orhideya_
20.05.2022 15:46
Ýaşlygynda dini maglumatlary öwrenmedik jahyl, emma päkniýetli bir adam, ep-esli garranyndan soň, ýagdaýyna puşman edip, dini bilim almaga başlapdyr. Metjidiň ymamy dini dersleri öwretmekligi boýun alypdyr. 40 ýaşyndan soň din dersini başdan öwrenmäge başlapdyr...
Ýöne ilkinji günlerinde şäheriň subaşysynyň ünsüni çekipdir... Subaşy diýlip Osmanly Döwletiniň polisiýasyna diýilýär. Guman edilen adamlary tutup, sorag-ideg edýän ekeni. Obadan şähere gelendigi sebäpli uýgunlaşmaýan adam onuň ünsüni çekipdir we ol ony tutupdyr... Subaşynyň öňünde aljyraňlylykdan ýaňa aňk-taňk bolupdyr. Subaşy sorapdyr:

- Sen musulmanmyň?

Ol adam haýran galyp we gorky bilen soňuny pikirlenip jogap beripdir:

- Musulmandyryn.

- Musulmandyryn diýilýärmi näme? “Elhamdulillah musulmandyryn” diýmelisiň... Musulman bolanyň üçin, Allaha şükür etmeýäňmi sen? - diýip, gaharlanyp güman etmäge başlapdyr. Munuň ýaly aňsat zady bilmeýän adamda bir zad-a bar diýipdir...

- Musulmandyryn diýýäň, onda aýt,yslamyň şerti näçe?

Diňlän rowaýatlaryny ýadyna salyp, şolaryň täsiri bilen:

- Kyrkdyr, diýipdir.

Subaşynyň gahary soňky derjesine ýetipdir we şeýle diýipdir:

- Bu adam bizi aldadýar. Özüne musulman diýýär,emma yslamyň şertiniň näçedigini bilenok. Ýatyryň...

Görgüli adamy ýatyrypdyrlar. Aýagynyň aşagyna urmaga başlapdyrlar. Ýerinden turanda bolsa, aýak üstünde durup bilmändir. Agyrysyna zordan çydap, ders alýan metjidine barypdyr. Molla ony şeyle ýagdaýda görende:

- Seniň halyň näme? diyipdir. Obaly adam başyna gelenleri aýdyp beripdir: “Wah, mollam, diýipdir, yslamyň şertlerini soradylar” Molla bolsa birden:

- Bäş diýen bolsadyň käşgä...

- Toba diýeweri, mollam. Heýem bir bäş diýerinmi? Men kyrk diýenimi az görüp şeýle ýagdaýa saldylar. Bäş diýen bolsam hökman öldürerdiler...

BILMEK ÝETMEÝÄR, DURMUŞA GEÇIRMEK GEREK

Biz bagtly. Iň bolmanda şunuň ýaly ýönekeýje sowallary bilýäris... Ýöne bilmek ýeterlik däl, elbetde... Berjaý etmek, ýerine ýetirmek, hökmany bolany etmek gerek. Ine,şunuň ýaly maglumatlary bilýän, ýöne ýerine ýetirmeýän, hatda tersini edýänler hem bar bu durmuşda. Şunuñ ýaly ýalňyş atlandyrma, esasan, Bekdaşy diýilýär. Dogry sözli Bekdaşydan sorapdyrlar:

- Yslamyň şerti näçedir?

- Birdir... Sowaly beren baý musulman jogaba haýran bolupdyr:

- Bu nähili bolýar?!... Yslamyň şertiniň bäşdigini çagalar hem bilýär.

Bekdaşy hiç-hili üýtgemän, ol baý adamy dymdyran jogabyny beripdir:

Maňa seret, namaz bilen orazany biz aýyrdyk. Zekaty bolsa siz aýyrdyňyz. Ýagny berjaý etmeýäris. Indi näme galdy? Diňe şahadat galdy, şeýle dälmi?

Indi pikirleneliň. Hakykatdan hem, Bekdaşynyň sözünde dogrulyk ýokmy? Hatda häzirki döwürde Kelimeýi Şahadaty hem bilmeýän, ýa-da ony aýda, ýylda bir gezek hem aýtmaýan musulmanlar ýokmy?

- Köp bar...

- Beýle bolsa berjaý edilmekden aýrylan zady nähili bar hasaplap bileris? Berjaý edeliň. Onuň bardygy bilinsin, belli edilsin, kellelerde we ýüreklerde takyklaşsyn şol şertler...

Bilmek başga zat, berjaý etmek başga zatdyr. Alkogolyň zyýanyny hemmeler bilýär, ýöne şoňa garamazdan ýene-de içmägi dowam edýärler.
10
55
Wepamurat
21 May 2022
Crazy tuweleme Allah tebarek we tagalla yoluny durmushyny ahyryetini nurly eylesin munun yaly rowayatlary okap gorseler belki dogry yola girerler
ay_kiz_
20 May 2022
👍👍👍👍👍
HoJoM
20 May 2022
.......👍👍👍👍
м....
20 May 2022
Aydylan zatlar kop yone aytmaly bilmeli zatlar ondanna kop .... Gudraty guyclimizin ozi her bir ynsanyn yuregne guysyn 🤲
unknown_12
20 May 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.