Maýyplygyna garamazdan, durmuşda uly üstünlik gazanan 13 şahsyýet
11. Kristi Braun
Çagalygynda ysmaz bolan Kristi Braun diňe 5 ýaşyna ýetende çep aýagyny herekete getirmegi başarýar. Meşhur irlandiýaly ýazyjy we şahyr serebrak keselinden ejir çekip, öz hereketlerini we sözlerine gozegçilik edip bilmeýärdi. Lukmanlar oglanjygyň ýagdaýy barada ejesine duýduryp, biçäre ýagdaýda galandygyny düşündirse-de, ejesi dürli synanyşyklary etmegi dowam edýär. By synanyşyklar gowy netijeleri berip, ony dünýä ýüzüne meşhurlyga getirýär. Bu barada "Meniň çep aýagym" atly film dürli baýraklary eýeleýär.
12. Sudha Chandran
Meşhur hindi tansçysy 1981-nji ýylda awtoulag heläkçiligi sebäpli aýagyny ýitirýär, emma ol öz söýýan işinden ýüz öwürmeýär. Proteziň kömegi bilen professional tans etmegini dowam etdirýär.
13. Ester
Golandiýaly maýyp tennisçi 9 ýaşynda oňurga ýiliginde operasiýa edilende, aýak ysmaz betbagtçylygyna uçraýar. Ester ýedi gezek dünýä çempiony bolýar we dört gezek Olimpiýa oýunlarynda ýeiji olýar. Ömrüniň dowamynda onuň ýeňişlerini sany 240-a ýetýär. Onuň tutanýerliligi we aşa ussatlygy 2008-nji ýylda Laures Bütindünýä sprot akademiýasy tarapyndan "Maýyp in gowy türgen baýragyna getirýär.
Ine, maýyp we fiziki mümkinçilikleri pes bolan beýik şahsyýetleriň terjimehaly size durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmäge hem-de üstünliklere ýetmäge höwes döredendir diýip umyt edýäris. Hiç bir şowsuzlyklara we kynçylyklara seretmezden, diňe öňe tarap hereket ediň!