Multfilm haçan döräpdir?!
Multfilm çekilen suratlaryň
yzygiderlilikde surata alynmagy arkaly döreýän eser, kino sungatynyň bir görnüşidir. Eýsem-de, ilkinji multfilm haçan peýda bolupdyr?! Onuň üçin ilki bilen ,,animasiýa” sözüne düşünmek gerek. ,,Animasiýa sözi” latyn sözi bolup, onuň terjimesi “janlandyrmak” diýmegi aňladýar. Multfilm kinofilmden hem öň döräpdir. Hatda kinonyň döremegine-de multiplikasiýa sebäp bolupdyr.
1832-nji ýylda belgiýaly fizik Lazef Plato tarapyndan “fenakistiskop” atly enjam oýlanyp tapylypdyr. Bu enjam suratlary çalt-çaltdan geçirip, hereketi emele getiripdir. 1888-nji ýylda bolsa Emil Reýno “praksinoskop” atly enjam ýasalypdyr. Onuň kömegi bilen hereket edýän suratlary lenta geçirmek başardypdyr. Bu sene multiplikasiýanyň dörän güni hökmünde taryha giripdir.
Emiliň enjamyndaky her lentada 500 surat bolupdyr. Onuň dowamlylygy bolsa 12 minuda çekipdir. Reýno 1892-nji ýyldan başlap Parižiň Grewen muzeýinde animasiýanyň ýörite görkezişlerini gurnapdyr. Şonuň üçin Emil Reýno animasiýanyň öňbaşçysy, şeýle hem ýönekeý multiplikasiýanyň hem düýbüni tutujy hasaplanýar.
Fransiýaly suratkeş Emil Kol grafiki multiplikasiýany döredipdir. Şol wagtlar multfilmler sessiz ekeni. Amerikaly ýaş multiplikator Ualt Disneý 1928-nji ýylda “Willi gämisi” ady bilen ilkinji sesli multfilmi döredipdir. Şeýle hem ol 1937-nji ýylda döredilen “Garpamyk we ýedi girdenek” atly ilkinji reňkli multfilmiň prodýuseridir.
Guwanç HAÝDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby