nepesowna
22.09.2023 09:00

Bir baý adam bolupdyr. Ol gaty baý, köşk ýaly öýi, birnäçe hyzmatkärleri, sakçylary, garawullary bar. Bir gün baý adam daşary ýurda iş maslahatyna gitmeli bolýar. Ertesi gitmeli gün diýlende onuň garawuly bir düýş görýär. Düýşünde hojaýynyň münen uçary aşak gaçyp, hojaýny hem ölýär. Garawul gören düýşini hojaýnyna aýdyp berýär. Ony gören düýşüne ynandyrýar. Baý adam oňa ynanyp maslahata gitmeýär. Eger garawulyň aýdany bolmasa ony işden kowjagyny aytýar. Ertesi gün çyndanam uçar heläkçilige uçraýar. Içindäki adamlar ölýär. Garawulyň aýdany hakykat bolup çykýar. Ýöne şonda-da hojaýyn garawuly kowýar.

Sorag: näme üçin?🤷🏻‍♀️

21
151
nepesowna
22 Sentýabr 2023
@0878, dmoo bildi jogabyny
nepesowna
22 Sentýabr 2023
@dmoo, dogry bildiňiz👏
guga00
22 Sentýabr 2023
Dmoo bn ylalashyan
dmoo
22 Sentýabr 2023
Garwulçylyk edip ýorkä ýatany üçin🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.