz bilen ýagtylandyryň."

89
1 369
owrenmeli_officiall
11.05.2023 19:47

Salam, hormatly agzalar! 

Programmada uly düzediş işleri alnyp barylýar. Wagtlaýyn öçürilen funksiýalar: Kim Like goýdy, Barlagsyz Post Goýmak.

Siziň üçin gaty uly üýtgeşik täzelikler ýolda... 95%

44
798
owrenmeli_officiall
08.05.2023 11:14

Kim bar?

22
303
owrenmeli_officiall
owrenmeli_officiall
25.04.2023 12:12
"Sesli Bildirişler". Täzelige az galypdyr.
owrenmeli_officiall
18.04.2023 07:51

Bir näçe günden aşakdaky üýtgeşmeler giriziler.

  • Indi postlaryňyza like ýada teswir ýazylanda sesli bildiriş geler. Şeýlelik bilen kimiň näme ýazanyny aňsatlyk tapyp bilýärsiňiz. (Meselem X agza postyňy halady/ X agza şu teswiri ýazdy)
  • Teswiriňize jogap berilende sesli bildiriş geler.  (Meselem X agza teswiriňe jogap berdi)
  • Profiliňze kim sereden bolsa islege bagly bildiriş alyp bilýärsiňiz. (Meselem X agza şuwagt profiliňize seretdi)
  • E-poçta ýerine telefon belgi arkaly aňsatlyk bilen täze hasap açyp bolar.

Siziň pikirleriňiz bar bolsa ýazyp bilersiňiz

by EMIN

97
1 734