nabat_
18.05.2024 20:23
SENIÑ BAHAÑ

O gün jañ edeñde menden soraýañ:
"Howañyz nähili,sowukmy,maýyl?"
Tas diýipdim:"Olam özüñ ýaly-da
Açylyp-ýapylyp görkezýär oýun".

Bu günki howa-ha ediljek özüñ.
Bir görseñ,ýalpyldap,Kuýaş çykyp dur.
Bir görseñem, gazap donuny geýen,
Bulut Gün üstünden höküm edip ýör.

Onsoñ senem käte Güneş deý sahy-
Kalbymy ýyladýañ sözleriñ bilen.
Käte bolsa ýersiz bahana tapyp,
"Iýsem" diýýäñ ötgür gözleriñ bilen.

Sähel pursat tapsañ,derrew başlaýañ
Ahyrky sözüñi birinji aýdyp.
Şeýdip gaharyma menem söz berýän:
"Sen tarapa asla bakmaryn gaýdyp".

Wagt geçer,jañ edip hiç goýmarsyñ
Saña dözmejegmi bilýäniñ üçin.
Şol bir hatañ zol gaýtalar durarsyñ
Bir gün dözjegimi bilmäniñ üçin.

Sen habarsyz synag tabşyrýanyñdan,
Her bir hereketiñ bahasy goýlan.
Iñ soñunda bahalarñy toplasam,
Jemi näçe boljak,bilýäñmi,oglan?!

Synagdan ýykylsañ,peýdasyz bolar,
Ýerde ýatyp top deý togalansañam.
Bir ýykamsoñ,belki,bäşlik goýmaryn,
Soñundan ýalbaryp "dogumlansañam"

Agyp-dönüp duran enaýy oglan,
Synagdan ýykylyp,özelenme-de.
Aý,bolýa-da,senden beter gynanýan,
Bu synagda saña dözülenne-de...


Meñli Aşyrowa
29
94
nabat_
19 May 2024
@melayew, gmail😣
nabat_
19 May 2024
@melayew,😣😣😣
nabat_
19 May 2024
@melayew, nm edjegimi bilemmokda😣😣😣😣😣😣😣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.