nabat_
10.12.2023 07:38
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.

Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.

Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.

Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.

Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.

Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.

Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!

G.Ezizow
35
76
nabat_
10 Dekabr 2023
@alone_girl_05, eveet🥰😘
nabat_
10 Dekabr 2023
@alone_girl_05, sen ondan daha tatlisin 🤗🤗🤗
paradisem
10 Dekabr 2023
@nabat_, hawwa olam ba yone okuwda basagyrak bolyasla
nabat_
10 Dekabr 2023
@paradisem,bolýaa gmailden öñ okuwam bara🙄
paradisem
10 Dekabr 2023
@nabat_, yaparsyn her hacan men sen yanyda bolup bilmerna hem gmail habarlaşas biz
nabat_
10 Dekabr 2023
@paradisem, sensiz ben napiyim burdaa
paradisem
10 Dekabr 2023
Sen gitme gal barde
alma___
10 Dekabr 2023
Dòzmeseñ -dòzerler
beett
10 Dekabr 2023
Wo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.