Ulanyş Syýasaty

UMUMY

Bu "ulanyş syýasaty" programmamyzyň ulanylyşyny kadalaşdyrýar hem-de kesgitleýär. Bu programmany göçürip almak we ulanmak bilen, bu "ulanyş syýasaty"na razy bolýarsyňyz. Eger-de razy däl bolsaňyz, programmany ulanmazlygy maslahat berýäris!

Programmamyz ulanyjylara biri-biri bilen aragatnaşyk saklamaga we maglumat alyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, ähli ulanyjylaryň hormat bilen hereket etmegine we aşakdaky düzgünleri berjaý etmegine garaşýarys:

1.0 Ulanyjynyň umumy häsiýetleri

1.1 Arassa dil: Kemsidiji ýa-da gödek, hapa paýyş teswirler düýbünden kabul gadagan. Programmamyz, ähli ulanyjylaryň arassa dil ulanmagyna garaşýar.

1.2 Ynançlar: Milli, dini ynançlara ýa-da beýleki toparlara garşylyk edýän  kemsitýän mazmun düýbünden kabul gadagan. Her kimiň pikirine we ynanjyna hormat goýulmalydyr.

1.3 Türkmenistan kanunlaryny berjaý etmek: Ähli ulanyjylardan Türkmenistanyň degişli kanunlaryny we düzgünlerini berjaý etmegi talap edilýär. Islendik bikanun hereket, hasabyň gönüden-göni togtadylmagyna sebäp bolup biler.

1.4 Şahsy maglumatlary paýlaşmak we soramak: Beýleki ulanyjylardan şahsy maglumatlary (ady, salgysy, telefon belgisi we ş.m.) soramak ýa-da paýlaşmak düýbünden gadagan. Ulanyjylaryň howpsuzlygy biziň üçin möhümdir we şeýle ýagdaýlar göni petiklenmegiňize sebäp bolup biler.

1.5 Ýaş çäklendirmesi: +18 diýip häsiýetlendirip boljak islendik mazmun düýbünden gadagan. Şeýle mazmun, programmamyzyň jemgyýetçilik ülňülerine we Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelýär.

1.6 Hasap howpsuzlygy: Ulanyjylar öz hasabynyň howpsuzlygy üçin jogapkärdirler. Hasap maglumatlaryny beýlekiler bilen paýlaşmak gadagandyr. Ulanyjylar öz hasaplarynyň howpsuzlygyny üpjün etmeli.


2.0 Teswir düzgünleri

2.1 Posta degişli teswirler: Teswirler Posta degişli bolmaly. Okaýan postyňyza degişli bolmaýan  teswir ýazmak beýleki ulanyjylaryň tejribesine ýaramaz täsir edip biler. Teswir ýazaňyzda 1.4 maddadaky düzgünleri hem gözöňünde tutmaldyr.


3.0 Post paýlaşmak

3.1 Diliň ulanylyşy: Postlaryň dili esasan türkmen dilinde bolmaly. Şeýle-de bolsa, beýleki Türk döwlet dilleri (mysal üçin türk, özbek, gyrgyz, gazak we ş.m.) ulanylyp bilner, ýöne bu dilleriň ulanylyşy aşa bolmaly däldir. Şu dillerden başga dil ulanylan postlar habar berilmezden öçüriler.

3.1 Bölüm saýlamak: Döredijiler paýlaşýan postynyň dogry bölüme degişlidigini üpjün etmeli. Ýalňyş bölümde bolan postlar öçüriler.

3.2 Postyň ady: Döredijileriň postyň umumy mazmunyny takyk görkezmek üçin atlaryny dogry saýlamagyna garaşylýar. Baglanyşyksyz ýa-da ýalňyş sözbaşylary ulanmak postyň ö.ürilmegine sebäp bolup biljekdigine üns beriň.

3.4 Surat ulanylyşy: Post döredijiler tarapyndan paýlaşylan suratlaryň ýokary hilli we düşnükli bolmagyna garaşylýar. Gara boşlukly suratly postlar habar berilmezden öçüriler.

3.5 Asyl Post: Post döredijiler özboluşly we öz mazmunyny döretmeli. Başga adamlaryň mazmunyny göçürmek ýa-da ogurlamak düýbünden gadagan .

3.6 Manysyz we gysga post: Döredijiler postlarynyň belli bir hil standartyna laýyk gelmegini üpjün etmeli. Manysyz ýa-da gaty gysga ýazgylar ulanyjynyň tejribesine ýaramaz täsir edip biler we şeýle ýazgylar duýdurmazdan öçüriler.

3.7 Şahsy surat paýlaşmak: Şahsy suratlary paýlaşmak gadagan. Şeýle mazmunyň gizlinlik düzgünini bozup biljekdigini we şonuň üçin duýduryşsyz aýryljakdygyny unutmaň.


4.0 Düzgün bozulmalary

4.1 Düzgünleri ýerine ýetirmeýän ulanyjylar: Ulanyş syýasatyny berjaý etmeýän ulanyjylara duýduryş berilip ýa-da ýagdaýa baglylykda hasaplary togtadylyp bilner.

4.2 Hasap we enjamy blokirlemek: Hasaby togtadylan ulanyjynyň enjamy hem programmamyzdan petiklener. Bu, petiklenen enjamdan täze hasap döredip bolmaýandygyny aňladýar.


Iň soňky täzelenen senesi: 2023-nji ýylyň 11-njy iýuny.