nepesowna
27.06.2024 16:32
Soñuny bilmäge howlugarsyñyz, hökman okap görüñ 😊 💝🎄
Täze ýylyñ öñ ýanyndaky gündi. Della elindäki pullary 3 gezek sanap gördi. Bary ýogy 1 dollar 87 sentdi. Bu bolsa ýoldaşyna täze ýyl sowgadyny almak üçin ýeterlik däldi. Ýöne ol bu täze ýylda hökman ýoldaşy Jimi gutlamak isleýärdi ahyryn. Öýde ýalñyz oturan ýerinden aglamakdan başga edip biljek zady ýok ýalydy. Şeýlede etdi... Biraz wagtdan soñ otagyndaky aýnanyñ öñüne geçip solan ýüzüni synlady. Birdenkäde bogulgy uzyn saçyny çöşüp aşak goýberdi. Della bilen Jimiñ durmuşda iki sany eý görýän zatlary bardy. Olar üçin ol gymmatly zadyñ birä Jimiñ atasynyñ atasyndan miras galan el sagadydy, beýlekisi bolsa Dellanyñ owadan uzyn saçlary. Aýna seredip durşuna Dellanyñ gözünden bir, iki damja ýaş düşdi. Soñra derrew saçyny ýygnadyda şlýapasyny geýip daşary çykmaga howlukdy... Köçelerden ýöräp barýarka aýnasynyñ öñünde saçlar bezelgi duran bir dükany gördi we içeri kürsäp girdi-de oturan aýaldan "meniñem saçymy alarmysyñyz ?" diýip sorady. Şlýapasyny aýryp Dellanyñ saçyny gören aýal " 20 dollar bererin " diýdi. Della derrew ylalaşdy... Indi puly 21 dollar 87 sent bolan Della öz Jimi üçin şäheriñ dükanlaryny bir-birden aýlanyp başlady. Ahyryn bir dükanda tüýs Jim üçin ýasalan bir zada gözi ildi. Bu el sagadyna dakylýan zynjyrdy. Della zynjyryñ 21 $ bahasyny töläp, galan 87 senti bilen öýüne tarap ýola düşdi. Ol ýol boýy " Jim gaty begener, Indi Jimimiñ el sagadynyñ barlygyny görüp adamlar ondan sagady sorasalar gerek " diýip içini gepledip gelýärdi. ( wakañ XIX-njy asyryñ ahyrlarynda bolup geçýär diýip aýdylýandygny unutmalyñ.) Della öýüne gelip Jimiñ sagat 7-de işden gelerine garaşyp başlady. Bir tarapdan saçynyñ kesilendigini görüp Jimiñ nähili gaharlanjakdygy barada alada edýärdi, bir ýandanam " meni saçlarym üçin söýýän däldir-ä, Tañrym meni şu halym bilenem söýdür oña" diýip dilegler edýärdi. Jim hiç gijä galmady. Gapy açyldy, öñünde duran Della gözi düşüp doñup galdy. Della gaty gorkdy, derrew Jimi garşy alyp " Janym ýalbarýan maña beýle seretme, bu täze ýyly seni gutlaman geçip biljek däldim, saçlarym ýene öserd-ä " diýdi. Jim : " Men saña bolan söýgimi hiç zat kemeldip bilmez, men diñe geñ galdym ezizim, sebäbi meñ saña sowgadym..." diýip sowgady uzatdy. Della çaltlyk bilen gutusyny açanda " Hiii " diýip gygyranyny duýman galdy. Bu sowgat, esli wagt ozal bir dükanda gören daraklar kolleksiýasydy. Bu daraklar örän sünnälenip ýasalan, gapdallarynda owadan reñkdäki gaşlar kakylgy daraklardy. Şol wagtam bu daraklary görende gaty halapdy ýöne gaty gymmatdygny bileni üçin bu daraklañ arzuwynam edip bilmändi. Häzir bolsa ol ajaýyp daraklar elindedi. Della ýuwaşdan " wah, wah " diýip bildi. Birdenem gynanýandygny bildirmek islemän " Jim gör saña nähili sowgat aldym, seniñ örän halajagyñy bilýän, sagadyña dak hany nähili gelişýärkä, men muny gözläp tutuş şäheri sökdüm " diýip umytly ýüzlendi. Jim sowgat berilen zynjyry görüp ýylgyrdy-da : " Wah, Dellam sag bol gowy sowgatlar alypdyrys, ýöne ikimizem bulary häzirlikçe ulanyp bilmeýäris, gowusy gel biz naharlanaly-la" diýdi...
( Hawa, bu är - aýal bir birini begendirmek üçin özleriniñ iñ gymmatly zatlaryny pida edipdiler, biri saçlaryny, biri ata ýadygärligini. Diýýärler-ä: Söýgi - söýýäniñe näme berip bilýäniñ däl, nämelerden geçip bilýäniñdir.)
awtory: O. Genri
Terjime eden: Ş. Hydyrow
18
98
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.