orhideya_
16.01.2023 11:25
Durmuşda sizi söýýän ýada sizi ýigrenýän adamlar hemişede bolar. Biri geler meni göklere çykarar. Bir başgasy geler meni ýeriň düýbüne sokar. Ýogsa men şol men. Men üýtgemedim. Diňeje men bilen aragatmaşygy saklaýan adamlar üýtgedi. Emma men şol bir men. Bir ildeşimiz bir makalamy okap, maňa gaharlanypdyr we "Sen kimsiň?" diýip habar ýollapdyr. Men hem jogap berdim. Sen meniň kimdigimi nähili pikir edýän bolsaň men şol. Eger maňa düşnüksiz seretseň düşnüksiz biri bolaryn. Eger maňa köptaraply biri ýaly seretseň üýtgeşik görünerin. Maňa gowulyk bilen seretseň bir perişde, erbetlik bilen seretseňem bir günäkär bolup görünerin. Näme üçinmi? Çünki men bir aýna. Aýnadan yzyna serpikýän seniň düşünjeleriňdir. "BEN" aýnasynda "SEN" görünýärsiň. Haýyş maňa "Sen kimsiň?" diýip sorama. Öz aýnaňa öwrülip "Men kim?" diýip sora. Bir maýmyn aýna seredip gelşikli şazada görmez dineje bir maýmyn görer. Meniň kimdigim maňa seniň nähili seredişiňe bagly. Garşyňda men ýok bir aýna bar. Seniň aklyňa gelen pikirleriň aýnada suratlanýar.
Bir ýaşuly ýoluň başynda durmuşyn. Saçlary sakallary ap-ak bolupdyr, bili bükülipdir. Ýanyna 20ýaşlarynda bir ýigit gelip, ol ýaşula sögmäge başlapdyr. " Sen nähili erbet adamsyň? Saçlaryň sakallaryň iriň ýaly... Ürküdiji daş görnüşiň bar" diýip gygyrypdyr. Ýaşuly bu ýigide hiç jogap bermändir. Diňeje synlapdyr. Ýaş ýigit ýadap o taýdan uzaklaşypdyr. Aradan biraz wagt geçenson ýaňky ýaşlarda başga bir ýigit gelip ýaşula ýakynlaşypdyr. Buda edil tersi öwgüli sözler aýtmaga başlapdyr. "Jenap siz nähili nuranasyňyz? Nähili ýakymlysyňyz? Eý allajan bu nähili owadanlyk?" diýip birnäçe sözler aýdypdyr. Ýaşuly ol ýigidede hiç hili jogap bermändir. Bolýan wakany daşyndan synlap duran adam waka gaty geňirgenipdir we ýaşulydan sorapdyr: "Ýaşuly birinji ýigit saňa sögdi gygyrdy diýmedigini goýmady oňa hiç hili jogap bermediň. Beýleki ýigit bolsa seni öwdi göklere çykardyoňada hiç zar diýmediň. Munyň sebäbini bilmek islwdim" diýipdir. Ýaşuly " Oglum ben şol bir adamdym. Birinji ýigidiň özi erbetdi, mende özüni gördi. Beni erbet gördi. Ikinji ýigidiň bolsa özi gaty gowudy. Men üýtgemedim. Olam mende özüni gördi. Meni gowy biri hökmünde gördi. Şular sebäpli olara jogap bermedim." diýipdir. Sen hem bir aýnasyň. Biri saňa sögdümi? Biri saňa töhmet atdymy? Biri saňa erbet bir söz aýtdymy? Unutma sen diňeje öňki sensiň. Aýna bolmak, aýna ýaly hereket etmek adamy rahatladyjydyr. Aýna hiç kime " Sen owadansyň . Sen betnyşansyň" diýmez. Aýna teswir bermeýär. Aýna diňeje yzyna serpikdirýär. Eger sen ogry bolsaň hemmäni ogrydyr öýdersiň. Eger sen dogry biri bolsaň hemmäni şeýle hasaplarsyň. Gowylar çalt ynanar. Hemmäni özi ýaly öýderler. Erbetleri ynandyrmak, aldamak gaty kyndyr. Özi erbet bolansoň köp zada öňünden taýynlygyny görer. Bagtly bolmak isleseň aýna bol. Kem söze gowy däl söze jogap berme. Unutma beni nähili diýip bilseň men şeýle.

Psiholog Hayrettin ŞAHİN
22
137
Myrataly
16 Yanwar 2023
Crazy, Dushnikli
Myrataly
16 Yanwar 2023
🤔🤔🤔🤔🤔🤔
MerjenChorliyeva
16 Yanwar 2023
Gaty gowy yazylypdyr 👍❤️
M....
16 Yanwar 2023
👍 gowy
maral
16 Yanwar 2023
Guzela✔, hawada her kimin ozi yaly bolmaly
maral
16 Yanwar 2023
gul_, hawa yok diymegi basarmasan bor diyen sozunem gadyry gacya
maral
16 Yanwar 2023
Mana gowy ya da erbet diyyan adamlar: men aslynda her kimin ozune gora🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.