Iki müñ dokuz ýüz kilometrlik ýolagçylyk".
Dünýänin içki gurluşy boýunça ylmy-barlaglarda soňky otuz ýylda möhüm işler edildi
ABŞ-ly alymlar okeanlardaky we deñizlerdäki suwun kem-kemden ýer gabygyndan aşaklygyna tarap syzdyrýandygy hakda geñ galdyryjy ylmy açyşyň üstünden bardy.
Arizona ştatynyň uniwersitetinden doktor Den Şim we onun kärdeşleri suwun tektoniki gatlaklardan aşaklygyna akyp, 2 müñ 900 kilometrlik yol geçenden son planetanyň özenine baryp ýetýändigini anyklady.
Juda haýal bolup geçýän bu prosesiñ milliardlarça ýyl bäri dowam edip durandygy aýdylýar.
"Nature Geoscience" ylmy-populýar žurnalynda çap edilen tapyndylara ynansañ-a, gürrüñi edilýän syzyntgy daşky özendäki erän metallaryň we mantonyň arasynda himiki prosesleri petikläp, täp-täze gabyk döretdi.
Bu gatlagyň häzir "birnäçe ýüz kilometr galyñlyga" ýetendigi öñe sürülýär. Emma Yer togalagynyň kilometrlerçe çuñlugyna uzaýan içerki gatlaklary bilen deñeşdirenee bu gatlak aslynda entek "ýuka".
Den Şim mundan öñ Yer togalagynyň özeni bilen mantosynyň arasyndaky madda alyş- çalşygynyň juda kiçidigine ynanylýandygyny aýdýar.
"Soñky döwürlerdäki ýokary basyş synaglarymyz üýtgeşik teoriýany orta atýar" diýýän alym sözlerini şeýle dowam etdirýär: "Suwun özen- manto çägine baryp ýetende özendäki kremniý bilen reaksiýa girip dioksid-kremniý emepe getirendigini bildik".
Alymyň pikiriçe bu açyş öñ düşünilişinden has dinamiki özen-manto garyşygyna yşarat edýär. Geologlar bu tapyndylardan ugur alyp, iki gatlagyň arasynda köp mukdarda element also-çalşygynyň bardygy netijesine gelýär.
Arizona ştatynyň uniwersitetinin açyşy hakda çap edilen metbugat bildirişinde: "Bu açyş dünýäniñ içki prosesleri baradaky pikirimizi ösdürdi" diýildi: "Şol sanda öñ bilinýän zatlardan has giñ gurşawly global suw aýlanşygyny ýüze çykardy".