numa
29.03.2023 01:08
Dereksiz är (2- nji bölümi bolan waka)
Men öz atam öýümde iki çagam bilen ýaşaberdim.
Seýdulla bolsa nikam pozmak üçin berlen arzama gol çekmedi.
Hatda çagyrlanda-da gelmedi.
Aýrylyşmak üçin bize 6 aýlyk puruja berildi.
Ol şonda-da arzaňy yzyna alyber, men barman we aýrylyşmaga men garşy, saňa towugyňa tok diýýan yok, getirleni ulanyp bilseň bolýar, otyrda hudaý diýde, erkekleriň başy boşý barmy ,nirniň gürrüňni etýäň: - diýip gaýtam müýnüm badyr öýdenok
Biz şeýdip aýry aýrylykda ýaşaberdik.
Ony soň men görmedim.Ondan bize hiç hili goldaw bolmady.
Uly agam barlyja ýaşansoň ol maňa doly goldaw berdi.
Ýene doganda, çagalarym üçin ony- muny getirýärdi, puldan hor edenokdy. Özbaşymyza üç otagly jaý salyp berdi
Seýdulla bolsa,
hatda bir gezek hem öýe dolan diýip gelmedi
Men şeýdip ärli halyma ýarym dul bolyp iki çagam bilen ýaşaberdim.
Çagalarym bolsa aralygynda näme gerek bolsa kakasyna dälde daýysyna kaka diýýardi, oňa jaň edip gerek zadyn sorap alyp ýörerdi , oňada azar bermedim
Oturyp otyryp janym ýanýady, çagalary üçin ölüp- öçüp otyran , adam nadip birden geçip bilýärkä,biziň şu ýaşaýşymyz ýaşaýyşmy herimiz bir ýanda
Ol maňa çürk kesik aýdypdy, gezjek, gezaýjek wagtym, hiç kimi zorlamok, özleri meniň üstümde ölşük,men olary özüm idap duramok ,özleri ruhsat berýar, maňa name ýaşlygym hözürin görjek, senem ynha öý ,ýöne meniň işime goşylma, şo zady men taşlap bilemok, etjek, sen göwneseň hem etjek, göwnemeseň hem ederin, işiň bolmasyn:- diýip çürk kesik aýdypdy.
Onyň agzy tagam tapypdyr, günde täze duşuşyk, günde bir söýgüli onyň kellesin doly aldy, onyň bar oý pikiri diňe özin bilip, wagtyny hoş geçirmekdi
Günüme kaýyl bolyp atam öýümiň gapdalyňdaky mellekde doganmyň salyp beren jaýynda ýaşaberdim.
Ikilenji durmyşa çykmadym, çykjak diýemde-de meniň nikam pozylmadykdy
Nädeýin kelep uçyn bir ýitirseň çözlemek kyn bolýar eken, menem nira urunjagym bilmän takdyrda maňlaýyma ýazylany bilen oňut etmeli boldym.
Seýdulla bilen arabaglanşygym diňe bu iki çaga bolyp galyberdi.
Aradan 11-12 ýyl geçdi.
Bu ýyllaryň içinde ony bir gezek hem görmedim.
Işde wezipesi ulanansoň bizden uzaklara gidipdi. Çagalar hem näme obaň içi bolansoň karende ýermizde oglym bilen güýmeniberdim.
Gyzym bolsa 14-15 ýaşda bolansoň oda öýiň işi we tikin çatyn bilen gumra bolyp ýördi. Çagalary ese boýa galdy idemedi,hawar hem tutmady. Oglym akly ýetensoň bir gün çaý başynda sorag beripdi:
- eje biziň kakamyz diýip ýörenmiz daýym ahyry, biziň hakyky kakamyz nirde, onyň bilen araňda name boldy,nameüçin kakamyz barka,biz daýyma kaka diýip ýörüs, nämeüçin hakyky kakamyzy bir gezek hem göremizok ol hem bizi nämeüçin idänok, ýa ol seni erbet urýardymy, nameüçin biz mamamlarda ýaşaýas, kakam öz jaýy hem bar ahyry, biz näme üçin bile ýaşamyzok, şu men özumi bilip kakamyň öýden örňänin göremok, ejejan aýtsana araňda näme boldy, biz barly ýeriň çagasy bolyp nämeüçin garyp ýaşaýas!? - diýip meni durmyşdaky jogaby yok soraglardan üstümi basyp goýdy
- balam,kakaň meni uranogam, sögenogam, ine sen 16 ýaşadyň,şol ýyllarda heý bir gezek bir ol çagalarym bar diýip idedimi, sizden geçdi, soň biz nämeüçin ony idemeli, ynha ulanarsyň, bu soraglaryň barsyna durmyşyň özi jogap berer,menden welin hiç zat sorama, maňa ol adamyň haramdan ýygnanan puly hem gerekdäl, seredeni hem gerekdäl,iýere çöregimiz bar, geýere eşigiňiz bar barymyzdan oňut edip sizi halal zähmetim bilen ulandym. Ondan soň hem haram iýdirmejek bolaryn: - diýdimde, soň hem dymdym ...
Oglym orta mekdebi gutardy, watan öňindaki gullyk borjyn ýerine ýetirip geldi. Uly doganym kömegi bilen maşyn alyp berdik, şaherde gaz edarada işlap ýördi
Günlerlerde bir gün öýde gyzym bilen oba mekdebiň mugallymlarynyň otyrgyçlaryna matadan daş geýdirmeli diýip gyssagly otyrgyçlara daşlyk tikmeli diýip 120 sany otyrgyçyň daşlygyn 3 manatdan getirip gitdiler.Gyssagly zakaz alyp şony ýetişdirjek bolyp gyzyma kömek berip otyrkam, öýe jaň geldi.
- Salam, siz Owadan Aşyrowamy
- hawa men şol
- men welaýat polisiýa bölüminden, gyssagly siz polisiýa gelip bilmersiňizmi
- waý hä eýgilikmi, jan balam name boldy, ýa oglym Süleýmanjan bir zatlar edaýdimika
- yok, gorkmaň, gorkara zat ýok, edara geliň bar zady düşundiris
- bor jigim hazir 10-15 minutdan barýan
Trupkany goýyp agama jaň etmäge hem howlygyp aýagym aýagyma çolaşyp olara ylgadym, baryp doganymy alyp welaýata, polisiýa bölüme gitdik
Bardyk, ýol boýy ýeke oglyma hem bir zat bolandyr diýip aglap gitdim, nämede bolsa çöregimiz bitin eken, Süleýmanjana hiç zat hem bolmandyr, ýöne onyň gorkandygy welin gözinden aňyp bolýady
Name boldy,hany düşündiriň: - diýdim
Polisiýa bölümiň işgari: oglyňyz batly maşyn sürüp gelýarkä ,yzyndan gelýan maşyn birden öňe geçip, ol hem öňden gelýän gapba garşy uly ýük maşyn bilen kakyşyp, ol maşyn togalanyp, togalanyp ýoldan çykyp we onyň içindaki är aýal badabat jan beren, emma 6-7 ýaşlaryndaky oglanjyk bolsa çöregi bitin bolyp diri galan, siziň oglyňyz, ol çagany hassahana getirdi we getiren badyna hem polisiýa işgari tarapyn tussag edildi.
Ol işi siziň oglyňyz etmedigni anyklamak üçin derňew topary ugradyldy we wakaň bolan ýeri doly anyklandy, ol ýük maşynyň hem sürjüsi badabat jan beripdir
Şonyň üçin oglyň üçin şu resminama gol çekseňiz boldy, oglyňyzy alyp gidip bilersiňiz :-diýdi
Biz doganym bilen Süleýmanjany öýe alyp gaýdyk, Süleýmanyň maşyny welin soň gelip alyp gideris diýip polisiýa bölüminde goýup gaýdyk
Öýe ýetiberemizde ýene jaň geldi
Bizi ýene polisiýa bölüme gelip gitmegimizi sorady,Süleýmany öýde düşürip doganym goňşymyzy hem alyp ýene täzeden yzymyza dolandyk
Bardyk, ýöne bu gezek welin gaty agyr düşdi
Polisiýa bölüminiň hawary gaty elhençdi.Ol hem şo maşynyň sürjüsi we ýanyndaky ýaşajyk gelin Seýdullady. Ol bir ýaş gyzy alyp bile ýaşapdyr. Binikadan dörän şo Süleýmanjanyň halas eden oglanjygy bolsa onyň oglydy. Süleýmanjan bilen eje başga dogandy
Mende güýç ýokdy. Öýe dolandyk. Seýdulla bilen onyň soňky alan gelnini öz öýinden çykardyk.
Meni gaýynlarym çagalarym bilen akyp gitdi. Öliň hatyrasy üçin men yok diýip bilmedim
Wah bu durmyşyň oýnaýan oýnyny, entek hem adam çydaýa eken, bar geçmişimizi ýuwutmaly boldym.
Seýdullaň aşyn suwyn berip, hemme edilmeli aýat töwürleri edildi.
Gaýnym gaty garrapdyr, Süleýmanjany bagryna basyp, wah guzym edilje kakasynyň ýüzüdä, oglum ýaşajyk bolyp dolanyp gelen ýaly boldym:- diýdi
Süleýmanjanyň halas eden oglanjygy bolsa hassahanadan göni öýe getirdik.
Onyň keşbi Süleýmanjanyň kiçijekligi ýalydy.
Adyna hem Dawut goýlan ekeni. Haçanda ol bolanda uly oglym Süleýman bu bolsa Dawut bolsun, irde giçde olar bir birin tapyşarlar we özlerniň dogandygny bilerler diýip goýdy,diýdi-de gaýnym gürrüň berdi
Durmyş dowam etýar. Bu öýi terk edenme 16-17 ýyl geçsene, ýene çagalarym üçin aýlanyp, aýlanyp öz ojagyma dolanmaly boldym....
Awtor: Nowça
Çeşme : interesnoe.me
14
296
numa
28.03.2023 07:48
Dereksiz är. (bolan waka 1- nji bölümi). O wakalar ýadyma düşse geçen ömrümi şeýle bir ýigrenýan welin, hatda ýaşasym hem gelenok, bu durmyşda.
Iň gowsy başdan aýdaýyn.
O mahallar men ýetgitjek gyzdym. Adym hem Owadandy.
Men obamyzdaky orta mekdebi gutardym .
Okuwy gutaranyma mähetdel öýdäkiler meni daýzamyň eltisiniň oglyna durmyşa çykmagyma razy etdiler
Olar menden sorap hem durmadylar, daýzam dagy gudaçylyga gelende bolýa, bolýa edişdiler.
Aý näme türkmen toýyda, bizem obada ýaşamyzsoň obaň içinde köçäni baglap toý etmeli boldyk.
Baran ýigdim men kiçirakgäm daýzamlara gezmäge baranymda görýardim.
Soň ony görmedim. Ol okuwyn dowam edipdir, gelip hem uly daşary ýurt firmalaryň birine dilçi bolyp işe başlapdyr.
Ilki günler günüm adaty,gül ýaly geçip durdy. Ýoldaşym Seýdulla söýmesede erbet hem görenokdy we üstümde ölüp-öçüp hem baranokdy.
Işi düşewüntlije bolansoň diňe daşary ýurtlylar bilen işläp özi hem şolara meňzap gitdi.
Onyň türkmençilige sygmaýan hereketleri daş gulakdan eşdilip başlady.
Ol pulyň içinde ýaýnap ,injigi götermedi.
Iller bir telefony doly eýgerip bilenok,welin munda bolsa 4-5 - si bardy.
Her telefonynda biriki ýa iki söýüşýän gyzlary hem ýetikdi.
Seniň bu etmaň bolanok ,gyzlary gününe goý, gyz bilen oýun etme, olaryň ahy tutar, el degirme, gezjek bolsaň gelinler kandirä, diýip doly ruhsat bersemde hiç meni diňlemedi.
Özäm diňe gyzlar bilen iş salşyp olara telefon, gyzyl sowgat edip, yrylmajak gyz barmaý ,şu döwürde diýip, bir zat diýsem hem anha ýol gidiber kaýyl bolsaňa şu durmyşa kaýyl bol, iýseň ýag, geýseň ýüpek, sowsaň hem ynha pul diýip ummasyz puly öňüme dökerdi.
Men bolsa onça baýlyk gözüme ilenokdy, wah özüm deňe barmaly ekenim baýyň oglyna nameüçin durmyşa çykdymkam diýip, durmyşa çykyp ,şuňa gelenime ökünýardim, öýe welin dolanyp biljek däldim ,sebabi meniň ondan iki çagam bardy.
Olary welin gaty eý görýardi,çagalarym kiçi hem bolsa oýunjagy aňrybaş telefondy.Gysyk däldi.
Meniň janym ýanýan ýeri hem çagalarym hem kakada,kaka diýşip ýapyşyp ýatyrdy.
Soň menem günüme kaýyl bolmakdan başga alaçym ýokdy.
Ol bolsa ýaşajyk gyzlaň gujagynda örňeýardi .
Gyzlar hem toba pul, gymmatbaha sowgat bolsa öýlenen ýa garry diýenoklar, yrlyp dur öýtýän
Özlerini nädip dözýarkäler, ýumruk ýaly bolyp uly adamlaryň gujagyna girmage,Allajan daş etsin her hili gyz barda
Nädeýin durmyşym daşdan seredeňde gul-ala güllük ,bol telki ýaşaýyş, bu durmyşyma höwes etýanler hem gaty kändi.
Seýdulla bir gyzy yrdymy uzak onyň bilen gatnaşyk hem edenokdy,ýene başga birini tapardy.
Gülden güle geçmäni hiç zatça hem görenokdy
Bir zadyň üstünden bararsyň diýip, indi aýdamogam ,aýdamda-da diňlemejegin bilýärdim.
Günlerde bir doganoglanym ogly gullykdan geldi, onyň geldi toýy gije bellediler
Soň menem näme bu çakda öýe ýatymlyk gitmämsoň, olara ýatymlyk gaýdym
Günortan aýdylan janlyny berip, agşamlyk bolsa stol -stullap gullykdan geldi toýyn uludan etdiler
Märeke dargansoň myhmanlaryň birniň maşynynda ýer bolansoň,senem taýyn ulag, ýüzünizi ugryna düşürip geçeris, gitseňa ýör diýdiler
Menem näme irden hem at helak bolyp gitmeli bolandan, şular bilen gidibereýinle diýip gije sagat 1-den soň iki çagam bilen bir jigimi hem ýanyma alyp öýe gaýdym
Olar bizi düşürüp gitdi. Jigim bilen öýi açyp girsek, ýatylýan otagymda goh bar.
Menem waý öýde adam hem yok Seýdulla ýa ýatyrka basyrganýarmyka , ony tuzurmaga dözmän beýleki otaga jigimi we çagalarmy ýatyryp ,bir görüp geleýin diýip, ýuwaşadan ýatylýan otagyma bardym: size ýalan maňa çyn ,öz äriniň bu ýagdaýny her bir ärli gelin gözi bilen göräýse, yzy nahili boljagyn bilemok oňa aýdara söz ýoga, näme diýip aýdaýyn, men näme edendir öýtýaňiz, içikde duran ýerimde doňyp duryn
Şu öýe gelemden bäri şu ikiýüzlilikden, haramlykdan gözüm açylmady
Bu dörän iki çaga hem Alla tarapyn bolan bolaýmasa, ol meniň ýanymdan gidip ýaşajyk gyzlaryň gujagynda ýatanyn kem görenokdy
Işige ýaplanyp gözüm bir nokata bakyp doňyp duryn
Ep esli wagtdan özüme gelen ýaly boldym we naladejeýin ärimiň ýüzine gara tegmili çekip bu öýden gitmek kellä geldi we ejemlere dolanmak üçin yzyma öwürlemde,içikde duran oglymyň oýunjagymy basdym
Oýunjagyň gohyna birhili bolan Seýdulla
- Owadan senmi!? - diýdi
- hawa men diýip zordan diýdim
Seýdulla
- Owadan gitme, eger öýden bir ädim ätleseň men seni idemen: - diýdi
- idäňde näme görjegim şu boljak bolsa idelmänim gowydyr, ýenede:- aglaman zordan diýdim we göni jigimi tuzuryp çagalarmy hem şo egnindaki eşikleri bilen gije sagat 3- 4 - lere öýe gaýdym
Durmyşym bulaşdy, kelep uçun ýitirdim.
Öz düşegimde ýatan gyza, sen utanmaýaňmy iki çagaly erkek bilen çykmadyk halyňa beýle işler etmäge: - diýsem, gaýtam ol seniň çagalar bilen ,janama eliň degenokda, diýip göwni bir ýaly jogap berýara, aý ony pul, telefon, gyzyl bilen agzyny baglanyny men bilýana, şondada nikalymda çagalarym üçin, kän çydadym,çydadygymça buda gaýtam ýaşyndan ýaş gyzlary tapyp öýe getirip başlady
Indi sabyr käsäm dolypdy, indi gözüm bilen turamsoň bu öýde ýeke sekunt hem galyp biljek däldim
Gije öýe geldik
Ejem görgüli ýene ene-dä, jan gyzym öz elim bilen oda oklaýdym öýtýan diýip aglady
- wah, ejejan bärde soziň günäňiz yok, söýüp baran bagtly boljakdy, söýmän baran, ony iki barmak maňlaý bilýär.
Käbäm maňlaýyma ýazylan ýazgytdan çykma ýok
Ejem köşeşer ýaly däldi, iki bolyp gije aglap daňy atardyk
Men bolsa atam öýümde iki çagam bilen ýaşap başlaberdim ....
Dowamy bar
13
434
numa
27.03.2023 04:05
Bellik:Post üýtgedildi‼️♻️
GYZLAR!!!
Eger söýgüliňiz içmese, çilim çekmese, gyzlar bilen gürleşmese, her ýarym size sagatdan jaň etse, smsiñize entäk dastawka gelmanka size jogap ýazsa, köçede entap ýöremese, diñe sizi söýse, ýanyňyzda dandannan agşama cenli aýrlmasa, gözi sizden başgany görmese, dürdip göriñ ölip galmadymyka !!!
BAGTLY BOLMAK ÜÇIN NÄMELER GEREK?
Başgalar üçin näme gerek bilmedim 🤷ýöne maña sen gerek 🥰💖
***
Meni söý diyemok, ýürek seniñki
Meni oýla diyemok, hyýal seniñki
Maña garaş diýemok ,wagt seniñki
Ýöne adyñ ÝÜREGIMDE, Ol meniñki ✊💘
***
Käwagt ýakyn adamyňyzdan bir agz süýji söz
eşidersiñiz we dünýälere sygyp bilmersiň ... belki
Bagt şudyr
***
Hatda iň erbet jenjel edenimizde-de "sen maňa gerek" diýýän adamymyň bolmagyny islärdim .......! ♡
12
284
numa
26.03.2023 11:29
Serhoş (gyşyk) agaçlar .
BELLIK: Biraz garaşsanhz suratlary hem açar
Elbetde, okyjylaryň köpüsi egri tokaý ýaly syrly ýer hakda eşidendirler. Bir seretseň, bu gudratly aňlatma. Emma aslynda Gryfino şäheriniň golaýyndaky Polşada özboluşly we üýtgeşik egri tokaý bar. Bu hadysany uly syr hasaplamak bolar, sebäbi alymlar beýle agaçlaryň näme üçin beýle adaty bolmadyk görnüşde ösmek kararyna gelýändigine entek jogap bermediler. Geliň, bu syrly ýer hakda gyzykly maglumatlara ýüzleneliň.
Gumly tokaýdaky agaçlaryň hemmesi birmeňzeş. Bu sebite girmek diňe ýörite geçelge arkaly bolýar. Şübhesiz, bu agaçlary kesmek ýa-da başga zyýanlar kanun tarapyndan jezalandyrylýar. Käbir myhmanlaryň pikiriçe, guşlaryň we mör-möjekleriň sesi ýok. Aokigahara tokaýynda bolşy ýaly, öz janyna kast etmek!
Agaçlaryň beýikliginiň takmynan 15 metre deňdigini bellemelidiris, bu döwrüň sosnalary üçin ýeterlik däl. Bu adaty bolmadyk beýiklige näme sebäp bolandygy belli däl.
Gyzykly tarapy, serhoş tokaý bir wagtlar tebigatyň işi däl-de, eýsem adamlaryň işi hasaplanýar. 30-njy ýyllaryň synagçylary mebel üçin taýýar önümleri öndürmek kararyna geldiler (gämi bölekleri üçin başga bir wersiýa görä). Şeýle-de bolsa, bu jümle hiç hili tankyt bilen ýüzbe-ýüz bolup bilmeýär, sebäbi egrilere garanyňda göni agajy gaýtadan işlemek has amatly.
Käbir adamlar bu syrly egrem-bugram tokaýyň "ýerli ýaşaýjylary" bu sosnalaryň ösýän wagtynda güýçli ýeller sebäpli döreýär diýip hasaplaýarlar. Ynha, aýdylyşy ýaly, teswir ýok. Otuzynjy ýyllarda mekdep okuwçylarynyň ýaş tokaýlary demirgazyga süýräp, bu tokaýdan geçip barýandyklaryny çaklamak ygtybarlydyr!
Umuman, köp wersiýasy bar. Käbir adamlar temperaturanyň we çyglylygyň üýtgemegi agaçlaryň deformasiýasyna sebäp bolandygyny aýdýarlar. Beýlekiler bularyň hemmesiniň mahow mör-möjekleridigine we ýaş agaçlaryň bir tarapdan ezilýändigine ynanýarlar, şonuň üçinem şeýle egilýärler.
Her niçigem bolsa, gaty gowy we hökman gyzykly. Polşada bolsaňyz, Gryfino şäherinden geçip, egri tokaýa düşüň. Serhet barlag nokadyndan bary-ýogy 40 km uzaklykda, täsin tebigat goraghanasyna girip bilersiňiz.
13
290
numa
17.03.2023 02:04
GINNES REKORTLARYNDAN!!!
Dunyanin in semiz,in uzyn,iñ hapa adamlary we iñ iq sy yokary gyz barada.
Dünýädäki iň semiz adam rakdan öldi
Iñ semiz adam
Agramy 420 kilogram bolan Iňlis Kit Martin 45 ýaşynda rak keselinden aradan çykdy. Bu adam resmi taýdan şol wagt dünýädäki iň semiz adam hökmünde ykrar edilipdi.
Aşgazanynyñ dörtden üç bölegi hirurgiki usul bilen aýrylandan soň, Martin sekiz aýlap ejir çekip ýaşady we soň ol aradan çykdy.
Merhum ölenden gysga wagt soň, operasiýa eden hirurg hökümete ýüz tutup, "çalt naharlara" salgyt salmagy haýyş etdi. Hirurg Miss Martin öýde oturup gamburger, çips, ponçik we beýleki gereksiz iýmitleri iýmek arkaly agramynyň artandygyny aýtdy⁸.
Martin ertirlik üçin alty sany gowrulan ýumurtga, pitsa, hytaý nahary, şaşlyk we günortanlyk üçin uly Mac iýdi. Her gün alty bakal kofe we iki litr gazly içdi. Arasynda elmydama şokolad, köke we beýleki süýjüleri iýýärdi.
"Emosional kynçylyklary sebäpli iýmitden teselli gözledi we çalt nahara çalt öwrenişdi. Hatda kit bir günde beýle köp kaloriýa kabul etmeýär "-diýdi lukman Kesava Mannur.
Martin ölmezinden biraz öň Iňlis telewideniýesi onuň hakda “70 Stone & Dead Dead” atly dokumental film taýýarlady.
***
1. Soltan Kösen (Türkiýe) - 251 sm
Soltan Kesen häzirki wagtda dünýäde iň beýik adam, boýy 251 sm. Soltan 1982-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkiýede dünýä indi. Aýagynyň uzynlygy 36 sm, bu Brahim Takiolanyňkydan 2 sm az.
Soltanyň beýikligi gipofiz çişi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ol diňe hasanyň kömegi bilen hereket edip biler. Soltanyň ene-atasy adaty boýda. Örän beýikligi sebäpli Soltan mekdebi ahyryna çenli gutaryp bilmedi, şonuň üçin indi ekerançylyk bilen meşgullanýar. Soltan aşa beýikliginiň artykmaçlyklaryny görmäge synanyşýar: bagdaky beýik agaçlar bilen aňsatlyk bilen işläp biler, lampalary kynçylyksyz çalşyp biler we ş.m. Kynçylyk: eşik tapmak kyn, ahyrsoňy özüňiz pikir ediň, balagyň uzynlygy 113 sm, köýnegiň ýeñiniñ uzynlygy 93 sm, aýakgap 62 razmer ululykda bolmaly. Ýenede bir kemçilik: adaty awtoulaglara sygmazlyk.
2010-njy ýyldan bäri Soltan Wirjiniýa uniwersitetiniň lukmançylyk institutynda bejergi alýar. 2013-nji ýylda tirseginden zordan ýokary bolan Marwa Dibo atly bir aýala öýlendi.
Dünýädäki iň beýik adam ABŞ-ly Robert Pershing Wadlow (1918-1940). Ol henizem taryhyň iň beýik adamy hasaplanýar. Boýy 272 sm, agramy 220 kg. Ol gipofiz gipertrofiýasyndan, adatdan daşary ýokary ösüş gormonynyň döremegine sebäp bolýan keselden ejir çekdi. Robert 22 ýaşynda aradan çykdy, jaýlanyşyna 40,000 adam gatnaşdy.
***
Dunyaniñ iññ kirli adamy:
Dünýäniň iň hapa adamy diýlip atlandyrylýan eýranly Zohid , Pars welaýatynyň günortasyndaky Dejgoh obasynda 94 ýaşynda aradan çykdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda "Hajy daýy" ady bilen tanalýan goja gurluşyk galyndylaryndan ýasalan, kül bilen örtülen bir jaýda ýaşaýardy we 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýuwunmady. Oba adamlarynyň sözlerine görä, ýaşlygynda "emosional depressiýa" başdan geçiripdir we netijede suwa düşmekden ýüz öwrüpdir.
Bir gün ýerli ýaşaýjylar ony obanyň golaýyndaky derýada suwa düşmäge alyp gitdiler. Emma Hajy näme etjekdiklerini bilip, ulagdan böküp gaçdy.
2014-nji ýylda Hajynyň ýolda tapylan iýmit galyndylaryny iýýändigi, haýwanlaryň zyňyndylary bilen doldurylan turbany çilim çekýändigi we arassaçylygyň kesele sebäp bolýandygyna ynanýandygy habar berildi. Muňa garamazdan, birnäçe aý ozal obanyň ýaşaýjylary ony suwa düşmäge yrdylar.
Hajy ölenden soň, "kirlilik" baradaky resmi däl ýazgy ömrüniň köpüsinde ýuwulmadyk hindi bolup biler. Kailash "Kalau" Singh 22 ýyl ozal "sogap umydy bilen" suwa düşmekden ýüz öwürdi. 40 ýaşynda aýal-gyzlara garşy jenaýatlar, territorial dawalar we haýwanlary öldürmek dowam eder eken suwa düşmezlige söz berdi. Singh şu wagta çenli kasamyny bozmady.
***
IQ iň ýokary gyz
Bu gyz ýaňy-ýakynda ene-atasynyň okamak talaplaryndan gaçmak üçin Mensa synagyndan geçdi.
IQ synagy, adam aňynyň derejesini kesgitlemegiň iň takyk usulydyr. Emma bu synagda ýokary bal almak gaty kyn. 2016-njy ýylda Beýik Britaniýadan 11 ýaşly okuwçy Kaşmea Wahi bu synagdan ajaýyp netijeler bilen geçdi - 162 bal. Bu kiçijik gyzyň Albert Einşteýn we Stiwen Hawking ýaly gaty akyllydygy barada netije çykaryp bolar. Gyzdan adamzat üçin ajaýyp we peýdaly açyşlara garaşýarys. Bu bejerip bolmaýan keselleriň bejergisini tapmak barada bolar diýip umyt edýäris.
13
492
numa
16.03.2023 00:18
Bananyň peýdalary
Banan ýatkeşligiňi berkitmek üçin örän peýdalydyr. Hünärmenler günüň dowamynda iýlen bir bananyň ýadawlygy, gaharjaňlygy ýeňletmäge ukybynyň bardygyny belleýärler. Çünki onuň düzümi ýokumly witaminlere baýdyr. Banan şähdiňi açýar hem gujurly, işjeň bolmaga ýardam edýär. Banan bilen süýtden taýýarlanan şerbet ynsan bedeniniň üşükliligini güýçlendirip, bedene rahatlyk berýär. Şeýle-de, bedendäki suwuň hem-de duzuň kadaly mukdarda bolmagyna ýardam berýär.Käbir adamlar her gün banan iýýärler, beýlekiler artykmaç semremekden gorkup, olardan gaça durýarlar. Hawa, banan uglewodlara we kaloriýalara baýdyr.
Köp kaloriýaly bananlar köp babatda peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Banan ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi, myşsa dokumalarynyň işjeňligi we suw deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bolan kaliýiň ajaýyp çeşmesidir. Bu möhüm elementi diňe iýmit bilen alyp bileris we 100 gram bananda takmynan 340 mg bar.
Banan antidepressant täsiri bolan miweleriň biridir. Banan aminokislotaly triptofana baýdyr. Triptofan, bedenimizdäki birnäçe biohimiki proseslerden soň bagt gormony diýlip atlandyrylýan serotonine öwrülýär. Keýpiňi ýokarlandyrmakdan başga-da, ýady, ünsi we ukyny gowulaşdyrýar.
Banan dürli witaminlere hem baýdyr. 100 gram banan, immunitetiň kadaly işlemegi üçin zerur bolan C witamini gündelik zerurlygynyň 11 göterimini öz içine alýar. 100 gram banan nerw ulgamynyň işlemegi üçin zerur bolan B6 witaminine bolan zerurlygyň takmynan 19 göterimini üpjün edýär. Bananlarda A we E witaminleri antioksidant täsirleri bilen bedeni goramaga kömek edýär.
9
97
numa
15.03.2023 10:13
"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy). Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,
(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.
çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.
Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.
Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,
Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,
şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,
çenden aşa köp içende aragy.
şol araklar aksa derýa bordy giñ,
Ikinji orunda galsa gerek Nil,
özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,
çenden aşa köp içende aragy.
Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,
Arak ýörär damarda gan ýöremez,
Iki üç hepdeläp heleý garamaz,
çenden aşa köp içende aragy.
Dostlaryñam hezil edip güldüler,
şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,
(hormat edip) kamerada Aldylar,
çenden aşa köp içende aragy.
ýakynda bolupdyñ edara başlyk,
Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,
şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,
çenden aşa köp içende aragy.
Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,
(şo gün urupdyrlar) dişiñem gitdi,
Bu goşgy sen hakda,
Al!
Oka!
Bitdi...
"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"
2.
**********
Meni aldaýan gyzlar
Düşip galsyn dyrnagy
Synsyn hemme barmagy
Üzilsin çep gulagy
Meni aldaýan gyzlar
Dökilip düşsin bary
Başyndaky saçlary
Zäher bolsyn aşlary
Meni aldaýan gyzlar
Yza gitsin işleri
Gorky bolsun düýşleri
Çùýräp gitsin dişleri
Meni aldaýan gyzlar
*****
Iki sany sklet 💀gurlesip duranmyş.
Biri ikinjisinden soraýar:- Sen nahili adamyñ skedi?
-men semiz adamyñ skledi. Öziñ nahili adamyñ skedi?
-men hor adamyñ skledi
Gorseler skameykada yene bir sklet otyranmys ona halki ikisi baryp: jigim sen nahili adamyñ skedi?
-Men sklet dal 💀❌ men talyp
9
385