nepesowna
27.09.2023 21:45

Guşlar bilen söhbet açdym

Men bakylyk barada.

Ine, şu ullakan zemin

Hemem şu asman arada.


Dostlaryma sarpa goýdum,

Elýetmez gyzlary söýdüm,

Başýalaňaç gezdim garda,

Ine, şu ullakan zemin

Hemem şu asman arada.


Ýok, gykuwlap däl-de aglap

Geçeninde jiger daglap,

Düşündim men durnalara

Öz köňlümem ahy-zarda,

Ine, şu ullakan zemin

Hemem şu asman arada.


Her näme diýsegem, dostlar,

Gösterilsin bu gün tostlar!

Çünki ýaşamaklyk hezil

Gan urýarka damarlarda,

Ine, şu ullakan zemin

Hemem şu asman arada.


Gussa batmak nämä derkar!

Şatlanmaga hakymyz bar.

Gam çekeris biz aňyrda,

Biz, entek diri ahyry

Ine, şu ullakan zemin

Hemem şu asman arada.


Ýöne ulurak bolalyň,

Uludan tälim alalyň,

Söz açsak näme barada,

Çünki, kiçi bolmak - günä

Ine, şu ullakan zemin

Hemem şu asman arada.



G. Ezizow..🍁

20
37
nepesowna
27 Sentýabr 2023
@aikamm, howwa gowy goşgy👍
aikamm
27 Sentýabr 2023
Gosgyny haladm
aikamm
27 Sentýabr 2023
Gosgyny haladm
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.