nepesowna
24.09.2023 00:46



Käwagt durmuşda hiç zadyň we hiç kimiň döwüp bilmeýän baglanyşyklary bolýar. Käwagt hakykatdanam hemme zatda seni goldajak bir adamy tapmagy başararsyň. Belki, siz onuň bilen durmuş gurarsyňyz we toýuňyz edil erteki ýaly bolar... Ýöne seniň bil baglap biljek adamyň, ol seni seniň özüň ýaly, ýa-da ondan azajyk gowy bilýän hem düşünýän adam... ol seniň hemişe ýanyňda bolan dosduňdyr.

27
85
nepesowna
23.09.2023 09:42

Ähli zat üýtgeýär. Durmuş üýtgeýär. Adamlar üýtgeýär. Bir tarapdan hemmesi gowy. Ýöne käwagt şeýle bir ýetmezçilik edýär. Şol öňki durmuş. Şol öňki adamlar...

23
71
nepesowna
22.09.2023 09:00

Bir baý adam bolupdyr. Ol gaty baý, köşk ýaly öýi, birnäçe hyzmatkärleri, sakçylary, garawullary bar. Bir gün baý adam daşary ýurda iş maslahatyna gitmeli bolýar. Ertesi gitmeli gün diýlende onuň garawuly bir düýş görýär. Düýşünde hojaýynyň münen uçary aşak gaçyp, hojaýny hem ölýär. Garawul gören düýşini hojaýnyna aýdyp berýär. Ony gören düýşüne ynandyrýar. Baý adam oňa ynanyp maslahata gitmeýär. Eger garawulyň aýdany bolmasa ony işden kowjagyny aytýar. Ertesi gün çyndanam uçar heläkçilige uçraýar. Içindäki adamlar ölýär. Garawulyň aýdany hakykat bolup çykýar. Ýöne şonda-da hojaýyn garawuly kowýar.

Sorag: näme üçin?🤷🏻‍♀️

21
151
nepesowna
21.09.2023 08:44

Özüňe görä


Müň dürli boluşym bar bolup biler,

Sözlem kimsä ýyly, ýa gar bolup biler,

Oňa gowy, saňa ýamanrak bolsam,

Göwnümde bir kinäm bar bolup biler.



Bolýan menem hemmäň özüne görä,

Bakýan maňa bakan gözüne görä,

Sözlem haýbat bilen eşdilýän bolsa,

Jogabyň alýansyň sözüňe görä.



Hajymyrat

17
44
nepesowna
20.09.2023 15:31

Mähirsiz hem haýran galdyrmaýan söýgi - bu diňe dostluk.

Žorž Sand


Söýmek - beýlekilere görünmeýän gudraty görmek.

Fransua Moriak


Kimdir biriniň özüňi söýýänligini bilseň, onda ýalňyz bolmak gowy zat.

Animal Jaz


Söýmek başga biriniň bagtynda öz bagtyňy tapmakdyr.

Gortfrid Leýbnis


Aşyk bolan adamalar özleriniň ýiten böleklerini tapmagyň gözlegindedirler.



Söýýänligi üçin söýýär, söýmeýänligi üçin söýenok. Duýgynyň hem hyjuwyň logikasy gysga bolýar.

Aleksandr Berseň


Mähriban ýürek biwepa bolup bilmeýär.

Balzak

20
110
nepesowna
19.09.2023 01:02

Bagyşlamak bu iň beýik hem iň owadan köňle mahsusdyr...

25
68
nepesowna
18.09.2023 10:46

Durmuşda 3 sany hakykat bar:

1. Adam çep gözi bilen hat okap bilmeýär.

2. Muny okan samsyk derrew barlap görýär.

3. Özüniň samsykdygny bilibem gülýär😅😅

24
277
nepesowna
17.09.2023 08:58

Mekdep - bu 11 ýyl ejir çekmek 🥵🥵🥵

Mekdep - bu şatlykly pursatlar 🤣🤣🤣

Mekdep - bu sapakda uçýan hatlar 💌💌

Mekdep - bu hemişe seni goldaýan synpdaşlaryň 🧑‍🤝‍🧑👭👬👫

Mekdep - bu iň ýakyn ömürlik dost 👬👭

Mekdep - bu barlag işde göçürişler🙄😏

Mekdep - bu sapakdaky uruşlar 👊👊👊

Mekdep - bu iň ýakymly jaň sesi🔔🔔🔔

Mekdep - bu algebradaky üçlükler☺️☺️☺️

Mekdep - bu ilkinji söýgi♥️💑♥️

Mekdep - bu ömrümiziň ajaýyp döwri 🤣🥰😍🥳😡♥️✌️👌

21
107
nepesowna
16.09.2023 23:33

Bir gün ölmek üçin her gün ýaşaýas...

23
52
nepesowna
07.08.2023 10:03

Link - ICQ' y öldürdi

YouTube - telewizory öldürdi

Diskler - kasetalary öldürdi

El telefonlar - öý telefonuny

Sms - haty öldürdi

Pul - hakyky söygüni

Makýaž - tebigy gözelligi

Ýöne iň esasysy Dünýä şeýlebir ýagdaýa geldi welin

Adam - adamçylygy öldürdi...

41
227