moonlight
11.10.2023 00:37

Öz ýanymdan «Sen, sen...» diýip ýörşüme,

Ahyr bir gün saňa «gark» bolaryn men..

25
68
moonlight
10.10.2023 10:51

Maña lezzet berýän sary ýapraklar,

Köçe syrýan daýzalara ezýetdi...

28
81
moonlight
09.10.2023 11:54

Salam öwrenmeliniñ agzalary. Köp adam telefonda wagt geçirýä, oýun oýnaýa, internede girýä. Gepiñ gysga ýeri, günümiziñ ýary telefon bilen geçýä diýen ýaly.. käbir adamlar telde oýnalýan oýunlardan kösenýä, ýürekleri gysanda oýnamana gyzykly zat tapanok. Siziñ telde oýnaýan oýnuñyz barmy we ol haýsy oýun? gyzyklyja oýunlar hem maslahat berseñiz bolardy..

22
205
moonlight
08.10.2023 15:52

)Meşhur aktýor Jeki Çan şu wagta çenli oýnan kinolarynda realno 3000den gowrak şikes alandyr.


)Bethowen sanlary köpeldip, bölüp bilmändir.


)Alkogol täsir astynda beýni hakykaty has añsat emele getirýär.


)Tüýkülik bezleri günde 1.5 litr tüýkülik öndürýär.


)Gözlerñizi goñur reñkde gök reñke hemişelik öwürmäge niýetlenen lazer prosedurasy bar.


)Akyl ýagdaýy sebäpli itler aglap bilerler.


)Dünýäniñ iñ beýik binasy bolan Burj Khalifa binasynda 3minutlyk reklama bahasy 65000$. Dynç alyş günlerinde bolsa bu baha 95000$ çenli ýetýär.


)Taryhda iñ uzak dowam eden koma 37 ýyl.


)Adamyñ burny 50000e çenli ysy tapawutlandyryp bilýär.


)Atlar 1 aýlap aýak üstünde gezip bilýändir.


)Golden Gate köprüsi dünýäde köp adam özüne kast edýän ýeridir.

47
375
moonlight
08.10.2023 15:48

Aýdym bolup düşerin men ýadyña

Şonda meni aýdyp bilmän aglarsyñ..

23
63
moonlight
06.10.2023 16:26

Ýatlamalar bizi yza, arzuwlarmyz bolsa öñe alyp gidýär..

26
56
moonlight
06.10.2023 00:08

Sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym?

Bagtymmy?

Gaýgymmy?

Ony kim bilýär.

Seslen sen,

seslen sen,

eý meniñ söýgüm,

Saña oñat sözler aýdasym gelýär..

18
40
moonlight
05.10.2023 13:28

Güýz..

22
59
moonlight
04.10.2023 20:38

Aşyklar duşmasa biri-birine,

Bir deňze guýmasa ol goşa derýa,

Ähli umyt siňer ýeriň şoruna,

Ähli geljek göni geçmişe barýa.


Men seni soraglap gezýän dünýäni,

Seni tapjak bolýan şamu-säherden.

Bu gün bu şäherden otla münýärin

Taparyn diýp başga oňat şäherden.


Sorag belgisi deý, garaňky gökde,

Egri aý soragly bakýar gözlerme,

Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda,

Uzaklygy çalym edýär gözlerňe.


Ýürekler almasa söýgüden paýy,

Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.



G.Ezizow

22
42
moonlight
04.10.2023 09:42

Maña sensiz kyn ezizim bilýäñmi?

Duýýañmy dönenmi ganatsyz guşa?

Barha undup çynym bilen gülmäni,

Ýazym ornun berdi aýazly gyşa.


Parhy ýitdi geçýän sagadyñ, ömrüñ

Şonsuzam kalbymyñ ýetigä derdi..

Ýañy söýüläýjek, söýäýjek döwrüm,

Ykbal aýralygyñ gussasyn berdi.


Ýalançynyñ agyr ýükün ýüklenip,

Öwrendimem aglandan soñ diñmäni.

Şum ykbala garşy durdym diklenip,

Ýöne sensiz kyn ezizim bilýäñmi?!


Ýoklugyñda ýaşap ýörün elbetde

Ýylgyrýaryn, gussa batma deregem.

Ýöne, mahal-mahal gursagma sygman,

Seni sorap azar berýär ýüregim.


Ejizläýýän eken söýgüsiz ynsan

Galamym eýerdi nalyş perýadym.

Saklamadyk bolsak yşgymyz pynhan,

Wah, näler goşardym şygryma adyñ.


Üns bermäli ýalançynyñ oýnuna

İkimizem ýüregmizi diñläli,

Girip bilmen senden özgäñ goýnuna

Maña sensiz kyn ezizim bilýäñmi?!


Gülnäz Nurekowa

18
39