musulmankaaa
22.05.2024 16:22
SIÝER
Beýik Allatagala özüniň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny adamlara beýan etmek, düşündirmek, bu dünýäde we ahyretde bagtyýarlyga gowuşmaklygyň ýoluny görkezmek üçin ilkinji pygamber Adam Atadan (a.s.) başlap, ençeme pygamberleri iberipdir.

Muňa garamazdan, ynsanlar wagtyň geçmegi bilen, pygamberleriň görkezen ýolundan aýrylypdyr, Allanyň biribarlyk ynanjy unudylypdyr, hak we adalat ýatdan çykarylypdyr, jahyllyk, zulum we ahlaksyzlyk has giň gerim bilen ýaýrap başlapdyr, dünýäni garaňkylyk gaplap alypdyr.

Munuň netijesinde güýçlüler ejizlere ganym bolupdyrlar, hak-hukuklarynyň köpüsinden mahrum galdyrylan zenanalar adaty bir haryt mysaly alnyp satylypdyr. Ýüreklerden şypagat we merhemet diýilýän zat ýom-ýok boljak derejede aýrylypdyr welin, Arap ýarymadasynda gyz çagalaryň diriligine ýere gömülmegine çenli baryp ýetipdir, ýürekleri awadýan bu ýagdaýy togtadan, öňüne geçen adam tapylmandyr.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde-de ýagdaý öwerlik bolmandyr. Tanymal türk şahyry Mehmet Akyf özüniň bir şygrynda dünýäniň şol wagtky ýagdaýyny şeýle beýan edipdirdir:
“Syrtlanlary geçipdi adam ýyrtyjylykda, Dişsizmi bir adam, ony doganlary iýerdi.”

Ynsanlary düşen bu elhenç ýagdaýyndan halas etjek, olara bu dünýäde rahatlygyň we bagtyýarlygyň, ahyretde ebedi bagtlylygyň aýdyň ýoluny görkezjek bolan ahyrky pygamberiň gelmegine gaty uly mätäçlik çekilýärdi.
7
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.