Mona Lizanyň durmuşy barada gysgaca maglumatlar. Şekillendiriş sungaty boýunça bilermenleriñ agramly bölegi nusgawy italýan suratkeşi Leonardo da Winçi özüniñ "Mona Liza" atly meşhur nakgaşlyk eserinde 149-njy ýylda Liza Gerardinini şekillendiripdir diýip hasaplýar. Florensiýadan bolan ýüpek söwdasyny edýän täjir Françesko del Jokondanyň (eseriñ ikinji Jokondo diýen ady hem şundan gelip çykypdyr) aýalynyň şol wagtlar, yagny suratynyň çekilýän döwri 24 ýaşy dolup, onuñ iki ogly bar ekeni.
Leonardo da Winçä bu suraty çekmek üçin dört ýyl gerek bolupdyr.
Häzirki wagtda "Mona Liza" Luwr muzeýinde öz başyna otagda "ýaşaýar" we ok geçmeýän aýna hem-de daşky gurşawyň ýaramaz täsirinden goraýan ýörite howa gurşawy bilen goralandyr. Bu özboluşly "otag" muzeýe ýedi miliondan gowrak amerikan dollaryna düşdi.
Golaýdaky giñişleýin geçirilen barlaglar Mona Lizanyň bir kendiriň ýüzünde üç nusgasynyň ýerleşdirilendigini subut etdi. Görnüşi ýaly, suratkeş özüniñ eserini birnäçe gezek gaýtadan çeken bolmaly.
Bu sungat eseriniň meşhurlygynyň ýene bir sebäbi, onuñ 1911-nji ýylda Pari£däki Luwrdan gündizin günortany muzeýiñ gullukçysy tarapyndan ogurlanmagydyr. Surat aradan iki ýyl geçensoň tapyldy. Täsin ýeri, bu ölmez- ýitmez eserin belli bir bahasy ýok diýlip hasaplanylýar we şonun üçin hem ol ätiýaçlandyryş edarasy tarapyndan resmi hasaba alynmandyr.