musulmankaaa
22.05.2024 16:22
SIÝER
Beýik Allatagala özüniň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny adamlara beýan etmek, düşündirmek, bu dünýäde we ahyretde bagtyýarlyga gowuşmaklygyň ýoluny görkezmek üçin ilkinji pygamber Adam Atadan (a.s.) başlap, ençeme pygamberleri iberipdir.

Muňa garamazdan, ynsanlar wagtyň geçmegi bilen, pygamberleriň görkezen ýolundan aýrylypdyr, Allanyň biribarlyk ynanjy unudylypdyr, hak we adalat ýatdan çykarylypdyr, jahyllyk, zulum we ahlaksyzlyk has giň gerim bilen ýaýrap başlapdyr, dünýäni garaňkylyk gaplap alypdyr.

Munuň netijesinde güýçlüler ejizlere ganym bolupdyrlar, hak-hukuklarynyň köpüsinden mahrum galdyrylan zenanalar adaty bir haryt mysaly alnyp satylypdyr. Ýüreklerden şypagat we merhemet diýilýän zat ýom-ýok boljak derejede aýrylypdyr welin, Arap ýarymadasynda gyz çagalaryň diriligine ýere gömülmegine çenli baryp ýetipdir, ýürekleri awadýan bu ýagdaýy togtadan, öňüne geçen adam tapylmandyr.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde-de ýagdaý öwerlik bolmandyr. Tanymal türk şahyry Mehmet Akyf özüniň bir şygrynda dünýäniň şol wagtky ýagdaýyny şeýle beýan edipdirdir:
“Syrtlanlary geçipdi adam ýyrtyjylykda, Dişsizmi bir adam, ony doganlary iýerdi.”

Ynsanlary düşen bu elhenç ýagdaýyndan halas etjek, olara bu dünýäde rahatlygyň we bagtyýarlygyň, ahyretde ebedi bagtlylygyň aýdyň ýoluny görkezjek bolan ahyrky pygamberiň gelmegine gaty uly mätäçlik çekilýärdi.
7
19
musulmankaaa
21.05.2024 05:19
SIYER
Pygamberimiz hezreti Muhammetdir (s.a.s.). Kakasynyň ady Abdylla, ejesiniň ady bolsa Eminedir. Hem kakasy hem-de ejesi tarapyndan arassa we abraýly bolan bir maşgala degişlidir. Asly gelip çykyşy hezreti Ybraýymyň nesline uzanýandyr.

Pygamberimiz hezreti Muhammet (s.a.s.) 571-nji ýylyň aprel aýynyň 20-nji gününe deň gelen “Rebiul-ewwel” aýynyň (Dörttirkeşikleriň birinji aýynyň) 12-nji güni, duşenbe gününiň gijesinde daň ýeri agaran çagynda Mekgede dünýä inýär.

Onuň doglan sabasy dünýäniň ýüzi tutuşlygyna nur bilen doldy. Kakasy Abdylla onuň doglan gününden iki aý öň ýogalandygy sebäpli, ýeke-täki perzendini gözi bilen görüp bilmedi. Hezreti Emine şeýle nur topy ýaly çagany dünýä inderen wagtynda babasy Abdylmuttalyp uly zyýapat berip, söýgili agtygyna Muhammet diýen ady dakdy.

· “Ata-babalarynda öň beýle at ýokdy, bu ady goýmaklygyňyzyň maksady näme?”- diýip soranlara:

· “Çakym çak bolsa, asmanda Hak, ýer ýüzünde-de halk ony öwjekdir”-diýip jogap berdi.

Pygamberimiziň doglan gijesi dünýäde adatdan daşary birnäçe wakalaryň emele gelendigi barada gürrüň edilýär. Şol gije Eýranda hökümdar köşgüniň (Kisra) on dört sany sütüni ýykylypdyr, Sawa diýlen köl gurapdyr, müň ýyldan ýanýan we otparazlaryň çokunýan otlary öz-özünden sönüpdir. Bu wakalar geljekde Eýran solatanatynyň ýykyljakdygynyň, Wizantiýa imperatorlygynyň çökjekdiginiň we otparazlaryň aradan aýryljakdygynyň alamatyna şaýatlyk edýän nyşanasydyr. Hakykatdanam şeýle hem bolandyr.
15
49
musulmankaaa
19.05.2024 14:43
😱Telefony PIN-KODdan aýyrmak üçin name etmeli🤔🙄
📱Telefon PINKOD dusende🙂 1 dostuñyñ telefonyna Playmarketden "Google Find my Device" diýen proggrammany ýükleýañiz, içine girýañiz soñ, iñ aşakdaky hata basýañyz, pinkoda düşen telefonyñ içindäky acc emailyny goýýanyz sonky sahypa geçýäñiz ol yere emailyñ parolyny goýýanyz soñ ileri diyeni basyanyz, soñky sahypa geçýäñiz cihazi bul diyeniñ aşagynda telefonlar bar solardan PINKODa düşen telefony tapip üstùnden basyañiz soñ iñ asakda cihazi sil diyeni basyañiz soñ PINKODa düşen telefon preşewka bolyp PINKODan aýrylýar👏👍😉✅✨
8
46
musulmankaaa
17.05.2024 17:38
Bilmedim, seni ykbal,
Haýsy nesibä adan,
Men sana ýeterinmi,
Hyýaldaky şazadam.

Gözleriň alar jany,
Meni saňa bagladar,
Ejiz galan ýüregmi,
Parhsyzlygyň agladar.

Ýok meň asla öýkäm ýok,
Seni söýýärin beter,
Razy, men söýmeseňem,
Özgä seretme ýeter. 🥹❤️
10
89