nepesowna
19.01.2024 22:38
Bolsaň bolýar

Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawudy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar.

Asman hem zemin arasyn
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy
Sen bir zady bilseň bolýar
Maňa mydam gülseň bolýar.

Köşeşmez kalbyň zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç,
Ýa ir bolar, ýa juda giç.
Sen bir zady bilseň bolýar
Çakylygma gelseň bolýar.

Armanym äkider ýeller
Goý, geň görse görsün iller.
Soňky pursat gyssam elleň
Hem bir zady bilsem bolýar
Gujagyňa dolsam bolýar.
17
78
nabat_
31 Yanwar 2024
Janaa gaty gowy aýdym🥰🥰🥰🥰
Dusia
20 Yanwar 2024
Suraty çekesim geldi
serdarm
20 Yanwar 2024
🔥🔥🔥
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
😍
Tayler
19 Yanwar 2024
Z.Kakaýewa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.