Erkekleriň özlerine ýanýoldaş saýlap alyp biljek bir magazin açylypdyr. Magazin 5 gatdan ybaratdyr. Magazinde diňe ýekeje gural bardyr: "Haýsy hem bolsa bir gatyň gapysyndan giren erkek hökmany söwda etmelidir söwda etmän ýokarky gata çykmak islese aşaky gatlara täzeden düşmek mümkinçiligi ýokdur".
Bir gün birnäçe dostlar özlerine ýanýoldaş saýlamak üçin magazine gidýärler we
1nji GAT: Gapyda şular ýazylgy " Bu gatdaky zenanlaryň işlejek işleri bar we çagalary hem söýýäler"
Erkekler okaýarlar we şelýe diýýäler:
" Eh hiç ýokdana gowy ýokarky gatada seredip göreliň".
2nji GAT: Gapyda ýazylanlar: " Bärdäki zenanlaryň gowy işleri bar, çagalary söýýärler we owadandyrlar" .
Erkekler :
" Himmmm hiç neneň däl, emma ýokarky gatda näme barka?".
3nji GAT: Gpydaky ýazylanlar: "Bärdäki zenanlaryň gaty gowy işleri bar, çagalary söýýärler, soňky derejede owadandyrlar we edýän öý işlerinde ýoldaşyndan kömek soramaýarlar"
Erkekler:
"Eý Allahym, gaty täsirli emma ýokardaýenede gatlar bar".
4nji GAT: "Bu zenanlaryň gowy işleri bar, çagalary söýýärler, has owadandyrlar, öý işlerinde hiç hili kömek islemeýärler aýratynam gaty özüne çekijidirler".
Erkekler haýran galyjylyk bilen ýuwdunmaga başlaýarlar:
" Ynanar ýaly däl, 5nji gatda bize nämäniň garaşýandygyny bir pikir edip görüň".
5nji GAT: "Bu gat boşdur diňeje erkekleri ganagatlamdyryp bolmaýandygyny subut etmek üçindi. Çykyş çepdedir. 😂"