owrenmeli_officiall
11.06.2023 00:04

Häzirki wagtda täze wersiýamyz bilen ulanyjylarymyzyň sany çalt artýar we “Play Store” -da ýokary orny eýelemäge başladyk. Şu wagt gündelik işjeň ulanyjy sanymyz 8 müňden geçýär, bu san hasaba alnan agzalar we hasaba alynmadyk ulanyjylary, ýagny myhmanlary öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, hasaba alynmadyk ulanyjylaryň sany-da gaty köp, sebäbi köp ulanyjy diñe habarlary okaýar we gidýär.

Programmamyzy yzygiderli kämilleşdirýäris, täze aýratynlyklar goşmak bilen käbir kemçilikler ýa-da ýalňyşlyklar bolup biler. Şeýle-de bolsa, sabyr edeniňiz üçin öňünden sag bolsun aýdýarys. Ulanyjylarymyzyň pikirlerini göz öňünde tutup, programmamyzy hasam kämilleşdirmek üçin işleýäris.

Bu işde siziň goldawyňyz we düşünişmegiňiz möhümdir. Programmamyzy ulanyjylara amatly we ýalňyşsyz etmäge çalyşýarys. Täze wersiýalar bilen köp täzelikleri we gowulaşmalary girizmegi maksat edinýäris.

Siziň ýaly gymmatly ulanyjylarymyz bilen bilelikde programmamyzy  giňeltmek we ösdürmek üçin höwes bilen işleýäris. Bizi saýlanyňyz üçin sag boluň!

52
644
barber
10 Awgust 2023
Bagyslan on arada su programada sac boyalyan hyna barada post goylup paylasylypdy gaty gyzykly okap cykdym indi yene sol posty gozleyan nadip bolarka
barber
10 Awgust 2023
Salamaleykum gowmy dos tuwelem isine ustunlik,
mandarin
16 Iýun 2023
Post sanym kopeldide
mandarin
16 Iýun 2023
24 sag gecdi akyma cykaranokda
mandarin
16 Iýun 2023
Post goylanok namcun
kese
11 Iýun 2023
Salam
ylham_gurbanaly
11 Iýun 2023
Relax, gynansakda olam ýok)
Relax
11 Iýun 2023
ylham_gurbanaly, hasbym ustine basan in asakda bolmaly
ylham_gurbanaly
11 Iýun 2023
Relax, mende awtomat içeri giren, çykyşam ýok)
Relax
11 Iýun 2023
ylham_gurbanaly, login parol yazyp iceri giren son baş sahypa geçip biraz garaşsañ özi çykýan bolmaly nomer tassykla diýip
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.