Özüňe görä
Müň dürli boluşym bar bolup biler,
Sözlem kimsä ýyly, ýa gar bolup biler,
Oňa gowy, saňa ýamanrak bolsam,
Göwnümde bir kinäm bar bolup biler.
Bolýan menem hemmäň özüne görä,
Bakýan maňa bakan gözüne görä,
Sözlem haýbat bilen eşdilýän bolsa,
Jogabyň alýansyň sözüňe görä.
Hajymyrat