Tikinçi gyz saňa bir soragym bar.
Birje nazaryňy dikip bilermiň?
Nepis işleriňe sözüm ýok. Meňem
Ýyrtylan ýüregmi tikip berermiň?
Hajymyrat Goşaýew
Şahyr oglan, berme beýle sowaly.
Uýat bor nazarym eglense sende.
Bolsa-da meň işlerimde nepislik..
Ýürek ýamar ýaly ukyp ýok mende.
Ogulbossan Atdanowa