nabat_
12.12.2023 15:23
Multfilm haçan döräpdir?!
Multfilm çekilen suratlaryň
yzygiderlilikde surata alynmagy arkaly döreýän eser, kino sungatynyň bir görnüşidir. Eýsem-de, ilkinji multfilm haçan peýda bolupdyr?! Onuň üçin ilki bilen ,,animasiýa” sözüne düşünmek gerek. ,,Animasiýa sözi” latyn sözi bolup, onuň terjimesi “janlandyrmak” diýmegi aňladýar. Multfilm kinofilmden hem öň döräpdir. Hatda kinonyň döremegine-de multiplikasiýa sebäp bolupdyr.
1832-nji ýylda belgiýaly fizik Lazef Plato tarapyndan “fenakistiskop” atly enjam oýlanyp tapylypdyr. Bu enjam suratlary çalt-çaltdan geçirip, hereketi emele getiripdir. 1888-nji ýylda bolsa Emil Reýno “praksinoskop” atly enjam ýasalypdyr. Onuň kömegi bilen hereket edýän suratlary lenta geçirmek başardypdyr. Bu sene multiplikasiýanyň dörän güni hökmünde taryha giripdir.
Emiliň enjamyndaky her lentada 500 surat bolupdyr. Onuň dowamlylygy bolsa 12 minuda çekipdir. Reýno 1892-nji ýyldan başlap Parižiň Grewen muzeýinde animasiýanyň ýörite görkezişlerini gurnapdyr. Şonuň üçin Emil Reýno animasiýanyň öňbaşçysy, şeýle hem ýönekeý multiplikasiýanyň hem düýbüni tutujy hasaplanýar.
Fransiýaly suratkeş Emil Kol grafiki multiplikasiýany döredipdir. Şol wagtlar multfilmler sessiz ekeni. Amerikaly ýaş multiplikator Ualt Disneý 1928-nji ýylda “Willi gämisi” ady bilen ilkinji sesli multfilmi döredipdir. Şeýle hem ol 1937-nji ýylda döredilen “Garpamyk we ýedi girdenek” atly ilkinji reňkli multfilmiň prodýuseridir.
Guwanç HAÝDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby
33
104
nabat_
12.12.2023 12:17
Bitarap Watanym
BMG-dan gelen ykrar,
Ýaşa Bitarap Watanym.
Baky bagyş bolan ykbal,
Ýaşa Bitarap Watanym.
Gujagyň toý-baýram günde,
Jeýhun-Hazar reýhan gülde,
Berkarar, bagtyýar il-de,
Ýaşa Bitarap Watanym.
Rowaçlyga rowana sen,
Beslendiň şöhrat-şana sen,
Diňe, öňe ak daňa sen,
Ýaşa Bitarap Watanym.
Parlaýar Ýaşyl Baýdagyň,
Ak ýoluň Aýdan aýdyňym,
Dilimde sena, aýdymym,
Ýaşa Bitarap Watanym.
Howandaryň jan Arkadag,
Peşgeşi eşret, heýjan çag,
Dünýä nur saçýan şamçyrag,
Ýaşa Bitarap Watanym.
Awtory:Hojageldi KÖRHANOW,
29
28
nabat_
10.12.2023 07:38
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.
Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.
Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.
Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.
Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.
Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?
Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.
Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!
G.Ezizow
35
76