moonlight
27.01.2023 17:55
1.Dunyade in kop alkogolly icgileri icyan yurt- Moldawiýa.

2.Gundogar Afrikanyn yerli ilaty banandan piwo yasayarlar.

3.Dunyade in kop dus gelyan a:t Muhammad.

4.Kebelekler ayagynyn komegi bilen tagam duyyar.

5.Adamyn bedeninin duzuminde, bir sany itdaki bureleri oldurmek ucin yeterli altyn kukurt bar.

6.Adamyn bedeninde 7 sany sabyn yasamak ucin yeterli yag bar.

7.İcq programmasyny doreden adam- Yossi Vardi.

8."Peaky Blinders" kinosynyn basroly Cillian Murphy (Thomas Shelby) aslynda cyn durmusda cilim cekenok. Ol kinoda hem peydaly otlardan yasalan yasama cilim cekyandir.

9.İnlis dilinden terjime edilen duys gormek diymegi anladyan "dreamt" diyen sozi dunyade yeketak, ahyry (mt) harpy bilen gutaryan sozdur.

10.İnlis dilinde dineje bir sozun harplary gaytalanman yazylyar, ol soz bolsa "Uncopyrightable".

11.Onler musulman dowletlerde zenanlara berilyan in gowy sowgat "Aýna"-dy, sebabi zenana "sana senden owadan basga bir zat tapmadym" diymegi anladyan ekeni.

12.İn kan ulanylyan sosial programma bolan İnstagram ilki gurulanda ady "Codename"-dy. Sonra gurujysy Kevin tarapyndan ady "İnstagram" diylip uytgedildi.

13.İmo: Aslynda bul Londanda 1943ýylda adamlar tarapyndan firma gurulya. Son 1982ýyla cenli imo ady bilen dowam edyar.Son firmadakylar imo programmany oylap tapyar. İmo azyndan 200mln adamdan kop adam girya we 50mln adama sms baryar.

14. Demirgazyk Kareyadaky in gizlin ýygnaklaryn gecirilyan yeri 39-njy otag bu hickimin girmeli dal yeridir. Eger bu yere girseniz dine ozuniz dal, eysem masgalanyz hem oldurulyandir. Bu yerde kabir aydylanlara gora Las-Vegasdaky kumar aparatlarynyn hem bilmejek yasama dollaryn formulasynyn bardygyny aytyarlar.
24
245
moonlight
25.01.2023 23:11
Bir gun gurbagalar yarys gurupdyrlar. Olar bir beyik belentlige cykmak ucin birnace gurbagalar bilen yarysda bokusip, tomasacylaram cagyrypdyrlar. Tomasacylar bularyn ustunden gulipdirler. Gurbagalar bolsa bökyalar... bökyaler.. yone yene yere gacyalar. Kabirleri bolsa onkusindenem has belende bökip baslayalar. Tomasacylar bolsa bularyn is onarmajagyny bilip, olaryn ustunden gulip durupdyrlar. Gurbagalar tomasacylaryn gulkilerinden ruhy peselip, onkidenem pese böküp baslayalar. Dine icinden biri in depä bökyar. Seydibem yeniji bolyar. Hemme onun ustunliginin sebabini bilmek islande, icinden biri "Ol gurbaga ker eken" diyyar.


Eger-de siz ustunlik gazanmak isleseniz, daş toweregi dinlemejek bolun.
11
41
moonlight
23.01.2023 19:54
Sen, gülim meñ üçin täsin bir dünýä
Ony täsin edýän syrly duýgudyr
Söýgi diýmek şol duýgunyñ manysyn
Düşüdirmek kyn bolanda söýgüdir

Şonuñ üçin seni döreden bolsam
Hyýalymda, arzuwymda sünnäläp
Gijeler hesretden syýa dönerdim
Ýazardym hesretden gije-gündüzläp.


G.Ezizow
11
56
moonlight
22.01.2023 00:56
Saña duşup, dünýä bilen alyşdym
Saña duşup, gorkýan boldum ölümden
Gijeleri gündiz bilen çalyşdym,
Şondan başga zat gelmedi elimden.

Sag gulakdan girdi serime adyñ
Çep gulakdan çykyp gitdi huş, onsoñ
Ýitdi ýörär ýolum.
Gowam bolaýdy!
Çünki uçýan boldum saña duşamsoñ

Bilmen, ozal niçik ýetdi takadym?
Gelen çagyñ many tapdy demlerim
Goşarymda pytrap gitdi sagadym,
Dessemi ýok indi dähedemleriñ.

Geldiñ-süññüm öñkiligne ýetirdiñ
Çep gursagym halas boldy yzadan
Saña, duşup öñküligimi ýitirdim,
Şükür, indi bolup barýan düz adam.

Saña duşup, boldum baky diri men
Näçe menzil bolsa ýetiler indem!
Ýöne welin gorkýan, kimdir biriniñ
Öñki meni tapyp getirerinden.

Mukam Muhamow
14
49
moonlight
21.01.2023 00:36
Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende öýüň içi çalam-çaşdy. Saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde, halynyň üstündäki hapa aýak yzlar henizem syrylman eken, ýorgan-düşek galdyrylman dur, gijelikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýyn däldi.

Gany depesine uran adam öýüň içinde ters öwrülip aýalyny gözledi. Aýaly bolsa, balkonda bir oturgyja jaýlaşykly ornaşypdyr-da, kitap okap otyran eken. Ýarym gaharly, ýarym aladaly äheňde ondan:

– Bu gün saňa ne döw çaldy? – diýip sorady.

Aýaly perwaýyna-da däl ýaly, oňa tarap çala gözüni aýlap:

– Hiç, jan ýoldaşym! – diýdi, “Her gün agşam gelip: “Uzakly gün öýde näme edýän zadyň bar?!” diýip, soraýardyň-a. Ine, bu günem şonuň üçin hiç zat etmedim. Öýde nämeler edýändigimi göreriň ýaly”.

(Ýazyjy näbelli)
21
88
moonlight
17.01.2023 13:58
Könе döwürlеrdе biri: «Maryda nany ýatyp iýýälеr» diýip eşidipdir. Onsoň ol Ahaldan Mara baryp, ol ýerdе uly bir baýa talaban durupdyr. Baýyň nökеrlеri ýaňkyny birinji gündеn başlap, daňyň düýbi çyzylyp-çyzylmanka, ony siltrläp oýarypdyrlar: «Tur-how! Tur, hany, il eýýäm aýak üstündе, sеnеm, dişiň kirini aç-da, işе başla!» Ol gözüni açalak-ýumalak edip, aýak üstünе galypdyr. Şol gün ony tä ýassyna çеnli işlеdipdirlеr. Oňa dеm salym bilini ýazmaga-da maý bеrmändirlеr. Günüň güni daň atandan Gün batýança dеpеsindеn gum sowrup işlänsoň, ýaňky talaban agşamyna gеlip, çaý-çörеk iýjеk bolanda tеý dik oturyp iýmägе ýaranok diýýä. Bilinе urlan ýylan ýaly eplеnip ýatsa nädеrsiň! Onsoň ol ýatan ýerindе bir döwüm çörеgi zordan çеýnеýärmiş, soňam çеýnänjеsini ýuwudyp bilmän, agzy çörеkli uklap galýar diýýä... Şol onsoň aýdanmyş: «Bä-äý, Maryda nany ýatyp iýýälеr sözi-hä mundan gеlip çykd-ow!..» diýip.
15
131
moonlight
16.01.2023 13:29
Günlerde bir gün danalaryň birinden «Söýgi diýlen zady, hakykatdanam, kalbynda duýup ýaşaýan adam bilen ony kiçi dilinden aňryk geçirip bilmeýäniň arasynda nähili tapawut bar?» diýip sorapdyrlar.

Dana: «Şony häzir size görkezeýin» diýipdir-de, söýgini kalbynda duýup bilmeýänleri nahara çagyrypdyr. Myhmanlar saçagyň başyna geçip oturanlaryndan soňra, nahar çekilipdir. Yzyndanam her kime bir gulaçdan uzyn bolmasa, kelte bolmadyk çemçe uzadylypdyr. Dana myhmanlara nahary diňe çemçäniň ujundan tutup iýmelidigini aýdypdyr.

Myhmanlar öňlerine goýlan nahary uzyn çemçeleriň ujyndan tutup iýmäge synanyşypdyrlar. Emma çemçe juda uzyn bolansoň, olar tabakdan alýan naharlaryny agyzlaryna ýetirip bilmän, dökän-saçan edipdirler. Şeýdibem, hemmesi aç turup gaýtmaly bolupdyrlar.

Onsoň, dana: «Indi bolsa, söýginiň nämedigine düşünýän adamlary çagyralyň» diýipdir. Şeýlelikde, ýüzleri nurana, gözleri mähirden bulduraýan birnäçe adam içerik giripdir. Olara-da edil ýaňkylara bolşy ýaly nahar çekilipdir, uzyn çemçeleriň ujundan tutup nahar iýmeklik buýrulypdyr. «Noş bolsun» diýlensoň, her kim çemçesi bilen nahary susup alypdyr-da, gabadyndaky oturana uzadypdyr. Olar şeýdip, biri-biriniň gabadynda oturana nahar iýdirip, garnyny doýrupdyrlar. Soňunda-da töwir galdyryp, saçakdan turupdyrlar.

Şonda dana ýanyndakylara şeýle diýipdir:
«Ine, kimde-kim bu dünýäde özünden başga adam görmän, diňe özüni alada edip ýaşasa, ol hökman aç galar. Eger kimde-kim özgäniň garnyny doýurmalydygyny bilip ýaşasa, ony hem hökman biri gelip doýrar. Dünýä bazarynda elmydama alan däl-de, berýän utýandyr».
17
104
moonlight
11.01.2023 01:03
Salam hemma.Status diyyanizmi (adynam bilemok) bir zat aljak bolup jan edyaniza sol zat nama peyda edyar hormatly agzalar?(dusunmanson sorayan)
17
105
moonlight
09.01.2023 10:50
Mawy gozlem su asmanyn asygy
Son renkinden akyl-husum gocendir
Belki martda sallancakda yatyrkam
Gokden daman iki mawy damjajyk
Gelip menin gozlerime gacandyr

G. Ezizow
19
55
moonlight
14.11.2022 07:09
Adamyň beýnisi bolmajak ýa-da ýok zady öýlap tapyp bilenok. Bu diýmek nämäni aňladýar; Adamyň kellesine gelip biljek islendik fantaziýa, ýa-da hyýal, öňde soňda hökman hakykata öwrülýär. Belki geçmişde bolandyr, belki gelejekde bolar? A megerem biziň wagtymyzda bir ýerlerde bolup duran bolmagy hem mümkin?

Üç guýy obasy, Jeren atly 15 ýaşly gyz. Ol gyzyň göwnüne Nazar atly oglan ýaraýar, Aman sandykçyň iň uly ogly. Ol 18 ýaşynda, Jereniň gözi bilen seretseň obaň iň owadan oglany. Eýsem ol oglan Jerene gerekmi? Hökman gerek, diňe şol oglanyň üsti bilen Jeren öz ýüreginde dörän boşlygy dolduryp biler. Ýürekde boşluk nirden döreýär eýsem? Nirden döresede bir günde döränok, ýuwaş ýuwaşdan döreýär. Ýuwaş ýuwaşdan sen düşünýäň, sen başga adamlardan bir ädim yzda. Ýuwaş ýuwaşdan seň ejeň ýaramaz ada eýe bolýar we sen oň kölegesinde galýaň. Ýuwaş ýuwaşdan, bar zat ýuwaş ýuwaşdan.
Kakasy aýrylanda Jeren 8 ýaşyndady, oň näme üçin aýrylanyny hiç kim bilenokdy. Ejesi hem gyzyna hiç zat düşündirmedi, bar aýdan zady "seň kakaň bizi taşlap gitdi". Şoň üçin Jereniň ýüreginde azajyk öýke-kine galan ýaly boldy, hamala kakasy dogrudanam öz islegi boýunça ony we oň ejesini taşlap giden ýaly. Kakasynyň yzynda galan emlägini, näme üçindir ejeli gyz örän çalt gutardylar, kaka diri wagty olar nämäň nirden gelip nirä gidýäni bilen işleri ýokdy, ýöne kaka taşlap gitdem welin bar zat öňküsinden iki esse çaltlykda tamamlanýan ýaly boldy, ony hiç zada düşünmeýän Jereniň ejesem aňdy. Kakasynyň taşlap gidenini eşiden möjek sürüleri olaryň mallaryny iki esse çaltlykda talap başladylar. Näme üçindir öz ajalna ölýän mallaram köpeldi. Hatda ýaz wagty guýynlar we geçiler hem öňküsinden az guzladylar, owlakladylar. Şeýdip bir ýyla galman dul heleýiň maly pytrady. Yz ýanyndan bolsa garyplyk başlady, oň nämedigni bolsa Jeren uzagyndan gowy bildi.

Köp kösenen adam özini ykbaldan algyly hasaplaýar, ýöne ykbalyň hiç kime bergisi ýok. Muny 15 ýaşly gyz nirden bilsin? Jereniň hem ykbaldan algysy bardy, soňky 5-6 ýyl bäri gelýän kösençlikleň öwezini bir zat hökman dolaýmalydy. Ol hem Nazar atly oglan bolmalydy, obaň iň owadan oglany. Oba kän bir uly däl, bary ýogy 150-200 öýli, adamlar bir birini tanaýarlar. Ýaş gyzlaryň baryny ýekän ýekän tutup, obada haýsy oglan iň owadan diýip sorasaň, olaryň köpisi Nazar diýip jogap berjekdi. Jeren hem şol oglany isledi, ýöne ony gowy görýäni üçin, ýa-da söýýäni üçin däl-de, ol obaň başga gyzlaryna ýaraýany üçindi. Nazar obaň bar gyzlarynyň içinden diňe Jereni saýlaýar, diýmek gyzda bir zat bar, ol görünşi ýaly ýönekeý däl. Ine Jereniň öz salgysyna eşidesi gelýän sözleri. Ýöne ol arzuwlar ýaz düýşleri ýaly hakykatdan gaty daşdy. Ýöne Gürleýän guýyda Zümerret atly näbelli biriniň peýda bolmagy bar zady üýtgetdi.

Gyz öz küýzesini alansoň köp wagyt geçdi, bolan waka ýarym düýş ýaly duýulyp göründi. Jeren bolan zady içinde saklap bilmän öz jorasyna aýdyp bermäge synanşdy, ýöne jorasy gorkdy we wakany doly diňläsi gelmedi. Jeren wakany kimdir birine aýdyp berme höwesini ýitirdi. Ol her gezek gürleýän guýyň ýanyna baranda Zümerret ýadyna düşdi. Oň sypatyny göz öňüne getirjek boldy, ýöne näme üçindir Ýaşyl daşdan ýasalan dik duran, kuwatly oglan göz öňüne geldi. Ol özüne owadan diýipdi, ol Nazardan owadanmyka, —diýip Jeren kä mahallar oýlanýady. Günleriň bir güni agşam-ara Jereniň ýoly guýa tarap düşdi. Ol giçlik suw almaga gidenokdy, ýöne şu gezek gitmeli boldy....

Dowamy bar..
13
165