nepesowna
27.09.2024 00:46
Ölmägede taýyn şuwagt,
Şeýle doýdum bu janymdan.
Agyr degdi gaty maňa,
Sen gideňsoň meň ýanymdan.

Ýetmese-de saňa golum,
Seniň bilen ýaşaýardym.
Indi bolsa haldan gaçyp,
Adym mazar daşa ýazdym.

Pikirlermi dargatmaga
Hiç hili sebäp tapmadym.
Nädip dözdüň aglatmaga
Gijeler rahat ýatmadym.

Köp zat isledimmi asyl,
Diňe ýanymda bolsadyň.
Diýdiler saňa bedasyl,
Men muňa gulak salmadym.

Bu kalbymda kändi söýgi,
Sen onuň gadryn bilmediň.
Aldadym ony diýýänsiň,
Eý oglan özüň aldandyň.

🍁Geldiýewa Gülbahar
9
50
smiling_
27 Sentýabr 2024
@Adyl_G, O näme üçin beýdiýdiñ daýy :)
Adyl_G
27 Sentýabr 2024
Hic dusunip bilemogay sonky soygilere.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.