Islenilýän gyz
Öz diýýän gyzyma tapamok heniz,
Beýle diýsem, üýtgeşik zat gerek däl.
Men bir sa:p sypaýy oba oglany,
Ýogsa bilýän jalaýja gyz seret kän.
Gyzam, gyz şekilli bolup uýalsyn,
Köýnegniň gapdalna dilik islämok.
Sada türkmen köýneklerin geýinsin,
Ýakaň deregine ilik islämok.
Utançdan, haýadan bolsun habarly,
Jiňkerip oglana bakyp durmasyn.
Agzynda sakgyjyn waçjyklap ýöne,
Sujaryp içiňi ýakyp durmasyn.
Boýag diýeniňem bolmaly çeni,
Gat-gatdan çalmasyn öçürip nurun.
Öý suratda başga, köçede başga,
Şolmyka, dälmikä aňalyp durun.
Gyzy bezeýän zat mylaýym mähir,
Arassa, namysjaň kalbyň aklygy.
Olar öwrenmeli köpbilmegi däl,
Gyzlara gelişýän mahsus zatlary.
Irden internetde gözün açmasyn,
Ilki bilen: süpürsin ol howlyny.
"Ejem eder" diýip işden gaçmasyn,
Endik etsin sagmaga-da "Höwlüni".
Durmuşa çykmazdan ozal öwrensin,
Nahar bişirmegi, çörek ýapmagy.
Bu zatlary gury ýerden aýdamok,
Käsi bilenok ýumurtga çakmagy.
Alamsoň ejeme hormatyn goýsun,
Bir zat haýyş etse gaýtman kejine.
Gelin diýen baran ýerine uýsun,
Ene-atasyny goýman ejire.
Ga:lsyn hem diýemok döwürden yza,
Il-güne goşulyp okap, işlesin.
Asyl gelişmeýän şu dälmi gyza -
Boş gep-gybat üçin ile üýşmesin.
Gördüňmi, aňsatdyr "öýlend-ä" diýmek,
Ýöne ölçermeli boýy ini bar.
Menem ýalňyşmajak bolaryn welin,
Maňlaýa ýagşysyn ýazsyn Biribar.
Şanazar Hydyrow_🍁