Dereksiz är (2- nji bölümi bolan waka)
Men öz atam öýümde iki çagam bilen ýaşaberdim.
Seýdulla bolsa nikam pozmak üçin berlen arzama gol çekmedi.
Hatda çagyrlanda-da gelmedi.
Aýrylyşmak üçin bize 6 aýlyk puruja berildi.
Ol şonda-da arzaňy yzyna alyber, men barman we aýrylyşmaga men garşy, saňa towugyňa tok diýýan yok, getirleni ulanyp bilseň bolýar, otyrda hudaý diýde, erkekleriň başy boşý barmy ,nirniň gürrüňni etýäň: - diýip gaýtam müýnüm badyr öýdenok
Biz şeýdip aýry aýrylykda ýaşaberdik.
Ony soň men görmedim.Ondan bize hiç hili goldaw bolmady.
Uly agam barlyja ýaşansoň ol maňa doly goldaw berdi.
Ýene doganda, çagalarym üçin ony- muny getirýärdi, puldan hor edenokdy. Özbaşymyza üç otagly jaý salyp berdi
Seýdulla bolsa,
hatda bir gezek hem öýe dolan diýip gelmedi
Men şeýdip ärli halyma ýarym dul bolyp iki çagam bilen ýaşaberdim.
Çagalarym bolsa aralygynda näme gerek bolsa kakasyna dälde daýysyna kaka diýýardi, oňa jaň edip gerek zadyn sorap alyp ýörerdi , oňada azar bermedim
Oturyp otyryp janym ýanýady, çagalary üçin ölüp- öçüp otyran , adam nadip birden geçip bilýärkä,biziň şu ýaşaýşymyz ýaşaýyşmy herimiz bir ýanda
Ol maňa çürk kesik aýdypdy, gezjek, gezaýjek wagtym, hiç kimi zorlamok, özleri meniň üstümde ölşük,men olary özüm idap duramok ,özleri ruhsat berýar, maňa name ýaşlygym hözürin görjek, senem ynha öý ,ýöne meniň işime goşylma, şo zady men taşlap bilemok, etjek, sen göwneseň hem etjek, göwnemeseň hem ederin, işiň bolmasyn:- diýip çürk kesik aýdypdy.
Onyň agzy tagam tapypdyr, günde täze duşuşyk, günde bir söýgüli onyň kellesin doly aldy, onyň bar oý pikiri diňe özin bilip, wagtyny hoş geçirmekdi
Günüme kaýyl bolyp atam öýümiň gapdalyňdaky mellekde doganmyň salyp beren jaýynda ýaşaberdim.
Ikilenji durmyşa çykmadym, çykjak diýemde-de meniň nikam pozylmadykdy
Nädeýin kelep uçyn bir ýitirseň çözlemek kyn bolýar eken, menem nira urunjagym bilmän takdyrda maňlaýyma ýazylany bilen oňut etmeli boldym.
Seýdulla bilen arabaglanşygym diňe bu iki çaga bolyp galyberdi.
Aradan 11-12 ýyl geçdi.
Bu ýyllaryň içinde ony bir gezek hem görmedim.
Işde wezipesi ulanansoň bizden uzaklara gidipdi. Çagalar hem näme obaň içi bolansoň karende ýermizde oglym bilen güýmeniberdim.
Gyzym bolsa 14-15 ýaşda bolansoň oda öýiň işi we tikin çatyn bilen gumra bolyp ýördi. Çagalary ese boýa galdy idemedi,hawar hem tutmady. Oglym akly ýetensoň bir gün çaý başynda sorag beripdi:
- eje biziň kakamyz diýip ýörenmiz daýym ahyry, biziň hakyky kakamyz nirde, onyň bilen araňda name boldy,nameüçin kakamyz barka,biz daýyma kaka diýip ýörüs, nämeüçin hakyky kakamyzy bir gezek hem göremizok ol hem bizi nämeüçin idänok, ýa ol seni erbet urýardymy, nameüçin biz mamamlarda ýaşaýas, kakam öz jaýy hem bar ahyry, biz näme üçin bile ýaşamyzok, şu men özumi bilip kakamyň öýden örňänin göremok, ejejan aýtsana araňda näme boldy, biz barly ýeriň çagasy bolyp nämeüçin garyp ýaşaýas!? - diýip meni durmyşdaky jogaby yok soraglardan üstümi basyp goýdy
- balam,kakaň meni uranogam, sögenogam, ine sen 16 ýaşadyň,şol ýyllarda heý bir gezek bir ol çagalarym bar diýip idedimi, sizden geçdi, soň biz nämeüçin ony idemeli, ynha ulanarsyň, bu soraglaryň barsyna durmyşyň özi jogap berer,menden welin hiç zat sorama, maňa ol adamyň haramdan ýygnanan puly hem gerekdäl, seredeni hem gerekdäl,iýere çöregimiz bar, geýere eşigiňiz bar barymyzdan oňut edip sizi halal zähmetim bilen ulandym. Ondan soň hem haram iýdirmejek bolaryn: - diýdimde, soň hem dymdym ...
Oglym orta mekdebi gutardy, watan öňindaki gullyk borjyn ýerine ýetirip geldi. Uly doganym kömegi bilen maşyn alyp berdik, şaherde gaz edarada işlap ýördi
Günlerlerde bir gün öýde gyzym bilen oba mekdebiň mugallymlarynyň otyrgyçlaryna matadan daş geýdirmeli diýip gyssagly otyrgyçlara daşlyk tikmeli diýip 120 sany otyrgyçyň daşlygyn 3 manatdan getirip gitdiler.Gyssagly zakaz alyp şony ýetişdirjek bolyp gyzyma kömek berip otyrkam, öýe jaň geldi.
- Salam, siz Owadan Aşyrowamy
- hawa men şol
- men welaýat polisiýa bölüminden, gyssagly siz polisiýa gelip bilmersiňizmi
- waý hä eýgilikmi, jan balam name boldy, ýa oglym Süleýmanjan bir zatlar edaýdimika
- yok, gorkmaň, gorkara zat ýok, edara geliň bar zady düşundiris
- bor jigim hazir 10-15 minutdan barýan
Trupkany goýyp agama jaň etmäge hem howlygyp aýagym aýagyma çolaşyp olara ylgadym, baryp doganymy alyp welaýata, polisiýa bölüme gitdik
Bardyk, ýol boýy ýeke oglyma hem bir zat bolandyr diýip aglap gitdim, nämede bolsa çöregimiz bitin eken, Süleýmanjana hiç zat hem bolmandyr, ýöne onyň gorkandygy welin gözinden aňyp bolýady
Name boldy,hany düşündiriň: - diýdim
Polisiýa bölümiň işgari: oglyňyz batly maşyn sürüp gelýarkä ,yzyndan gelýan maşyn birden öňe geçip, ol hem öňden gelýän gapba garşy uly ýük maşyn bilen kakyşyp, ol maşyn togalanyp, togalanyp ýoldan çykyp we onyň içindaki är aýal badabat jan beren, emma 6-7 ýaşlaryndaky oglanjyk bolsa çöregi bitin bolyp diri galan, siziň oglyňyz, ol çagany hassahana getirdi we getiren badyna hem polisiýa işgari tarapyn tussag edildi.
Ol işi siziň oglyňyz etmedigni anyklamak üçin derňew topary ugradyldy we wakaň bolan ýeri doly anyklandy, ol ýük maşynyň hem sürjüsi badabat jan beripdir
Şonyň üçin oglyň üçin şu resminama gol çekseňiz boldy, oglyňyzy alyp gidip bilersiňiz :-diýdi
Biz doganym bilen Süleýmanjany öýe alyp gaýdyk, Süleýmanyň maşyny welin soň gelip alyp gideris diýip polisiýa bölüminde goýup gaýdyk
Öýe ýetiberemizde ýene jaň geldi
Bizi ýene polisiýa bölüme gelip gitmegimizi sorady,Süleýmany öýde düşürip doganym goňşymyzy hem alyp ýene täzeden yzymyza dolandyk
Bardyk, ýöne bu gezek welin gaty agyr düşdi
Polisiýa bölüminiň hawary gaty elhençdi.Ol hem şo maşynyň sürjüsi we ýanyndaky ýaşajyk gelin Seýdullady. Ol bir ýaş gyzy alyp bile ýaşapdyr. Binikadan dörän şo Süleýmanjanyň halas eden oglanjygy bolsa onyň oglydy. Süleýmanjan bilen eje başga dogandy
Mende güýç ýokdy. Öýe dolandyk. Seýdulla bilen onyň soňky alan gelnini öz öýinden çykardyk.
Meni gaýynlarym çagalarym bilen akyp gitdi. Öliň hatyrasy üçin men yok diýip bilmedim
Wah bu durmyşyň oýnaýan oýnyny, entek hem adam çydaýa eken, bar geçmişimizi ýuwutmaly boldym.
Seýdullaň aşyn suwyn berip, hemme edilmeli aýat töwürleri edildi.
Gaýnym gaty garrapdyr, Süleýmanjany bagryna basyp, wah guzym edilje kakasynyň ýüzüdä, oglum ýaşajyk bolyp dolanyp gelen ýaly boldym:- diýdi
Süleýmanjanyň halas eden oglanjygy bolsa hassahanadan göni öýe getirdik.
Onyň keşbi Süleýmanjanyň kiçijekligi ýalydy.
Adyna hem Dawut goýlan ekeni. Haçanda ol bolanda uly oglym Süleýman bu bolsa Dawut bolsun, irde giçde olar bir birin tapyşarlar we özlerniň dogandygny bilerler diýip goýdy,diýdi-de gaýnym gürrüň berdi
Durmyş dowam etýar. Bu öýi terk edenme 16-17 ýyl geçsene, ýene çagalarym üçin aýlanyp, aýlanyp öz ojagyma dolanmaly boldym....
Awtor: Nowça
Çeşme : interesnoe.me