ORTA MAŞGALA
Oraz Türkde uludan toý etdi, gelni bilen İstanbula hem-de Ankaradaky tanyş garyndaşlaryna aýlandylar. Türkleriň aýdyşy ýaly Bal aýyny(edil ballymy dälmi ol nägümana) geçirdiler. Yaş jübütler täze öýe göçen wagtlary hem öýlerinde myhman kem bolmady. Oraz içinden "Ohow bular bizi myhmançylyga çagyrmaly dälmaý? Gaýta tersine bize gelýärler, bolýa çemodan iýmelidir welin onam toýdaky hyzmat edenler iýse ýerine düşjek!" diýdi.
Oraza toýdan öň we soň köp adamlar maslahat berdi;
Tejendäki agasy Kerim;
"" İnim heleýi başdan çagany ýaşdan" diýilýändir. Ynha gelnejeňi görýäňmi? Menden rugsatsyz öýdenem çykyp bilmez. Aýlygynam öz eli bilenjik ejeme getirip berýär. Toýuň bergisini üýşüp üzmeli. Ha ýene bir zat gelniňi atasy öýi bilen kän gatnaşdyrma, olara gitmänkä ýuwaşja biri, öýe gaýdyp gelende bolsa Terminatora öwrülip gelýär" diýýär.
Angliýadaky aýal dogany Merjen bolsa;
-" Jigimjan özüňiz düşünşip ýaşasaňyz bolýar. Kän bir gelniňi gysyp saklajak bolma. Öz zandynda bolsa srawno etjegini eder. Bärde Yewropada erkekler üçin zapadlo zat ýok. Özleri naharam edýär,ütügem edýär, çaga-da seredýär. Gerek ýerinde senem kömek ediberginiň jigim, illeriň dilini saklap bolmaz. Obadaky garyndaşlar ýoldaşym Merede "Heleý guly" diýýärmişler, diýseler diýip geçsinler. Glawny zat biziň ile mätäç bolman normalnyja ýaşamagymyz, hä görüp bilmeýänlerem kändir arasynda” diýýär.
Konyada Türk gyza öýlenen daýysynyň ogly Gurbandurdy bolsa;
-" Ýegen tüweleme gutly bolsun, gaty begendim. Esasy zat gaýynlaryň bilen araňy sazla. Sebäbi olar näme diýse şol edilýändir. Sen näçe dyrjaşsaň dyrjaşaý olaryň sözünden seniňki pes gelýändir. Menin saňa berip biljek maslahatyma gaýynlaryňa özüňi ýigrendirme, özüň olary ýigrenseňem ýigrenjiňi bildirme” diýýär.
Entek öýlenmedik dostlary bolsa;
- "Eý dost näme üçin öýlendiňaýt? Ne gözel sallah durmuşyň bardy, islän wagtyň islän ýeriňe gidýäň, gelýäň goşulýanyň ýok. Aldyň başyňa belany, indi nirä gitjek bolsaň rugsat soramaly, geleniňden soň hasap bermeli. Sen ýakynda biziň bilen gatnaşygyňam kesersiň seret- de otur. Edil bizä entek entek öýlenjek däl. 30-35 dagy ýaşaly onsoň görüberýäs" diýýärler.
İndi Oraz bu aýdylan zatlaryň hemmesini kellesinde ölçäp kesmäge calyşýar. "Kimi diňlemeli? Bularyň haýsy has tejribeli? Men obadakylar ýaly maşgala durmuşy ýaşamalymy? Beýtjek bolsam näme üçin daşary ýurtda okadym? Ýa Ýewropalylar ýaly döwrebap maşgala modelini ýaşamalymy? Bäh ol hem bir hili çenden aşa rahatlyk? Ohow ýokmyka munuň orta bir ýoly?" ýaly pikirleri kellesinde aýlap otyrka gelni elinde bir çäýnek çaý bilen ýanyna geldi. İne şol wagt kellesindäki pikirleriň hemmesi zym zyýat boldy. Sebäbi özüne berlen maslahatlaryň hemmesiniň gelnine-de berilendigini aňdy. Ol hem pikir ummanyndan çykyp bilmän otyrka ýeke täk çözgüdiň ýoldaşy bilen bileje oturyp süýjije çaý içip ähli dertleri unutmakdygyna düşündi.
Siz gorkmaň ýaşlar, "Gorkana goşa görüner" diýleni ýa-da "Näme etmekden Hudaý saklasyn". Nesibäňizdäkini görübermeli. Size owadan ýagty gelejek garaşýar ahyry. Siz basgalaryň size aýdan zatlaryny däl-de öz araňyzdaky maslahatyňyzy diňläň. Belki size maslahat berýänler öz durmuşlaryna edip bilmedik ýa-da edip bilmejek zatlaryny size aýdýandyrlar....