Bir gün baý adam bir garyp adama içi zir-zibilden doly sebet beripdir. Garyp ony güler ýüz bilen alypdyr. Soňra ony döküp, arassalap, owadan güller bilen dolduryp baýa getirip beripdir.
Baý geň galyp şeýle diýipdir: "Sen näme üçin maňa gülden doly sebet berdiň. Men saňa zibil berdim ahyry?"
Garyp jogap beripdir:
"Her bir adam başga bir adama öz ýüreginden çykan zady berer"