nabat_
18.05.2024 20:23
SENIÑ BAHAÑ

O gün jañ edeñde menden soraýañ:
"Howañyz nähili,sowukmy,maýyl?"
Tas diýipdim:"Olam özüñ ýaly-da
Açylyp-ýapylyp görkezýär oýun".

Bu günki howa-ha ediljek özüñ.
Bir görseñ,ýalpyldap,Kuýaş çykyp dur.
Bir görseñem, gazap donuny geýen,
Bulut Gün üstünden höküm edip ýör.

Onsoñ senem käte Güneş deý sahy-
Kalbymy ýyladýañ sözleriñ bilen.
Käte bolsa ýersiz bahana tapyp,
"Iýsem" diýýäñ ötgür gözleriñ bilen.

Sähel pursat tapsañ,derrew başlaýañ
Ahyrky sözüñi birinji aýdyp.
Şeýdip gaharyma menem söz berýän:
"Sen tarapa asla bakmaryn gaýdyp".

Wagt geçer,jañ edip hiç goýmarsyñ
Saña dözmejegmi bilýäniñ üçin.
Şol bir hatañ zol gaýtalar durarsyñ
Bir gün dözjegimi bilmäniñ üçin.

Sen habarsyz synag tabşyrýanyñdan,
Her bir hereketiñ bahasy goýlan.
Iñ soñunda bahalarñy toplasam,
Jemi näçe boljak,bilýäñmi,oglan?!

Synagdan ýykylsañ,peýdasyz bolar,
Ýerde ýatyp top deý togalansañam.
Bir ýykamsoñ,belki,bäşlik goýmaryn,
Soñundan ýalbaryp "dogumlansañam"

Agyp-dönüp duran enaýy oglan,
Synagdan ýykylyp,özelenme-de.
Aý,bolýa-da,senden beter gynanýan,
Bu synagda saña dözülenne-de...


Meñli Aşyrowa
29
94
nabat_
18.05.2024 10:52
Salam owrenmeliñ Mahriban agzalary Hemmaniziniñ Türkmenistanyñ Konstutisya Hemde Döwlet Baýdagymyzyñ güni bilen gutlaýaryn !! Baýramyñyz gutly bolsun
🇹🇲🇹🇲🇹🇲
Türkmenistanyň baýdagy — Baýdak ýaşyl reňklidir.Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke¸ýomut¸ salyr¸ çowdur¸ ärsary gölleri ýerleşdirilen¸ olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan¸ onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlanýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen¸ uçlarynda keçilýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.
Türkmenistanyň baýdagy
Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňkli ýarymaý we bäş sany ýyldyz şekillendirilendir.
Türkmenistanyň baýdagynyň ýaşyl bolmagynyň sebäbi ata-babalarymyz
baýyrlaryň,tokaýlaryň,daglaryň ýaşyldygyna garamazdan baýdagyň rengini ýaşyl edipdirler.

Türkmenistanyň baýdagy:
1. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy
milletiň agzybirliginiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr.
2.Türkmenistanyň Döwlet  baýdagy göniburçluk görnüşindäki mata bölegidir. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden bir ýarym esse ulydyr.
27
36
nabat_
16.05.2024 08:19
PURSAT

Sensiz doňup galan pursaty gyssap,
Yerime howlugýan bile gezmelän.
Içinde ylgardyk şemala garşy,
Gyzyl gülalekleň,yaşyl selmeleň.

Şo:l köl sensizlikde gugaryp galdy,
Gaýyklar gyrada yrgyldaşyp dur.
Baraklaram saz çalanok şowhunly,
Öňki gür ýylgynlar selçeňleşipdir.

Ýassanyp bir-birin şol goşa çynar
Seretsen-e bize garaşypdyrlar.
Biz dey öýkeleşip ikä bölünen
Yodalar-a eýýäm yaraşypdyrlar.

Kem-kem dyzyn epýär garamtyl iňrik,
Üzüläýjek bolýar duýgulaň tary.
Buýsançdan ýeňilen hem ejiz hem mert,
Ýürek ýitiripdir sabyr-karary.

"Durmuş aňsat,kynlaşdyrýas özümiz"
Diýseler-de haklygyny kim görmüş?!
Buýsanjy unutsaň aňsatdyr belki,
Bize şeýle kyn görünýän bu durmuş.


Meñli Aşyrowa
❤❤❤❤❤❤❤❤
ASLA

Ýürek şol işläp dur özünden a:rman
Kä iräýse aña salar gozgalañ.
Pikir darkaşyna çydamaz arman
Surnugan duýgymy ýersiz gozgasañ!

Señ üçin menimi undup birmahal
Pidagärkäm günäkäre aýlanýan.
Meger çynyñ geregi yok hiç haçan
Indi-indi ýalanlardan aýñalýan.

Saña men däl,men şekilli bir göwre,
Gerek yaly "Lepbeý" diyip durara.
Belki şeýle bolar ençe ýyl soñra,
Içi parça daşy bitin "gabara".

Isleseñ pikirmiñ keseýin sesin
Bolýan bolsa tersleşige bahana.
Gizläýin gözlermiñ çuññur gussasyn,
Öýkünip gursagy dertli bahara.

Hyjuwma,ýaşlygma,gözelligime
Salyber talañy,eýe bol,emma
Bizi baglap duran birek-birege
El degirme, asla duýgularyma!

Meñli Aşyrowa
26
36
nabat_
16.05.2024 00:00
Şol günlerde galdy meniñ ýylgyrşym

Sen gelipdiñ bu dünýäme aý bolup
Owadan sözlap mylayym gurlap
Sen mana oziñi nicun soydirdiñ
Ýeke goýup gidjek bolsañ ahyrda

Ykbalymda sana duşmak bar eken
Nicun ýokka seniñ bilen bir ömür
Mana başga asla asla gerekmez
Ýekeje sòz soyyan seni ýùregim

Oya batyp gayta gayta yatlayan
Seniñ diyen şol ajaýyp sözleññi
Goşguda aytmagam birhili welin..
Diýipdiňä bolarsyñ ejeme gelinlik ?!

Wah nälet bolsun sana sataşan günme
Şol Diýjek bolyan yene diyip bilemmok
Ýùregim zaryñda hemişe seniñ
Sonky gezek göräýsedim ýar seni

Şol gün yañy yaly yadymda meniñ
ilkinji sapar tutup ellerim
Soyyan seni diyip..bakyp gözime...
Azaşypdym seniñ goñur gözleñde

Meni goýan güniñde galdy ýylgyrşym
Halym niçik bilmek islarmiñ janymm....
Wah sorama sen menem aýtmaýyn ony
Halym öñkidende yaman boldy ýar....



@nabat
31
211
nabat_
15.05.2024 17:03
"MUGALLYM"

Ýedibaý Baýramdurdyýewiñ "Mugallymçylyk wezipesi mukaddesdir! hekaýasyndan täsirlenme



Pygamber ýaşyndan aşan bir goja,
Otyrdy keýpi çag, ýüzünden mälim.
Ýaş ýetginjek geldi, ýöräp assaja,
Ýañlandy tanyş söz:
-Salam mugallym!

Geçdi, gitdi juwanlyga saparym,
Müñ bir soraglara agtaryp jogap.
Durmuşymda sizden alan sapagym,
Mugallym bolmagma, boldupdy sebäp.

Gögele döwrümdi, höwes etdimmi,
Dostumyñ sagady ýarap göwnüme.
Sumkasynda ony, goýup gitdigi,
Ogurladym, sanjy boldy böwrüme.

Aglapdy, synpdaşym sagadyn gözläp,
Eltip bermägede bireýýäm giçdi.
Aldapdym sizi-de, men ýalan sözläp,
Eden ýalñyşlygym diýseñ utançdy.

Çäresini tapyp, hatara düzdüñ,
Elimiz galdyrdyk, gözümiz ýumup.
Artykmaç soragam, soraman bizden,
Ýeke-ýeke barlap, gelýärdiñ dymyp.

Maña ýetenñizde açyldy aýbym,
Sagady aldyñda sypadyñ başym.
Ýüzüñize bakmak bolupdy gaýgy,
Henizem ýadymda utanyp durşym!

Ýylgyrdy, ýer bermän ýüzde ýygyrda,
Kärine buýsanyp, goja mugallym.
-Ol wakany unudypdym şo ýerde,
Şol bezzatja oglan, senmidiñ oglum!

Ýaşlykdan ekmeli ylym daragtyn,
Hözürin görersiñ miwesin ýygyp.
Size gözüñizi ýumduran wagtym,
Barlapdym, men sizi gözlerim ýumup!

© Süleýman TEKÄÝEW
0
63
nabat_
15.05.2024 07:00
salam owrenmelin mahriban agzalary😇.Men şu gùn sizden bir zad soramakcy .Dünýäde gözi hemde ýüregi bejermekde haýsy döwletler has tanalya haýsy döwlet ökde.Siz haýsy döwleti maslahat berip bilersiniz👨‍🔬👩‍🔬
37
441
nabat_
14.05.2024 17:40
Gördüm seni dün gije düýşimde


Dün gije düýşimde
görüpdim seni
Ýanyñda da bir gyz Tutup elinden
Geçip barýañ seýilgähiñ deñinden


Wah şol pursat..
..düýşem bolsa ajydy
Damagym dolyp gitdi
Ýùregim jiglap

Öz özime diyyän oýlanyan...
Meni niçùn soyyan diyip aldady
Ýa başdada yalanmydy
Duygysy soýģisi ol mahrem duygy...

Oýandym düýşimden...
Niçik begendim
Gama batdym yene...
Seniñ ýoklygyñy yatlap

Gunler gecip durdu
yzly yzyna, menem bolsa
şool seni seni soyyarin
Bu soygini ocirmani basarman

Diyerdiñä hany
bu omri gecireris bile
Indi name boldy ne ahwal boldy
Bu gun sen boldyñmy ozge gyza yar


Belki yatlayansyn senem meni...
Ya unudmak ansatmy,
cykdymmykam yadyñdañ
Men seni hic hacan unutmaryn yar...
....Ş❤
..... :) ♡ :(


@nabat
27
117
nabat_
14.05.2024 00:30
Unutma hiç haçan ,hiç bir wagt, hiç ýerde, hiç kim seni meniñ seni soýşüm dek söýmez...


Kalbymy beripdim özim duýmankam
Şol gözlerde eglenipdi gözlerim
Ynha bu gün ol gözlere zar bolup
Göz ýaş akýar şol gözlerden ýaş bolup

Kagyza damanda gözimiñ ýaşy
Her damjadan ýatladym bir wakany
Şol günlere dolansady günlerim
Seniň gözel gözleriñi görsedim


Seni küýseýärkä meniň ýüregim
Ençe gezek sanjyp sanjyp gidäýýär
Şol önkije sözleriňi ýatlapjyk
Ýürejigim gama batyp gidäýýär


Men seni judaaa çäksiz söýüpdim
Wah seni şeýle judaa küýseýän
Bilýän senem söýýäñ meni henizem
Solan güller oýansady söýgimde

Diýsediñ ýene-de maña ýekejäm
Ýene öñki yaly arzuw köline batyp
Oýarsadyk ýùrekdäki söýgimiz
Söýýän seni meniñ òmùrlik söýgim


@nabat,


Bagyşla meni seni söýenim üçin...😔


Bul goşgy menden söýýänime gelsin gelsin......😔😔😔
27
192
nabat_
13.05.2024 18:58
Salam hemma şu gun owrenmeliniñ @Miss_Minnosh❤_ agza yagny Dunyaniň gozeli bolan Dunyagozeliň doglan guni🥳🥳

Uzak yasa tatlimm bagtly gyz bol doglan guniñ gutly bolsun yureegiñde beslan arzuwlaryña yet durmusyň hem yuregin yaly owadan gozel pak bolsun.Ene ataňy hemise guwandryp gez.!!Bagtyñ daş yarsyn!! Bagtly gyz bol🥰Yuuzuñden gulkiñ hic wagt ayyrylmasyn.Durmusda öñinden hemise oziñ yaly gowy adamlar dušsun🥰🥰🥰🥰

Kilometrelerce uzaklıklara gizlenmiş olsa da dostluğumuz aynı gökyüzünü paylaştığımız sürece dostuz. Doğum günün kutlu olsun canım arkadaşım…


Doğum günün kutlu olsun canım arkadaşım. Allah hep gönlüne göre versin mutlu yıllar.

Bugün senin doğum günün bizim için de özel bir gün çünkü senin gibi özel bir arkadaşımız var nice nice yıllara.


Bu gun seniñ doglan guniñ
Uzak yaşa Dunyagozel
Gulet yuzuñ hic solmasyn
Bagt sana gulip baksyn
Uzak yaşa Dunyagozel
🤗🤗🤗🤗🤗🤗
Doglan
Gutlamak bilen Nabat😇
33
186
nabat_
13.05.2024 16:00
A MENDE KINE ÝOK...

Uzadan ýerime ýetenok elim,
Göwnüm bolsa Kap dagyna çykypdyr.
Gelip syrtmak salyp boýnumdan telim,
Meni hatalarym dara çekipdir.

Arylar bal guýup berdiler bada,
Soňam zerzaw edip sokdy neşderin.
Ertir bagta ýetip ýylgyrsyň ýa-da,
Uzaklardan horkuldyňy eşderin.

Bilbil bolup ýetişmedik joşgunym,
Gezýärmikä özge bagda käkeläp.
Aýdyň ahyr, nirä gitdi ýaşlygym,
Meni ýeke taşlap, menden öýkeläp.

A mende kine ýok, kalbym bolsa boş,
Sähra bahar ýazan wagty halysyn.
Arzuw edýän umman gözli Ýaşylbaş,
Gelýä seniň gözleriňde galasym.

© Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
23
39