okurgezer
14.08.2023 20:45

Bir gün bir baý kaka ogluna durmuş sapagyny bermek maksady bilen ony obanyñ iñ garyp maşgalasyna birnäçe günlik bolmaga ugradýar.

Birnäçe günden soñra ogluny öýüne getirip: "Oglum, sen ol obada, maşgalada ýaşamak bilen nämä göz ýetirdiñ, näme öwrendiñ?" diýip soraýar.

Ogly bolsa: "Men olaryñ bizden has baýdygyna göz ýetirdim, kaka!" diýýär.

"Biziñ ýekeje bagymyz bar bolsa, olaryñ uly tokaýlyklary bar. Bizde kiçiräk howuz bar bolsa, olaryñ giñ derýalarydyr deñzi bar. Biziñ çyralarymyz bar bolsa, olaryñ millionlarça ýyldyzlary bar....."

Kakasy garaşýan jogabyndan düýbünden başgaça jogap eşidenine ilkibaşda geñ galýar. Soñra oglunyñ giñ düşünjelidigine, dünýä garaýşynyñ düýbünden başgaçadygyna buýsanýar we ony gujaklaýar.

📝 :Awtory näbelli

📌: Terjimede ýalñyşlyk bar bolsa ötünç soraýan

✏️: Hekaýa barada pikirleriñizi ýazmagy unutmañ!

🤗: Üns berip okanyñyz üçin sag boluñ!

30
193
kamil
14 Awgust 2023
Think Simple 🙂👍
rhgb
14 Awgust 2023
👍gowy hekaya eken
wolf
14 Awgust 2023
👍🔥👍🔥👍👏
okayjy
14 Awgust 2023
Ýalñyşmasam 🤔. Halallyk kyssalary kitabynda bolmaly. Gowy hekaýa ýagny çagalaryñ dünýägaraýşy ulylaryñka garañda has sada bolýa 👍
king_tm
14 Awgust 2023
👍
gurbanowa
14 Awgust 2023
👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.