okurgezer
14.08.2023 20:45

Bir gün bir baý kaka ogluna durmuş sapagyny bermek maksady bilen ony obanyñ iñ garyp maşgalasyna birnäçe günlik bolmaga ugradýar.

Birnäçe günden soñra ogluny öýüne getirip: "Oglum, sen ol obada, maşgalada ýaşamak bilen nämä göz ýetirdiñ, näme öwrendiñ?" diýip soraýar.

Ogly bolsa: "Men olaryñ bizden has baýdygyna göz ýetirdim, kaka!" diýýär.

"Biziñ ýekeje bagymyz bar bolsa, olaryñ uly tokaýlyklary bar. Bizde kiçiräk howuz bar bolsa, olaryñ giñ derýalarydyr deñzi bar. Biziñ çyralarymyz bar bolsa, olaryñ millionlarça ýyldyzlary bar....."

Kakasy garaşýan jogabyndan düýbünden başgaça jogap eşidenine ilkibaşda geñ galýar. Soñra oglunyñ giñ düşünjelidigine, dünýä garaýşynyñ düýbünden başgaçadygyna buýsanýar we ony gujaklaýar.

📝 :Awtory näbelli

📌: Terjimede ýalñyşlyk bar bolsa ötünç soraýan

✏️: Hekaýa barada pikirleriñizi ýazmagy unutmañ!

🤗: Üns berip okanyñyz üçin sag boluñ!

30
193
okurgezer
12.08.2023 22:17

Bir gün bir adam şäherde balyk dükan açýar. Dükanyñ ýokarsyndan hem tagtanyñ ýüzüne "Bu ýerde ter balyk satylýar" diýip ýazýar we asýar. Günlerde bir gün satyjynyñ bir dosty gelip "Elbetde bu ýerde satylýar, başga ýerde satylanok ahyry?!" diýip, tagtanyñ ýüzündäki "Bu ýerde" sözüni öçürdýär. Birnäçe günden soñ ýene bir dosty gelip tagtanyñ ýüzüne seredip: "Sen nä balyklary haýryna berýäñmi? Elbetde satylýar." diýip tagtadaky "satylýar" sözüni hem aýyrýar. Üçünji bir dosty hem gelip "Ter balykmy? Balyk bolmanda-da ter bolarda. Yslanan balygy kim alsyn?!" diýýär. Şeýdip tagtadaky "Ter" sözi hem aýrylýar. Başga bir dosty hem gelip "Balykmy? Bu ýerde balyk sözi gerek däl ahyry. Balyk bu. Näçe kilometr uzaklykdan ysy gelýär. Adamlar bu ýerde balygyñ barlygyny derrew bilerler" diýip tagtadaky "Balyk" sözi hem aýrylýar. Indi dükanyñ ýokarsynda boş tagta galýar. Bäşinji dosty gelip boş tagtany görýär. "Boş tagtanyñ ol ýerde näme işi bar?" diýip boş tagtany ol ýerden aýyrýar. Soñky dosty hem gelip: "Dükanyñ ýokarsyndan "Bu ýerde ter balyk satylýar" ýazgyly tagtany assañ has ýerlikli bolar" diýýär.

- Osho

📝: Kinsun - Pes Etme Mucizeler Yolda kitabyndan

📍: Terjimede ýalñyşlyk bolsa ötünç soraýan

✏️: Hekaýa barada pikirleriñizi ýazmagyñyzy unutmañ

🤗: Üns berip okanyñyz üçin sag boluñ!

35
201
okurgezer
07.08.2023 19:16

Bir aýdymçy bilen bile aýdym aýtmaly bolsadyñ ol haýsy aýdymçy bolardy?

27
425
okurgezer
27.07.2023 08:37

"Kitap okamaýanlara haýpym gelýär" diýdi garşysyndaky ullakan kitap tekjesine seredip, soñra sözüni dowam etdi: "Olar bir durmuş hekaýasyna çolaşyp galýarlar, ýöne biz kitap okaýanlar birnäçe durmuşda ýaşaýarys we şaýat bolýarys"

25
90
okurgezer
21.07.2023 08:23

- Nirä gideris?

+Bilmedim

-Meniñ üçin-ä tapawudy ýok

+Meniñ üçinem tapawudy ýok

-Bolýar onda nirä gidýäs?

-Özüñ bilýäñ

21
258
okurgezer
14.07.2023 01:10

Soraglar:

📚 1. Kitap okamak endigiñiz (höwesiñiz) haçan we nädip döredi?

📚 2. Ilkinji okan kitabyñyzyñ ady?

📚 3. Iñ soñky gezek haçan kitaphana (kitap dükanyna we ş.m) gitdiñiz?

📚 4. Daşary ýurt dilinde okan ilkinji kitabyñyzyñ ady?

📚 5. Size iñ köp maslahat berlen kitap we ýazary?

Jogaplaryñyza garaşýaryn 🙂

26
258
okurgezer
11.07.2023 20:17

Siz haýsy fantastik romany halaýarsyñyz?

Harry Potter

Ýüzükleriñ Hökümdary

13
112
okurgezer
10.07.2023 04:33

Şu kitaby okanlar barmy arañyzda? Pikirleriñizi ýazsañyz 🙃

Jose Mauro de Vasconcelos. Güneşi Uyandıralım

19
310