nepesowna
28.09.2024 20:38
Meniń sòýgim ýeter ikimize-de,
Duśmanlaryń gúlmegine gún berme.
Biz bagtly bolmagy óńden hak etdik,
Sóýýán seni, tut elimden góýberme.

Sóýgi, Kesekden jaý, misden maśyn dál,
Aldanmaly dúnýáń ćúýrúkligine.
Entek ćyn sóýginiń ýitmedigini
Górkezeli dúnýáń górúplerine.

Ýúrek dińe, ýúrek sóýúp baśarýar,
Baý bolmagy nebis sóýýár, ýúrek dál.
Sóýýán seni, ćúnki ýeriń ýúzúnde
Mańa senden baśga barlyk gerek dál.

Názik gúlkiń bilen eret ruhumy,
Seni górúp gaharymdan gowśaýyn.
Sená meni men bolanym úćin sóý,
Menem dińe seniń úćin ýaśaýyn.


* Kuwwat Ýazmuhammedow
11
63
nepesowna
27.09.2024 09:32
💐BAÝRAMYŃYZ GUTLY BOLSUN💐
14
102
nepesowna
27.09.2024 00:46
Ölmägede taýyn şuwagt,
Şeýle doýdum bu janymdan.
Agyr degdi gaty maňa,
Sen gideňsoň meň ýanymdan.

Ýetmese-de saňa golum,
Seniň bilen ýaşaýardym.
Indi bolsa haldan gaçyp,
Adym mazar daşa ýazdym.

Pikirlermi dargatmaga
Hiç hili sebäp tapmadym.
Nädip dözdüň aglatmaga
Gijeler rahat ýatmadym.

Köp zat isledimmi asyl,
Diňe ýanymda bolsadyň.
Diýdiler saňa bedasyl,
Men muňa gulak salmadym.

Bu kalbymda kändi söýgi,
Sen onuň gadryn bilmediň.
Aldadym ony diýýänsiň,
Eý oglan özüň aldandyň.

🍁Geldiýewa Gülbahar
9
50
nepesowna
25.09.2024 23:42
Bir jübüt öz janyna kast etmek kararyna gelip çukura gitdi. Ikisi-de bir wagtyn ozunde bokjek boldular, oglan bokdi, yone gyz sonky minutlarda bokmekden yuz owurdi we soygulsinin yykylmagyna tomasa etdi. Şol wagt hem soygulsi parasyut acdy. Sizin pikirnizce bu yerde kim donuklik etdi ???
8
239
nepesowna
24.09.2024 08:02
Bir adam kafe gidýär. Kafe girmek ucin 1 manat, cykmak ucin 1 manat alynyar.
Adam 1 manat berip kafe giryar. Pulunyn yarsyna iyip icyar we 1 manat berip yzyna cykyar. Ikinji gezek hem giryar, yenede pulunyn yarsyny sowup yzyna cykyar. Adam ucunji, dordunji gezek hem seyle edyar. Dordunji gezekden sonra gapjygyna seretse hic hili puly galmayar.
Sorag: ilki basda adamyn nace manat puly bardy???
12
305
nepesowna
23.09.2024 16:08
Duşmak bagtymyzda ýok eken biziň,
Başga bir näzenin ýar boldy maňa.
Belki, sen henizem ýeke - ýalňyzsyň,
Goşa görünmäge utanýan saňa.


Ýyllar ýüzde goýdy ýakymsyz yzyn,
Gözlerim üýtgemän galypdyr diňe.
Belki sen henizem owadan gyzsyň,
Goja görünmäge utanýan saňa.


# Italmaz Akmyradow
13
38
nepesowna
23.09.2024 13:41
Geçiniň bahasy- 1 teňňe
Sygyryň bahasy- 10 teňňe
Düýäniň bahasy- 50 teňňe
Sizde 5 manat bar. Siz bazardan 100 sany haýwan almaly. Şol 100 haýwanyň içinde şularyň üçüsem bolmaly.
Jemi näçe geçi, näçe sygyr, näçe düýe almaly?
13
248
nepesowna
20.09.2024 00:24
ÇOK GÜZEL BIR SÖZ:

- Eger birine sahip olmak istiyorsan ona kelepçe yerine kanat takicaksin,
o uçabildigi halde senin yanına konuyorsa, o senindir...
12
80
nepesowna
27.06.2024 16:32
Soñuny bilmäge howlugarsyñyz, hökman okap görüñ 😊 💝🎄
Täze ýylyñ öñ ýanyndaky gündi. Della elindäki pullary 3 gezek sanap gördi. Bary ýogy 1 dollar 87 sentdi. Bu bolsa ýoldaşyna täze ýyl sowgadyny almak üçin ýeterlik däldi. Ýöne ol bu täze ýylda hökman ýoldaşy Jimi gutlamak isleýärdi ahyryn. Öýde ýalñyz oturan ýerinden aglamakdan başga edip biljek zady ýok ýalydy. Şeýlede etdi... Biraz wagtdan soñ otagyndaky aýnanyñ öñüne geçip solan ýüzüni synlady. Birdenkäde bogulgy uzyn saçyny çöşüp aşak goýberdi. Della bilen Jimiñ durmuşda iki sany eý görýän zatlary bardy. Olar üçin ol gymmatly zadyñ birä Jimiñ atasynyñ atasyndan miras galan el sagadydy, beýlekisi bolsa Dellanyñ owadan uzyn saçlary. Aýna seredip durşuna Dellanyñ gözünden bir, iki damja ýaş düşdi. Soñra derrew saçyny ýygnadyda şlýapasyny geýip daşary çykmaga howlukdy... Köçelerden ýöräp barýarka aýnasynyñ öñünde saçlar bezelgi duran bir dükany gördi we içeri kürsäp girdi-de oturan aýaldan "meniñem saçymy alarmysyñyz ?" diýip sorady. Şlýapasyny aýryp Dellanyñ saçyny gören aýal " 20 dollar bererin " diýdi. Della derrew ylalaşdy... Indi puly 21 dollar 87 sent bolan Della öz Jimi üçin şäheriñ dükanlaryny bir-birden aýlanyp başlady. Ahyryn bir dükanda tüýs Jim üçin ýasalan bir zada gözi ildi. Bu el sagadyna dakylýan zynjyrdy. Della zynjyryñ 21 $ bahasyny töläp, galan 87 senti bilen öýüne tarap ýola düşdi. Ol ýol boýy " Jim gaty begener, Indi Jimimiñ el sagadynyñ barlygyny görüp adamlar ondan sagady sorasalar gerek " diýip içini gepledip gelýärdi. ( wakañ XIX-njy asyryñ ahyrlarynda bolup geçýär diýip aýdylýandygny unutmalyñ.) Della öýüne gelip Jimiñ sagat 7-de işden gelerine garaşyp başlady. Bir tarapdan saçynyñ kesilendigini görüp Jimiñ nähili gaharlanjakdygy barada alada edýärdi, bir ýandanam " meni saçlarym üçin söýýän däldir-ä, Tañrym meni şu halym bilenem söýdür oña" diýip dilegler edýärdi. Jim hiç gijä galmady. Gapy açyldy, öñünde duran Della gözi düşüp doñup galdy. Della gaty gorkdy, derrew Jimi garşy alyp " Janym ýalbarýan maña beýle seretme, bu täze ýyly seni gutlaman geçip biljek däldim, saçlarym ýene öserd-ä " diýdi. Jim : " Men saña bolan söýgimi hiç zat kemeldip bilmez, men diñe geñ galdym ezizim, sebäbi meñ saña sowgadym..." diýip sowgady uzatdy. Della çaltlyk bilen gutusyny açanda " Hiii " diýip gygyranyny duýman galdy. Bu sowgat, esli wagt ozal bir dükanda gören daraklar kolleksiýasydy. Bu daraklar örän sünnälenip ýasalan, gapdallarynda owadan reñkdäki gaşlar kakylgy daraklardy. Şol wagtam bu daraklary görende gaty halapdy ýöne gaty gymmatdygny bileni üçin bu daraklañ arzuwynam edip bilmändi. Häzir bolsa ol ajaýyp daraklar elindedi. Della ýuwaşdan " wah, wah " diýip bildi. Birdenem gynanýandygny bildirmek islemän " Jim gör saña nähili sowgat aldym, seniñ örän halajagyñy bilýän, sagadyña dak hany nähili gelişýärkä, men muny gözläp tutuş şäheri sökdüm " diýip umytly ýüzlendi. Jim sowgat berilen zynjyry görüp ýylgyrdy-da : " Wah, Dellam sag bol gowy sowgatlar alypdyrys, ýöne ikimizem bulary häzirlikçe ulanyp bilmeýäris, gowusy gel biz naharlanaly-la" diýdi...
( Hawa, bu är - aýal bir birini begendirmek üçin özleriniñ iñ gymmatly zatlaryny pida edipdiler, biri saçlaryny, biri ata ýadygärligini. Diýýärler-ä: Söýgi - söýýäniñe näme berip bilýäniñ däl, nämelerden geçip bilýäniñdir.)
awtory: O. Genri
Terjime eden: Ş. Hydyrow
18
98
nepesowna
25.06.2024 21:19
Her kim bir zat diýer, sen deñiz ýaly bol :

Bir çaganyñ köwüşi deñize gaçyp gözden gaýyp bolupdyr. Ol çaga hem deñiziñ kenaryna "Bu deñiz ogrudyr " diýip ýazypdyr. Biraz wagtdan soñ bolsa deñizden kenara bir gaýykly balykçy gelipdir. Deñizden bol balyk tutan adam kenara " Bu deñiz jomartdyr " diýip ýazypdyr. Ýene biraz wagt geçensoñ başga bir balykçy deñizden gymmat bahaly daşlar tapypdyr we kenara " Bu deñiziñ göwni baýdyr " diýip ýazypdyr. Iñ soñunda bolsa ullakan deñiz tolkunlary gelipdir-de bar ýazgylary pozup gidipdir. Ondan soñra bir dana kişi kenara gelipdir-de " Deñiz ýaly bolmak isleýän bolsañ, başgalarnyñ sen hakda näme diýýänine üns berme ! " diýip ýazyp gidipdir...
23
105