nabat_
16.05.2024 08:19
PURSAT

Sensiz doňup galan pursaty gyssap,
Yerime howlugýan bile gezmelän.
Içinde ylgardyk şemala garşy,
Gyzyl gülalekleň,yaşyl selmeleň.

Şo:l köl sensizlikde gugaryp galdy,
Gaýyklar gyrada yrgyldaşyp dur.
Baraklaram saz çalanok şowhunly,
Öňki gür ýylgynlar selçeňleşipdir.

Ýassanyp bir-birin şol goşa çynar
Seretsen-e bize garaşypdyrlar.
Biz dey öýkeleşip ikä bölünen
Yodalar-a eýýäm yaraşypdyrlar.

Kem-kem dyzyn epýär garamtyl iňrik,
Üzüläýjek bolýar duýgulaň tary.
Buýsançdan ýeňilen hem ejiz hem mert,
Ýürek ýitiripdir sabyr-karary.

"Durmuş aňsat,kynlaşdyrýas özümiz"
Diýseler-de haklygyny kim görmüş?!
Buýsanjy unutsaň aňsatdyr belki,
Bize şeýle kyn görünýän bu durmuş.


Meñli Aşyrowa
❤❤❤❤❤❤❤❤
ASLA

Ýürek şol işläp dur özünden a:rman
Kä iräýse aña salar gozgalañ.
Pikir darkaşyna çydamaz arman
Surnugan duýgymy ýersiz gozgasañ!

Señ üçin menimi undup birmahal
Pidagärkäm günäkäre aýlanýan.
Meger çynyñ geregi yok hiç haçan
Indi-indi ýalanlardan aýñalýan.

Saña men däl,men şekilli bir göwre,
Gerek yaly "Lepbeý" diyip durara.
Belki şeýle bolar ençe ýyl soñra,
Içi parça daşy bitin "gabara".

Isleseñ pikirmiñ keseýin sesin
Bolýan bolsa tersleşige bahana.
Gizläýin gözlermiñ çuññur gussasyn,
Öýkünip gursagy dertli bahara.

Hyjuwma,ýaşlygma,gözelligime
Salyber talañy,eýe bol,emma
Bizi baglap duran birek-birege
El degirme, asla duýgularyma!

Meñli Aşyrowa
26
36
manolya
16 May 2024
💛
nabat_
16 May 2024
😔😔😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.