orhideya_
orhideya_
26.05.2022 16:51
Menimçe şu güne çenli edilen iñ gowy burun estetik operatsiýasy bolsa gerek🙂
orhideya_
orhideya_
25.05.2022 21:35
Bu wagda çenli gören botokslaryňyzy ýadyňyzdan çykaryň. Russiýada çykan täze dodak botoks trendi...😯 Estetikfacts.
orhideya_
orhideya_
25.05.2022 12:12
Mähriban adamyň sözi dünýäniň ähli lukmanlaryndan gowy bejerýär. Ähli jellatlaryndan çaltam öldürýär...
orhideya_
24.05.2022 12:14
Näme bolupdyr oñarmañda?

Goýbolsun etmekligiñ berjek ýeke peýdasyndan söz açmak mümkin däl. Üstesine onuñ birgiden zatlary gizlemek üçin ulanylýan häsiýetdigi açyk görnüp durka.
Şol pursat adam soraman durup bilmeýär. Näme bolupdyr oñarmañda? Bir sportsmen her ýaryşda birinji bolaýmalymy? Bir işgär her aý "aýyñ işgäri" bolmaly diýen zat barmy?
Haýsydyr bir basdaşlyk bolmazdan ýa-da basyş duýmazdan diñe ýerine ýetirmek üçin tagallañy gaýgyrmazlykda, şahsy bähbit ýa-da gury öwgi üçin däl-de, özüñ üçin oñarjak bolmakda uly many-mazmun ýokmy näme?

• Adamyñ bir iş edende beýlekilere özüni görkezmegi we özüni öwdürmegi hökmanmy?

Soñra orta kim çykýar diýsene? Erbet baha almajak we tankyt edilmejek bolup, şowsuzlyga uçramazlyk üçin mazaly presslenen, goýbolsun etmäge endik eden ýa-da goýbolsun etdirilen we gorkular bilen öñi baglanan adam.
Gorkular bilen öñi baglanan adam bolmazlyk üçin edilmeli zat bolsa, aslynda kyn zadam däl - synanyşmak!
Hawa, diñe synanyşmak gerek. Oñarmajagyñy bilip durkañam synanyşmak. Kimdir birilerini garşyña aljagyñy bilip durkañam synanyşmak... Tagallañ soñunda aslynda hiç zat edinmejegiñi bilibem we muña pitiwa etmän synanyşmak...
Ýeke goly bilen ajaýyp oýunlary görkezip bilýän derwezebanyñ, gulagy eşitmänem müdimilik galjak sazlary ýazyp bilýän kompozitoryñ we gözi görmänem nijeme ýollary külterläp ýolagçylara ýol görkezip bilen dananyñ gelip-geçen bu dünýäsinde bir zatlara synanyşmazlyk üçin bahana gözlemek bize gelişýärmi?
10
92
orhideya_
orhideya_
21.05.2022 14:32
Biziñ gündelik ulanýan harytlarymyzyñ daşynda ýagny gaplanan gabynda içgin gyzyklanyp gören bolsañyz şu aşakdaky suratda bar bolan belgijigi ýa-da käbirinde "net" sözüniñ bardygyny
orhideya_
20.05.2022 16:10
GORKY BILEN ÖÑI BAGLANAN ADAM

Adam fiziki taýdan şikesli doglup biler ýa-da soñra fiziki şikesli bolup biler. Emma asyl şikesli gorky bilen öñi baglanan adamdyr.
Fiziki şikesiñ adamy belli bir derejede çäklendirýändigi dogry. Emma adam özüni hiç zat edip bilmejegini añyna salmajak müddetine çenli edip bilmerin diýmeli däl.
Bu ýagdaý fiziki şikesi bolmasa-da, käbir zatlary edip bilmejegine özüni ynandyran adam üçinem şeýle. Bu ynandyrmanyñ añyrsynda ýatan belli-başly sebäpler bar. Düýp sebäpler bolsa adamyñ öz oñarmajak zadyna synanyşmakdan halas bolmak islemesi we oñarmazlyk gorkusy.
Öz oñarmajagyna düşünýändigi üçin özüni synanyşykdan alyp galmagy, eýýäm şahsy bahanadyr. Oñarmazlyk gorkusy bolsa kişiniñ daş-töweregindenem alýan päsgelçiligidir. Esasan ene-atany ýa-da ýanýoldaşy bahana edip şeýdilýändigi-de inkär edip bolmajak bir hakykat.
Netijede her iki ýagdaýda-da kişi öz çözgüdi bilen ýa-da daş-töwereginiñ basyşy ýa bolmasa ugrukdyrmasy bilen goýbolsun edýär.

• Näme bolupdyr oñarmañda?
Goýbolsun etmekligiñ berjek ýeke peýdasyndan söz açmak mümkin däl. Üstesine onuñ birgiden zatlary gizlemek üçin ulanylýan häsiýetdigi açyk görnüp durka.
Näme bolupdyr oñarmañda? Bir sportsmen her ýaryşda birinji bolaýmalymy? Bir işgär her aý "aýyñ işgäri" bolmaly diýen zat barmy?
Haýsydyr bir basdaşlyk bolmazdan ýa-da basyş duýmazdan diñe ýerine ýetirmek üçin tagallañy gaýgyrmazlykda, şahsy bähbit ýa-da gury öwgi üçin däl-de, özüñ üçin oñarjak bolmakda uly many-mazmun ýokmy näme?
• Adamyñ bir iş edende beýlekilere özüni görkezmegi we özüni öwdürmegi hökmanmy?
Soñra orta kim çykýar diýsene? Erbet baha almajak we tankyt edilmejek bolup, şowsuzlyga uçramazlyk üçin mazaly presslenen, goýbolsun etmäge endik eden ýa-da goýbolsun etdirilen we gorkular bilen öñi baglanan adam.
Gorkular bilen öñi baglanan adam bolmazlyk üçin edilmeli zat bolsa, aslynda kyn zadam däl - synanyşmak!
Hawa, diñe synanyşmak gerek. Oñarmajagyñy bilip durkañam synanyşmak. Kimdir birilerini garşyña aljagyñy bilip durkañam synanyşmak... Tagallañ soñunda aslynda hiç zat edinmejegiñi bilibem we muña pitiwa etmän synanyşmak...
Ýeke goly bilen ajaýyp oýunlary görkezip bilýän derwezebanyñ, gulagy eşitmänem müdimilik galjak sazlary ýazyp bilýän kompozitoryñ we gözi görmänem nijeme ýollary külterläp ýolagçylara ýol görkezip bilen dananyñ gelip-geçen bu dünýäsinde bir zatlara synanyşmazlyk üçin bahana gözlemek bize gelişýärmi?
10
65
orhideya_
20.05.2022 16:04
8
95
orhideya_
orhideya_
20.05.2022 15:46
Ýaşlygynda dini maglumatlary öwrenmedik jahyl, emma päkniýetli bir adam, ep-esli garranyndan soň, ýagdaýyna puşman edip, dini bilim almaga başlapdyr. Metjidiň ymamy dini dersleri öwretmekligi boýun
orhideya_
19.05.2022 20:52
Hany agzalar geliñ biraz kelläñize agram salmak isleseńiz şu soragyñ jogabyny pikirleniñ we beýniñizi kämilleşdiriñ😉

Näme zat uly boldygyça kiçi kiçi boldugyça uly bolýa?
6
415
orhideya_
19.05.2022 15:51
Salam hormatly agzalar bu postda klawiaturadan peýdalanyp işiñizi ýeñilleşdirip bilersiñiz🙂

Ctrl+C faýly kopýalamak - (copy)-копировать
Ctrl+X faýly kesip almak - ( cut ) - вырезать
Ctrl+V kesip alan faýlymyzy islän ýerimize goýmak - ( paste ) - вставить
Ctrl+Z soñky eden işiñi yzyna getirmek - ( Undo ) - Отметить послед действия
Ctrl+Y Yza alynan işleri öñe almak - ( Redo )
Delete Faýly bozmak. Ýazgy programmada kursoryñ sagyndaky ýazgyny pozýar
Shift+Delete Faýly kompýuterden doly bozmak - Полностью удалить
Ctrl+A Hemmesini bellemek - ( Select all ) - Выделяеть все
Ctrl+S Dokumenti saklamak - ( Save ) - Сохраняет документ
Ctrl+N Täze dokumenti açmak - ( New ) - Создать новый документ
Ctrl+O Öñ ýatda saklanan dokumenti açmak - ( Open ) открывать преж документ
Ctrl+P Peçat etmek - ( Print ) - Печатать
Ctrl+F Dokumendiñ içinden bir söz gözlemek - ( Find )
Ctrl+H Dokumentiñ içinden bir sözi tapyp başga söz bilen çalyşmak - ( Replase )
Ctrl+G Dokumentiñ içinde bir ýere gitmek - ( Go )
Alt+Enter Bellän faýlyñyz barada maglumat berýär
Alt+F4 Açyk bolan penjiräni ýada programmany ýapýar - ( Close )
Alt+Tab Açyk bolan penjireleriñ arasynda geçiş sazalaýar - переход между докуме
F1 Kömek programmasyny işledýär - ( Help )
F2 Faýlyñ ýada papkañ adyny üýtgetmek - ( Rename )
F3 Faýl ýada papka gözlemek - ( Win+F )
F4 Windows Explorer-de adres penjiräni açýar
Home Kursory setiriñ başyna geçirýär
End Kursory setiriñ soñuna geçirýär
Ctrl+Home Kursory dokumentiñ başyna geçirýär
Ctrl+End Kursory dokumentiñ soñuna geçirýär
12
210