nepesowna
19.01.2024 22:38
Bolsaň bolýar
Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawudy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar.
Asman hem zemin arasyn
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy
Sen bir zady bilseň bolýar
Maňa mydam gülseň bolýar.
Köşeşmez kalbyň zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç,
Ýa ir bolar, ýa juda giç.
Sen bir zady bilseň bolýar
Çakylygma gelseň bolýar.
Armanym äkider ýeller
Goý, geň görse görsün iller.
Soňky pursat gyssam elleň
Hem bir zady bilsem bolýar
Gujagyňa dolsam bolýar.
17
78
5
nepesowna
18.01.2024 22:28
Durmuşdan hiç zada garaşmadyk ýagdaýyňda, ähli zada eýe bolýaň.
✼ᕯ✼⁎✼ᕯ✼⁎✼ᕯ✼⁎✼ᕯ✼⁎✼ᕯ✼⁎✼ᕯ✼⁎
Когда ничего не ждёшь от жизни, получаешь все
23
75
6
nepesowna
13.01.2024 19:23
Wagt az -
ýaşap başlamankaň gutarýar
19
69
2
nepesowna
24.12.2023 13:02
🎄TÄZE ÝYL GUTLAGY🎄
Köne ýylda aladada bolanlar,
Öýkeleşip göwünlere degenler,
Täze ýylda täze şatlyklar bolsun,
Kineler ýazylyp, ýüzlerňiz gülsün.
❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️❄️
Rysgaldan nur ýagsyn ojaklarňyza,
Bereket dileýän saçaklarňyza.
Açylmadyk bagtlaram açylsyn,
Täze ýylda Allam bagt eçilsin.
☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️☃️
Jan saglyk dileýän puldanam ilki,
Puluň özi tapar öýmizi belki.
Hiç zada dözülmez ata-eneler
Düşümli ýyl bolsun geljek seneler.
🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄
Awtory näbelli
26
29
0
nepesowna
22.12.2023 06:48
Kãwagt gõzlãp tapanyñ dãl-de, duýdansyz duşan bagtly eder.
26
84
8
nepesowna
21.12.2023 21:09
Bir gün baý adam bir garyp adama içi zir-zibilden doly sebet beripdir. Garyp ony güler ýüz bilen alypdyr. Soňra ony döküp, arassalap, owadan güller bilen dolduryp baýa getirip beripdir.
Baý geň galyp şeýle diýipdir: "Sen näme üçin maňa gülden doly sebet berdiň. Men saňa zibil berdim ahyry?"
Garyp jogap beripdir:
"Her bir adam başga bir adama öz ýüreginden çykan zady berer"
30
78
4
nepesowna
09.12.2023 21:27
Kimi söýmelidigini ýürek çözýär,
Kim bilen bolmalydygyny - 𝐘𝐊𝐁𝐀𝐋
26
80
3
nepesowna
05.12.2023 06:07
Wadasyz gatnaşyk ýok, sylagsyz söýgi ýok, ynamsyz ony dowam etmegiň manysy ýok.
დ
Söýgi deregine hiç zat talap edilmeýän ýerden başlaýar.
22
56
1
nepesowna
01.12.2023 22:23
Sen hemmelerden gowy boljak bolma, sebäbi durmuşda senden gowysy hem tapylar...
Sen diňe özüň bol, sebäbi sen ýalysy hiç ýerde ýok. Ba:r, olam diňe sen, ýeketäk sen. ♥özüm♥
@nepesowna
13
19
1
nepesowna
01.12.2023 19:45
𝐻𝑜𝑠 𝑔𝑒𝑙𝑑𝑖𝑛 𝑑𝑒𝑘𝑎𝑏𝑟...
𝐴ℎ𝑙𝑖𝑛𝑖𝑧𝑖𝑛 𝑖𝑙𝑘𝑖𝑛𝑗𝑖 𝑔𝑦𝑠 𝑒𝑟𝑡𝑖𝑟𝑖𝑛𝑖𝑧 ℎ𝑎𝑦𝑦𝑟𝑙𝑦 𝑏𝑜𝑙𝑠𝑢𝑛
❃❃❃
28
101
1
Yene yükle