myrataly_
07.10.2024 16:17
DASARY YURT SERIŶALY YAŞLARYN AHLAGYNA NÄDİP BOZDY
Serýalyň berýän sapaklary

Öýünde mähir görmeýän adam, daş çykyp gelnine ikilik etmeli we ähli günäni gelnine oklamaly. Adamam akja çüýje bolmaly.

Ýetginjekleriň hökman bir söýgülisi bolmaly tapawudy ýok orta mekdep lisseý bolsun. Hökman görüşýäni bolaýmaly.

Ejeler her wagt jebir çekip, kakalaram gaharly we zada düşünmeýän, çagalaryňkam her wagt dogry bolmaly.

Islemeýän adamyň bilen durmuş gursaň, oňa ikilik edip bilersiň.

Söýýän adamyň başga biri bilen durmuş gursa, olaryň maşgalasyny dagydyp bilersiniz.

Erbetler her wagt güýçli, gowy adamlaram elmydama basgylanyp ýören.

Gaýyn eneler her wagt erbet rolunda oýnap, ogly bilen gelniniň arasyny bozmaly.

Güni pes gyzlar her wagt, baý işewürlere aşyk bolmaly. (Maşgala guran erkek)

Yetginjekleriňki her wagt dogry bolmaly, bar aladalary gyz ya-da erkek bolmaly.

Bu hili seriýallary görmek ösüp gelýan ýaş nesillermiziň aňyna zepel ýetirýär meniň pikirimçe. Siz näme pikir edýäňiz ýazyp bilersizňiz.

29
1 033
myrataly_
05.10.2024 00:29
ORTA MAŞGALA

Oraz Türkde uludan toý etdi, gelni bilen İstanbula hem-de Ankaradaky tanyş garyndaşlaryna aýlandylar. Türkleriň aýdyşy ýaly Bal aýyny(edil ballymy dälmi ol nägümana) geçirdiler. Yaş jübütler täze öýe göçen wagtlary hem öýlerinde myhman kem bolmady. Oraz içinden "Ohow bular bizi myhmançylyga çagyrmaly dälmaý? Gaýta tersine bize gelýärler, bolýa çemodan iýmelidir welin onam toýdaky hyzmat edenler iýse ýerine düşjek!" diýdi.

Oraza toýdan öň we soň köp adamlar maslahat berdi;

Tejendäki agasy Kerim;

"" İnim heleýi başdan çagany ýaşdan" diýilýändir. Ynha gelnejeňi görýäňmi? Menden rugsatsyz öýdenem çykyp bilmez. Aýlygynam öz eli bilenjik ejeme getirip berýär. Toýuň bergisini üýşüp üzmeli. Ha ýene bir zat gelniňi atasy öýi bilen kän gatnaşdyrma, olara gitmänkä ýuwaşja biri, öýe gaýdyp gelende bolsa Terminatora öwrülip gelýär" diýýär.

Angliýadaky aýal dogany Merjen bolsa;

-" Jigimjan özüňiz düşünşip ýaşasaňyz bolýar. Kän bir gelniňi gysyp saklajak bolma. Öz zandynda bolsa srawno etjegini eder. Bärde Yewropada erkekler üçin zapadlo zat ýok. Özleri naharam edýär,ütügem edýär, çaga-da seredýär. Gerek ýerinde senem kömek ediberginiň jigim, illeriň dilini saklap bolmaz. Obadaky garyndaşlar ýoldaşym Merede "Heleý guly" diýýärmişler, diýseler diýip geçsinler. Glawny zat biziň ile mätäç bolman normalnyja ýaşamagymyz, hä görüp bilmeýänlerem kändir arasynda” diýýär.

Konyada Türk gyza öýlenen daýysynyň ogly Gurbandurdy bolsa;

-" Ýegen tüweleme gutly bolsun, gaty begendim. Esasy zat gaýynlaryň bilen araňy sazla. Sebäbi olar näme diýse şol edilýändir. Sen näçe dyrjaşsaň dyrjaşaý olaryň sözünden seniňki pes gelýändir. Menin saňa berip biljek maslahatyma gaýynlaryňa özüňi ýigrendirme, özüň olary ýigrenseňem ýigrenjiňi bildirme” diýýär.

Entek öýlenmedik dostlary bolsa;

- "Eý dost näme üçin öýlendiňaýt? Ne gözel sallah durmuşyň bardy, islän wagtyň islän ýeriňe gidýäň, gelýäň goşulýanyň ýok. Aldyň başyňa belany, indi nirä gitjek bolsaň rugsat soramaly, geleniňden soň hasap bermeli. Sen ýakynda biziň bilen gatnaşygyňam kesersiň seret- de otur. Edil bizä entek entek öýlenjek däl. 30-35 dagy ýaşaly onsoň görüberýäs" diýýärler.

İndi Oraz bu aýdylan zatlaryň hemmesini kellesinde ölçäp kesmäge calyşýar. "Kimi diňlemeli? Bularyň haýsy has tejribeli? Men obadakylar ýaly maşgala durmuşy ýaşamalymy? Beýtjek bolsam näme üçin daşary ýurtda okadym? Ýa Ýewropalylar ýaly döwrebap maşgala modelini ýaşamalymy? Bäh ol hem bir hili çenden aşa rahatlyk? Ohow ýokmyka munuň orta bir ýoly?" ýaly pikirleri kellesinde aýlap otyrka gelni elinde bir çäýnek çaý bilen ýanyna geldi. İne şol wagt kellesindäki pikirleriň hemmesi zym zyýat boldy. Sebäbi özüne berlen maslahatlaryň hemmesiniň gelnine-de berilendigini aňdy. Ol hem pikir ummanyndan çykyp bilmän otyrka ýeke täk çözgüdiň ýoldaşy bilen bileje oturyp süýjije çaý içip ähli dertleri unutmakdygyna düşündi.

Siz gorkmaň ýaşlar, "Gorkana goşa görüner" diýleni ýa-da "Näme etmekden Hudaý saklasyn". Nesibäňizdäkini görübermeli. Size owadan ýagty gelejek garaşýar ahyry. Siz basgalaryň size aýdan zatlaryny däl-de öz araňyzdaky maslahatyňyzy diňläň. Belki size maslahat berýänler öz durmuşlaryna edip bilmedik ýa-da edip bilmejek zatlaryny size aýdýandyrlar....
12
193
myrataly_
04.10.2024 19:13
Pyşbaga gabyksyz ýaşap bilermi?

Pyşbaganyň gabygynda oňurga ýiliginiň oňurgasy bar, ony aýyrmak haýwanyň derrew ölümine sebäp bolar. Emma oňurgany terk etseňizem, pyşbaganyň diri galmagy 50%: gabygynyň aşagynda örtük dokumasy ýok we süýrenijiler derisi ýyrtylan adam ýaly duýular. Mundan başga-da, hereket edip bilmez, sebäbi el-aýak myşsalarynyň köpüsi gabygyň süňklerine birikdirilendir.
20
155
myrataly_
22.09.2024 19:31
Bagt tarap 5 gadam

1 Çözüp bolmajak mesele ýok. Diňe ünsüňi sowýan ýagdaýlar bar. Şo ýagdaýlarda bu sözlemi ýadyňyza salyň

2 Durmuşyňyzda täzelik etmek isleseňiz, özüňizden başlaň. Galyberse-de, üýtgemeseňiz, beýlekilerden talap etmek dogry bolmaz.

3 "Hiç haçan hiç zada ökünme"! Hemmesi ýagşylygadyr.

4 Bir gapyny açmak üçin beýlekini yapmak gerek. Yöne şol gapyny şeýle berk ýapyň gaýdyp açyp bilmäň!

5 Ynan! Bu duýgy biziň her birimiz üçin gaty möhümdir! Daş-töweregiňizdäkiler: "Bu gutardy" diýseler-de, "ýaňy ýaşap başladym" diýiň. Özüňe, ýüregiňe we saýlan ýoluňyň dogrylygyna ynanyň.
27
426
myrataly_
16.09.2024 20:12

DÜNÝÄNİŇ IN MEŞHUR 5 KANUNY



1. MURPHY KANUNY



Bir zat bolaýmasyn diýip näçe gorksaň edişelenseň. Şol zadyň başyňa gelme ähtimaly şonça artar.

2. KIDLIN KANUNY



Bir meseläni (Problemany) açyk we düşnükli edip ýazsaňyz, meseläniň ýarsyny çözersiňiz.

3. GILBERT KANUNY



Bir işi boýnuňyza alsňyz, isleýän derejäňize ýetirmegiň iň gowy ýolyny tapmak elmydama siziň jogapkärçiligiňizdedir

4.WILSON KANUNY



Egerde bilime we zehine ilki üns berseňiz, pulyň özi gelmäne dowam eder.

5. FALKLAND KANUNY



Bir zat hakynda karar bermek mejburýetinde däl bolsaňyz, karar bermäň.
23
319
myrataly_
24.08.2024 11:45

Adalatlylygyň Hudaŷy-Themis


Köp wideolarda,TV de görŷädim şul heŷkeli. Namekan,name manysy barkan diŷip gyzyklandym. Sizede gyzykly bolsa okan,bolmasada okaman.


Adalatlylygyň Hudaýy- Themis



Bu heýkele üns bilen seretsek gözi daňylan aýalyň çep elinde terezi, sag elinde gylyç we aýaklarynyň aşagynda ýylan bar. Grekleriň bu mifologiýasyny we bularyň manysyny bilesiňiz gelse dolyka okan hormatly agzalar.
Bu heýkele üns bilen seretsek gözi daňylan aýalyň çep elinde terezi, sag elinde gylyç we aýaklarynyň aşagynda ýylan bar.
Manysy:
Adalatlylyk terezisi: bu bitaraplygyň we kanunyň kazyýete görkezilen subutnamalary ölçemek borjuny aňladýar. Sud işiniň her bir tarapyna seredilmeli we adalat ýerine ýetirilende
deňeşdirmeler bolmaly
Gylyç: bu element ýerine ýetirilişi we hormaty aňladýar, adalatyň karary bilen durýandygyny we çäre görmäge ukyplydygyny aňladýar. Gylyjyň hapa we ýiti görünmegi gorkyny görkezýär. Onuň iki taraplydygy bolsa, adalatyň taraplaryň ikisinede höküm edip biljekdigini aňladýar we bu karary ýerine ýetirmäge, bigünä tarapy goramaga ýa-da günäli tarapy jezalandyrmaga borclydygyny görkezýär.
Gözi daňylan bolmaklygy: bu ilkinji gezek 16njy asyrda bu heýkelde peýda boldy we şondan bäri ulanylýar. Görnüşinden onuň asyl ähmiýeti kazyýet ulgamynyň hyýanatçylykly hereketlere ýa-da kanunyň bilmezliklere çydamlydygyny görkezýär.
Munuň manysy, kazyýetde sut edilende, ol adamy göremok, onuň kimdiginiň ähmiýeti ýok diýen manyda we kanunyň hemme üçin deňdigini aňladýar.
Munda syýasy faktorlaryň, baýlyk, şan-şöhratyň sut kararyna täsir etmegine yol bermeýär
Aýagynyň aşagyndaky ýylan: ýalanlar, aldawlar we korrupsiýany aňladýar. Asyl manysy, ýalanlary, aldawlary we korrupsiýany men aýagymyň aşagynda saklaýan, olary ýüze çykarmaýan diýmekligi aňladŷar

Post hakykatdanam gyzykly,ya size peydaly bolan bolsa,komentariyada subut et .

19
147
myrataly_
23.08.2024 21:13

Rep aslynda näme?



Biziň köpümiz rep aýdymlaryny gaty gowy görýäs we elmydama söýip diñleýäs. Her bir adamyñ halaýan reperi ýada rebi bardyr we käbir repleri dinledikçe doýup bolanok. Kimileri söýgi repi halaýar kimileri durmuşa, kynçylyga degişli repleri halaýar. Sözleri biderek bolsada sesiñ saz bilen gowy garyşmagy netijesinde yzly yzyna gaýtaladyp diñleýänlerem bar.

Köp kişi rep aşygydyr. Onda bu rep näme nirde döredi nädip gelip çykdy?
Rep (iňlisçe rep, rapping) - ritmiki okaýyş, adatça hit bilen okalýar.

Rep aýdymçysyna repçi ýa-da has umumy "emc” diýilýär Rep 1979 njy ýylda esasy Afrika düýpli adamlaryň ýaşaýan Amerikanyň kenarlarynda, umuman başga şekilde aýdanyñda Gettolardan gaýtýar. Düýbi Amerikadan gaýtsada bilinen ilkinji repçi Italýaly Adriano Celentanonyň Prisencolinensinainciusol aýdymydyr. Rep sahnanyň ýada sesli suratkeşiñ ýüregindäki ähli sungat eseridir. "Rep"
sözi iñlisçeden terjime edilende "Wekil"
diýmäni añladýar.
Rep hip-hop stiliniň esasy elementlerinden biridir, şonuň üçin bu termin (esasanam gündelik gepleşiklerde) köplenç "hip-hop" sözüniň sinonimi hökmünde ulanylýar. Şeýle-de bolsa, rep diňe bir hip-hop sazynda däl, eýsem beýleki resanrlarda-da bar: köp deprekçi we bas aýdymçylary rep ulanýarlar; köplenç ýeterlik, esasanam ýokary meşhurlyk bilen baglanyşykly pop pop aýdym-sazynda pop repini emele getirýär; rok aýdym-sazynda ol rapcore, nu metal, alternatiw rok, alternatiw rep we käbir beýleki resanrlarda duş gelýär, mysal üçin gaty sazyň täze ugurlary. Estrada sazandalary we häzirki zaman R-n-B ýerine ýetirijileri hem öz kompozisiýalarynda köplenç rep ulanýarlar. Rep dilden aýdylýan poeziýadan tapawutlanýar, sebäbi rep, adatça aýdym-saz bilen ýerine ýetirilýär we şahyrana ululygyna däl-de, saz ritmine tabyn bolýar. Rep, adatça, DJ, öwrüm sanawy pleýer, beatboxer ýa-da kapellanyň ýanynda bolmazdan ýerine ýetirilýär

Siz haŷsy reperi halaŷaňyz?

26
232
myrataly_
12.08.2024 10:55
Mende bolyan yagday seylerak.

Giryan owrenmela ilki bilen göze ilŷän zat trend,meşhur postlar sonam s.m. Ozima dogrymy aytsam "duyn trend" bolan post bilen "sonky 1 hepde trend bolan post" bolumini artykmac goryan. Onson solara seretyan yzygiderlikde 1 agzan postlary dur koplenc icimden malades diyan,we teswirlere gecyan yagny mana yuzlenip yazylan teswirler barmykan diyip yok bolsa postlara girisyan. Bir yandan okap baryan onson okaman gecyanin kop sebabi surata seredeninden eyyam bilip bolyada nahili postdygy. Onson birden teswir yazyp baslayan pikirimi, son bolsa yazysym yaljak pozyan ugratmankam. Icimden nama geregay,hazir biri garsy cykar onsoň uzak gun son bn jedellesip oturarsyn diyan. Yone men bir zady bilip bilemok,men gorkakmy, men yaltamy seyle hereketi etmek bilen?
28
486
myrataly_
11.06.2024 12:13

Maýyplygyna garamazdan, durmuşda uly üstünlik gazanan 13 şahsyýet



11. Kristi Braun

Çagalygynda ysmaz bolan Kristi Braun diňe 5 ýaşyna ýetende çep aýagyny herekete getirmegi başarýar. Meşhur irlandiýaly ýazyjy we şahyr serebrak keselinden ejir çekip, öz hereketlerini we sözlerine gozegçilik edip bilmeýärdi. Lukmanlar oglanjygyň ýagdaýy barada ejesine duýduryp, biçäre ýagdaýda galandygyny düşündirse-de, ejesi dürli synanyşyklary etmegi dowam edýär. By synanyşyklar gowy netijeleri berip, ony dünýä ýüzüne meşhurlyga getirýär. Bu barada "Meniň çep aýagym" atly film dürli baýraklary eýeleýär.

12. Sudha Chandran

Meşhur hindi tansçysy 1981-nji ýylda awtoulag heläkçiligi sebäpli aýagyny ýitirýär, emma ol öz söýýan işinden ýüz öwürmeýär. Proteziň kömegi bilen professional tans etmegini dowam etdirýär.

13. Ester

Golandiýaly maýyp tennisçi 9 ýaşynda oňurga ýiliginde operasiýa edilende, aýak ysmaz betbagtçylygyna uçraýar. Ester ýedi gezek dünýä çempiony bolýar we dört gezek Olimpiýa oýunlarynda ýeiji olýar. Ömrüniň dowamynda onuň ýeňişlerini sany 240-a ýetýär. Onuň tutanýerliligi we aşa ussatlygy 2008-nji ýylda Laures Bütindünýä sprot akademiýasy tarapyndan "Maýyp in gowy türgen baýragyna getirýär.


Ine, maýyp we fiziki mümkinçilikleri pes bolan beýik şahsyýetleriň terjimehaly size durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmäge hem-de üstünliklere ýetmäge höwes döredendir diýip umyt edýäris. Hiç bir şowsuzlyklara we kynçylyklara seretmezden, diňe öňe tarap hereket ediň!

32
412
myrataly_
10.06.2024 19:27

Maýyplygyna garamazdan, durmuşda uly üstünlik gazanan 13 şahsyýet


5. Frida Kahlo

Meksikaly Frida Kahlo 6 ýaşynda poliomiýelite keseline ýolukýar. Ada adamlar ýaly ýaşamak we syýahat etmek islegi Frida Kahlony ýöremek ukybyna getirýär, emma ömrüniň dowamynda agyr agyrylar sebäpli köp wagtyny keselhanada geçirmäge mejbur bolýar. Muňa garamazdan, onuň köp sanly sungat eserleri dünýäniň birnäçe muzeýlerinde altyn hazyna hasaplanylýar. Frida Kahlo barada "Frida" filmi onuň kyn durmuşy barada surata düşürilýär.

6. Lýudwig Wan Bethowen

Bu beýik şahsyýetiň ykbal yoluna ynamak juda kyndyr. Orta gulagynyň çişmegi sebäpli, bu meşhur nemes kompozitory ýokary derejä ýeteninden sonra, eşidiş ukybyny ýitirýär. Emma bu bökdençlikler hem Bethoweni hakyky sungat eserlerini döretmäge böwet bolmaýar.

7. Migel De Serwantes

Beýik Ispaniýaly ýazyjy, has takyky, "Don Kihot" romanynyň awtory Migel de Serwantes Lepanto söweşinde agyr ýaralanyp, çep elini yitirýär. Bu oňa dünýä belli ýazyjy bolmaga we meşhur romanlary döretmäge päsgel bermeýär.

8. Winsent Wan Gog

Ajaýyp eserleri dür merjenlerine deňelýän Wan Gog häzirki zaman sungatyna uly goşant goşan ussat suratkeş hasaplanylýar. Bu beýik şahsyýet agyr depresiýadan ejir çekip, keselhanada bejergi alýar. Onun ömri gaty pajygaly ýagdaýda tamamlanýar.

9. Albert Einşteýn

Otnositellik teoriýasynyň awtory we Nobel baýragynyň eýesi Albert Einşteýn üç ýaşynda hat-da gürläp bilmeýärdi. Ol autizm we disleksiýa keselinden ejir çekýärdi.

10. Erik Weihenmaýer

Ýetginjeklik döwründe görejinden mahrum bolan Erik üstünli türgen bolmagy başardy. Onuň tutanýerli we batyrlygy Ewerest daglarynyň yokaryna galmaga kömek berdi. Mundan başga- da, dünýäniň iň beýik 7 dagyna dyrmaşmagy başaran Erik üstünlikli şahsyýet bolup, taryhda uly yz galdyrmagy başarýar.
21
98