myrataly_
27.01.2024 21:41

Mona Lizanyň durmuşy barada gysgaca maglumatlar. Şekillendiriş sungaty boýunça bilermenleriñ agramly bölegi nusgawy italýan suratkeşi Leonardo da Winçi özüniñ "Mona Liza" atly meşhur nakgaşlyk eserinde 149-njy ýylda Liza Gerardinini şekillendiripdir diýip hasaplýar. Florensiýadan bolan ýüpek söwdasyny edýän täjir Françesko del Jokondanyň (eseriñ ikinji Jokondo diýen ady hem şundan gelip çykypdyr) aýalynyň şol wagtlar, yagny suratynyň çekilýän döwri 24 ýaşy dolup, onuñ iki ogly bar ekeni.

Leonardo da Winçä bu suraty çekmek üçin dört ýyl gerek bolupdyr.

Häzirki wagtda "Mona Liza" Luwr muzeýinde öz başyna otagda "ýaşaýar" we ok geçmeýän aýna hem-de daşky gurşawyň ýaramaz täsirinden goraýan ýörite howa gurşawy bilen goralandyr. Bu özboluşly "otag" muzeýe ýedi miliondan gowrak amerikan dollaryna düşdi.

Golaýdaky giñişleýin geçirilen barlaglar Mona Lizanyň bir kendiriň ýüzünde üç nusgasynyň ýerleşdirilendigini subut etdi. Görnüşi ýaly, suratkeş özüniñ eserini birnäçe gezek gaýtadan çeken bolmaly.

Bu sungat eseriniň meşhurlygynyň ýene bir sebäbi, onuñ 1911-nji ýylda Pari£däki Luwrdan gündizin günortany muzeýiñ gullukçysy tarapyndan ogurlanmagydyr. Surat aradan iki ýyl geçensoň tapyldy. Täsin ýeri, bu ölmez- ýitmez eserin belli bir bahasy ýok diýlip hasaplanylýar we şonun üçin hem ol ätiýaçlandyryş edarasy tarapyndan resmi hasaba alynmandyr.

41
312
Akram_Beshimov
28 Yanwar 2024
@billygenius98, очень смешно.
Kenno_Tabi
28 Yanwar 2024
@_Bilesigeliji, 😅😅😅
Kenno_Tabi
28 Yanwar 2024
Akram_Beshimov
28 Yanwar 2024
Her-hili conspiracy teoriýalara ynanmañ.
Kenno_Tabi
28 Yanwar 2024
@Perman__, gugulladyp gör
Kenno_Tabi
28 Yanwar 2024
Aslynda mona lisa mon salai diýen bir erkek bolupdyr. Davinçide geý bolupdyr 🤮🤮🤮
oa00
28 Yanwar 2024
Suratdaky goz niresinden seretsen sana seredyan edilip ilkinji cekilen surat hasaplanylyar
medik_
28 Yanwar 2024
Su surat wagtynda cekilayipdir.her kim bu suraty uytgedyar.ya bir zatlar yazyalar.su suratyn cekilis bir taryhy name sebapden cekilenligi hem is bolupdy on birsellem🤦‍♀️
ayaz
28 Yanwar 2024
Menem bilesim gelipdi hemme kinoda baraý su
kilk
27 Yanwar 2024
Ayyy mnm bilesim gelipdi suratlary gaty kann oytyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.