SIYER
Pygamberimiz hezreti Muhammetdir (s.a.s.). Kakasynyň ady Abdylla, ejesiniň ady bolsa Eminedir. Hem kakasy hem-de ejesi tarapyndan arassa we abraýly bolan bir maşgala degişlidir. Asly gelip çykyşy hezreti Ybraýymyň nesline uzanýandyr.
Pygamberimiz hezreti Muhammet (s.a.s.) 571-nji ýylyň aprel aýynyň 20-nji gününe deň gelen “Rebiul-ewwel” aýynyň (Dörttirkeşikleriň birinji aýynyň) 12-nji güni, duşenbe gününiň gijesinde daň ýeri agaran çagynda Mekgede dünýä inýär.
Onuň doglan sabasy dünýäniň ýüzi tutuşlygyna nur bilen doldy. Kakasy Abdylla onuň doglan gününden iki aý öň ýogalandygy sebäpli, ýeke-täki perzendini gözi bilen görüp bilmedi. Hezreti Emine şeýle nur topy ýaly çagany dünýä inderen wagtynda babasy Abdylmuttalyp uly zyýapat berip, söýgili agtygyna Muhammet diýen ady dakdy.
· “Ata-babalarynda öň beýle at ýokdy, bu ady goýmaklygyňyzyň maksady näme?”- diýip soranlara:
· “Çakym çak bolsa, asmanda Hak, ýer ýüzünde-de halk ony öwjekdir”-diýip jogap berdi.
Pygamberimiziň doglan gijesi dünýäde adatdan daşary birnäçe wakalaryň emele gelendigi barada gürrüň edilýär. Şol gije Eýranda hökümdar köşgüniň (Kisra) on dört sany sütüni ýykylypdyr, Sawa diýlen köl gurapdyr, müň ýyldan ýanýan we otparazlaryň çokunýan otlary öz-özünden sönüpdir. Bu wakalar geljekde Eýran solatanatynyň ýykyljakdygynyň, Wizantiýa imperatorlygynyň çökjekdiginiň we otparazlaryň aradan aýryljakdygynyň alamatyna şaýatlyk edýän nyşanasydyr. Hakykatdanam şeýle hem bolandyr.