Bir gün bir adam şäherde balyk dükan açýar. Dükanyñ ýokarsyndan hem tagtanyñ ýüzüne "Bu ýerde ter balyk satylýar" diýip ýazýar we asýar. Günlerde bir gün satyjynyñ bir dosty gelip "Elbetde bu ýerde satylýar, başga ýerde satylanok ahyry?!" diýip, tagtanyñ ýüzündäki "Bu ýerde" sözüni öçürdýär. Birnäçe günden soñ ýene bir dosty gelip tagtanyñ ýüzüne seredip: "Sen nä balyklary haýryna berýäñmi? Elbetde satylýar." diýip tagtadaky "satylýar" sözüni hem aýyrýar. Üçünji bir dosty hem gelip "Ter balykmy? Balyk bolmanda-da ter bolarda. Yslanan balygy kim alsyn?!" diýýär. Şeýdip tagtadaky "Ter" sözi hem aýrylýar. Başga bir dosty hem gelip "Balykmy? Bu ýerde balyk sözi gerek däl ahyry. Balyk bu. Näçe kilometr uzaklykdan ysy gelýär. Adamlar bu ýerde balygyñ barlygyny derrew bilerler" diýip tagtadaky "Balyk" sözi hem aýrylýar. Indi dükanyñ ýokarsynda boş tagta galýar. Bäşinji dosty gelip boş tagtany görýär. "Boş tagtanyñ ol ýerde näme işi bar?" diýip boş tagtany ol ýerden aýyrýar. Soñky dosty hem gelip: "Dükanyñ ýokarsyndan "Bu ýerde ter balyk satylýar" ýazgyly tagtany assañ has ýerlikli bolar" diýýär.
- Osho
📝: Kinsun - Pes Etme Mucizeler Yolda kitabyndan
📍: Terjimede ýalñyşlyk bolsa ötünç soraýan
✏️: Hekaýa barada pikirleriñizi ýazmagyñyzy unutmañ
🤗: Üns berip okanyñyz üçin sag boluñ!