orhideya_
orhideya_
21.03.2023 20:33
🍃Kä wagtlar ýalňyz galmak isleýän adamlara gowy düşünýän. Bir ynsany özünden başga biçbir zat abatlap bejerip bilmez we ynsany özüne getiren ýenede ÖZÜDIR🍃
orhideya_
orhideya_
25.02.2023 18:48
Adamlar şahsyýetleri(личность) ýaly owadan ýada betnyşan görünsinler islärdim...
orhideya_
20.02.2023 14:08
Birini tanamak, onuň bilen dost bolmak, haýsy degişmelere güljegini gözlerinden aňmak, mus diýmänkä Mustafa diýjegini bilmek ýaly ýagdaýa gelmek, kyn ýagdaýlarda kömek etmek, begençli günlerde bile gülmek, sagatlarça oturyp sözsüz gürleşmegi öwrenmek üçin biri biriňe kän üns bermegi talap edýär...We bir gün bu beren ünsiň baryny yzda goýup başga bir ýola çykýarsyň...🍂

Hemme zat geçip gidýändir emma hiç biri unudylmaýar.

Sizdede şeýle özüňize ýakyn gören adamyňyz bilen heriňiz öz ýoluňyzy dowam etmeli ýagdaýyňyz boldumy?
17
139
orhideya_
18.02.2023 21:56
Amerikaly bir žurnalist Afrika baryp, olaryñ nähili şertlerde ýaşaýandygyny bilmek isledi we ol ýere baranda köçede oturan çagajyga öz durmuşyny soranda, ol şeýle jogap berdi:

☘️ " Käwagt köçedäki güller ýalydyk, suw içmek üçin ýagjak ýagyşa garaşardyk " 🌧 diýip jogap berdi ..
19
151
orhideya_
orhideya_
17.02.2023 14:46
Howa ýagyşly bir gün). Awtobusa mündim, bir kaka gözüm düşdi elinde ullakan paketli...Birden pakediň içindäkilere üns berdim içinde birnäçe bäbek soskalar alamalysyndan her dürlüsinden bar. Hemde iň
orhideya_
18.01.2023 18:10
Abraham Linkolndan oglunyň mugallymyna hat

Oglum şu gün okuwa başlaýar. Ol birbada ýadyrgar, käbir zatlary geň görer, öwrenişýänçä az-kem wagt gerek bolar. Başdangeçirmeleri ony başga-başga dünýälere alyp gider. Şonda ol belki uruş-söweşleriň, gam-gussalaryň hem üstünden barar. Beýle durmuşda ýaşamak üçin bolsa oňa ynam, söýgi, batyrgaýlyk zerurdyr.
Şonuň üçinem, hormatly mugallym, sizden etjek haýyşym: oglumyň elinden tutup, oňa ähli bilmeli zatlaryny öwrediň! Mümkin boldugyça ony mähriňize çoýuň! Dünýäde diňe dostlaryň däl, eýsem duşmanlaryňam bardygyna göz ýetirsin! Goý, hemme adamyň adyl, her kimiň mert däldigini bilsin! Bigaýratlar bilen bir hatarda gerçekleriňem bardygyndan habardar bolsun! Ýaramaz syýasatçylaryň bolşy ýaly, hakyky liderleriňem bolýandygyny öwrediň!
Gazanylyp alnan on sentiň gadyrynyň köçeden tapylan bir dollardan başgaçadygyny düşündiriň! Hormatly mugallym, okuwda nädogry ýoldan ýöräp üstünlik gazananyňdan dogry ýoldan ýöräp asgyn geleniň has gowudyr! Oňa sarpasyny saklap ýeňlişi kabul etmegi, hakyky ýeňişden bolsa lezzet almagy öwrediň!
Goý, ol özüni salyhatly alyp barmagy, ýöne gerek ýerinde berk durmagy başarsyn!
Oňarsaňyz, oňa göriplikden daşda durmagyň hem-de sessiz-üýnsüz gülmegiň syryny öwrediň! Mümkin bolsa, keýpiniň ýok wagty şatlanmagy, gözýaş dökmegiň hemişe uýat däldigini öwrediň! Ýeňlişde şöhratyň, ýeňişde umytsyzlygyň bolup bilýändigini bilsin! Oňa bihepbeleri ýaňsylamagy öwrediň!
Başardygyňyzdan oňa kitabyň gudratyny açyp görkeziň, emma asmanda uçuşyp ýören guşlaryň, güneşli howada wazzyldaşýan arylaryň, meýdanlarda al-ýaşyl öwsüp oturan gülleriň ajaýyp syrlary hakda oýlanmaga mümkinçilik dörediň! Her kim oňa ýalňyşýandygyny aýtsa-da, öz pikirlerine ynanmagy öwrediň!
Ogluma hemişe köpçülige eýerip, yňyp gidibermez ýaly güýçli bolmagyň ýoluny görkeziň!
Hemme kişini diňlemegi, ýöne eşiden zatlaryny, hak ýa-da nähak, seljermegi, içinden diňe gowularyny saýlap almagy öwrediň!
Ukyplaryny hem-de pikirlerini iň ýokary bahadan aljaklara hödürlemegi ündäp, kalbynyň we ruhunyň hergiz satlyk däldigini aňyna guýuň! Töwekgelçilik etmekde batyrgaý bolmagy öwrediň, ýöne töwekgel bolmak üçinem batyrgaýlygyň zerurdygyna düşünsin! Goý, oglumyň özüne bolan ynamy hergiz synmasyn, sebäbi onuň adamzada, Taňra bolan ynamy diňe şonda synmaz!
Hormatly mugallym, men okuw-terbiýe işiniň şeýle bolmalydygyna ynanýaryn! Sizdenem eliňizden geleni gaýgyrmazlygy haýyş edýärin! Ol kiçijik oglanjykdyr, meniňem perzendimdir!

22
160
orhideya_
16.01.2023 11:25
Durmuşda sizi söýýän ýada sizi ýigrenýän adamlar hemişede bolar. Biri geler meni göklere çykarar. Bir başgasy geler meni ýeriň düýbüne sokar. Ýogsa men şol men. Men üýtgemedim. Diňeje men bilen aragatmaşygy saklaýan adamlar üýtgedi. Emma men şol bir men. Bir ildeşimiz bir makalamy okap, maňa gaharlanypdyr we "Sen kimsiň?" diýip habar ýollapdyr. Men hem jogap berdim. Sen meniň kimdigimi nähili pikir edýän bolsaň men şol. Eger maňa düşnüksiz seretseň düşnüksiz biri bolaryn. Eger maňa köptaraply biri ýaly seretseň üýtgeşik görünerin. Maňa gowulyk bilen seretseň bir perişde, erbetlik bilen seretseňem bir günäkär bolup görünerin. Näme üçinmi? Çünki men bir aýna. Aýnadan yzyna serpikýän seniň düşünjeleriňdir. "BEN" aýnasynda "SEN" görünýärsiň. Haýyş maňa "Sen kimsiň?" diýip sorama. Öz aýnaňa öwrülip "Men kim?" diýip sora. Bir maýmyn aýna seredip gelşikli şazada görmez dineje bir maýmyn görer. Meniň kimdigim maňa seniň nähili seredişiňe bagly. Garşyňda men ýok bir aýna bar. Seniň aklyňa gelen pikirleriň aýnada suratlanýar.
Bir ýaşuly ýoluň başynda durmuşyn. Saçlary sakallary ap-ak bolupdyr, bili bükülipdir. Ýanyna 20ýaşlarynda bir ýigit gelip, ol ýaşula sögmäge başlapdyr. " Sen nähili erbet adamsyň? Saçlaryň sakallaryň iriň ýaly... Ürküdiji daş görnüşiň bar" diýip gygyrypdyr. Ýaşuly bu ýigide hiç jogap bermändir. Diňeje synlapdyr. Ýaş ýigit ýadap o taýdan uzaklaşypdyr. Aradan biraz wagt geçenson ýaňky ýaşlarda başga bir ýigit gelip ýaşula ýakynlaşypdyr. Buda edil tersi öwgüli sözler aýtmaga başlapdyr. "Jenap siz nähili nuranasyňyz? Nähili ýakymlysyňyz? Eý allajan bu nähili owadanlyk?" diýip birnäçe sözler aýdypdyr. Ýaşuly ol ýigidede hiç hili jogap bermändir. Bolýan wakany daşyndan synlap duran adam waka gaty geňirgenipdir we ýaşulydan sorapdyr: "Ýaşuly birinji ýigit saňa sögdi gygyrdy diýmedigini goýmady oňa hiç hili jogap bermediň. Beýleki ýigit bolsa seni öwdi göklere çykardyoňada hiç zar diýmediň. Munyň sebäbini bilmek islwdim" diýipdir. Ýaşuly " Oglum ben şol bir adamdym. Birinji ýigidiň özi erbetdi, mende özüni gördi. Beni erbet gördi. Ikinji ýigidiň bolsa özi gaty gowudy. Men üýtgemedim. Olam mende özüni gördi. Meni gowy biri hökmünde gördi. Şular sebäpli olara jogap bermedim." diýipdir. Sen hem bir aýnasyň. Biri saňa sögdümi? Biri saňa töhmet atdymy? Biri saňa erbet bir söz aýtdymy? Unutma sen diňeje öňki sensiň. Aýna bolmak, aýna ýaly hereket etmek adamy rahatladyjydyr. Aýna hiç kime " Sen owadansyň . Sen betnyşansyň" diýmez. Aýna teswir bermeýär. Aýna diňeje yzyna serpikdirýär. Eger sen ogry bolsaň hemmäni ogrydyr öýdersiň. Eger sen dogry biri bolsaň hemmäni şeýle hasaplarsyň. Gowylar çalt ynanar. Hemmäni özi ýaly öýderler. Erbetleri ynandyrmak, aldamak gaty kyndyr. Özi erbet bolansoň köp zada öňünden taýynlygyny görer. Bagtly bolmak isleseň aýna bol. Kem söze gowy däl söze jogap berme. Unutma beni nähili diýip bilseň men şeýle.

Psiholog Hayrettin ŞAHİN
22
137
orhideya_
15.01.2023 12:36
Tötänlik bolup bilermi?
Akylly poçtalýonlar hem, käwagt ýazylan adresi ýalňyşyp, haty başga ýere eltip bilýärler. Bedenimizdäki inçejik damarlar ähli witaminleri degişli bolan adresine hiç wagt ýalňyşman eltýärler. Galyberse-de, damarlar akylsyz bolup, witaminleriň ýüzünde ýazgysy hem ýok.

“ÄLEMDE TÖTÄNLIGE DUŞ GELMEK MÜMKIN DÄL.”
Bir taňkyň tötänlikden dörändigini, ony ýasanyň ýokdugyny aýdýana däli diýerler. Älem-jahanyň tötänlikden dörändigini aýdýana näme diýmeli?
22
178
orhideya_
orhideya_
14.01.2023 22:47
Ajy ajy gülýändigimi duýdum. Ynsanlara boluşlaryndan başga gözler bilen seretmäge kejirligimi tutup edişimi aňyp başladym. Ýigrimi üç ýaşyma gelendigime garamazdan häzirem çagalygymyň sadalygyndan
orhideya_
10.01.2023 21:12
Erkekleriň özlerine ýanýoldaş saýlap alyp biljek bir magazin açylypdyr. Magazin 5 gatdan ybaratdyr. Magazinde diňe ýekeje gural bardyr: "Haýsy hem bolsa bir gatyň gapysyndan giren erkek hökmany söwda etmelidir söwda etmän ýokarky gata çykmak islese aşaky gatlara täzeden düşmek mümkinçiligi ýokdur".
Bir gün birnäçe dostlar özlerine ýanýoldaş saýlamak üçin magazine gidýärler we
1nji GAT: Gapyda şular ýazylgy " Bu gatdaky zenanlaryň işlejek işleri bar we çagalary hem söýýäler"
Erkekler okaýarlar we şelýe diýýäler:
" Eh hiç ýokdana gowy ýokarky gatada seredip göreliň".
2nji GAT: Gapyda ýazylanlar: " Bärdäki zenanlaryň gowy işleri bar, çagalary söýýärler we owadandyrlar" .
Erkekler :
" Himmmm hiç neneň däl, emma ýokarky gatda näme barka?".
3nji GAT: Gpydaky ýazylanlar: "Bärdäki zenanlaryň gaty gowy işleri bar, çagalary söýýärler, soňky derejede owadandyrlar we edýän öý işlerinde ýoldaşyndan kömek soramaýarlar"
Erkekler:
"Eý Allahym, gaty täsirli emma ýokardaýenede gatlar bar".
4nji GAT: "Bu zenanlaryň gowy işleri bar, çagalary söýýärler, has owadandyrlar, öý işlerinde hiç hili kömek islemeýärler aýratynam gaty özüne çekijidirler".
Erkekler haýran galyjylyk bilen ýuwdunmaga başlaýarlar:
" Ynanar ýaly däl, 5nji gatda bize nämäniň garaşýandygyny bir pikir edip görüň".
5nji GAT: "Bu gat boşdur diňeje erkekleri ganagatlamdyryp bolmaýandygyny subut etmek üçindi. Çykyş çepdedir. 😂"
25
173