numa
15.03.2023 10:13
"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy). Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,

(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.

çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.

Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.

Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,
Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,
şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,
çenden aşa köp içende aragy.

şol araklar aksa derýa bordy giñ,
Ikinji orunda galsa gerek Nil,
özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,
çenden aşa köp içende aragy.

Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,
Arak ýörär damarda gan ýöremez,
Iki üç hepdeläp heleý garamaz,
çenden aşa köp içende aragy.

Dostlaryñam hezil edip güldüler,
şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,
(hormat edip) kamerada Aldylar,
çenden aşa köp içende aragy.

ýakynda bolupdyñ edara başlyk,
Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,
şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,
çenden aşa köp içende aragy.

Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,
(şo gün urupdyrlar) dişiñem gitdi,
Bu goşgy sen hakda,
Al!
Oka!
Bitdi...
"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"
2.
**********
Meni aldaýan gyzlar

Düşip galsyn dyrnagy
Synsyn hemme barmagy
Üzilsin çep gulagy
Meni aldaýan gyzlar

Dökilip düşsin bary
Başyndaky saçlary
Zäher bolsyn aşlary
Meni aldaýan gyzlar

Yza gitsin işleri
Gorky bolsun düýşleri
Çùýräp gitsin dişleri
Meni aldaýan gyzlar
*****
Iki sany sklet 💀gurlesip duranmyş.
Biri ikinjisinden soraýar:- Sen nahili adamyñ skedi?
-men semiz adamyñ skledi. Öziñ nahili adamyñ skedi?
-men hor adamyñ skledi
Gorseler skameykada yene bir sklet otyranmys ona halki ikisi baryp: jigim sen nahili adamyñ skedi?
-Men sklet dal 💀❌ men talyp
9
384
Dovlet Ashyrov
9 Aprel 2023
Men talyp😂🤣🤣
Myhman Myhman
16 Mart 2023
jeeeeeeeeee
numa
16 Mart 2023
Blmk interesnoeden tapdym
Myhman Myhman
15 Mart 2023
Poçti,tas 10 kuplet goşgyny haÿsy şahyr ÿazdyka, отстой (şahsy pikirim) yzyndakam bir erkege gelişmejek gargynç sözler,😏iñsoñky degişme gowy 👍🏻☺️
gultaze
15 Mart 2023
Men sklet dal men talyp 😅😅😅👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.